(Tirmizi, Ahmet Ibni Hanbel «Müsnet»)

«Eý, Aly! Üç zady gijikdirme: wagty gelende namaz okamagy, taýýar bolanda ýogalany depin etmegi, deňini tapan wagtyň gyz maşgalany durmuşa çykarmagy»

Mekruh wagtlar

Namaz okamagyň mekruh wagty ikidir. Fykyh kitaplarynda mekruh wagtlara kerahat wagtlary hem diýilýär.

1. Farz, nafile, islendik namazy okamagyň mekruh wagty
Ukbe b. Amir el-Jüheniniň gürrüň beren hadysynda bu wagtyň üçdügi bellenlilýär:
«Şu üç wagtda, Resuly Ekrem (s.a.w.) bize namaz okamagymyzy we ölülerimizi depin etmegimizi gadagan etdi: Gün dogandan, tä (naýza boýy) ýokaryk göterilýänçä, Gün dik depeden zewal wagtyna çenli hem-de Gün batmaga meýl eden wagty», (Müslim, Ebu Dawud, Tirmizi). Ýagny, hadysda görkezilen wagtlar şulardyr:
a) Gün dogandan soň 45-50 minut aralygy mekruh wagtdyr.
b) Istiwa wagty bilen zewal wagtynyň aralygy, ýagny, Günüň dik depeden günbatara tarap aşaklap başlaýança wagt aralygydyr.
ç) Ikindiden soň Günüň şöhlesiniň göz gamaşdyrmaýan (ysfyrar) wagtyndan batýan wagtyna çenli aralykdyr. Diýmek, ikindi namazy gaty gijikdirilmän, kerahat wagtyna galdyrylman okalmalydyr. Eger ikindi namazy kerahat wagtyna çenli gijikdirilse, namaz kaza goýulmaýar, sünneti terk edilip, diňe farzy okalýar. Hatda Gün ýaşmazyndan ozal iftitah tekbiri alnyp, ikindiniň farzyna durulsa, namaz okalyp durka-da Gün ýaşsa, şonda-da namaz sahyh bolar. Bu diňe ikindi namazyna mahsus bir ýagdaýdyr.
Bu üç wagtyň kerahat wagty bolmagynyň hikmeti, otparazlaryň ybadat wagty bolanlygyndandyr. Bu üç wagtda salawat getirmek, doga we tesbih etmek Kuran okamakdan hem has fazyletlidir.
Mekruh bolan wagtda sejde aýaty okalsa, şol wagtda sejde etmek bolýar, emma bu sejdäni kerahat wagtyndan soňa goýmak has fazyletlidir. Ýogalan adam kerahat wagtlarynyň birinde taýýar bolsa, jynaza namazy okalyp bilinýär. Hatda bu namazy gijikdirmän, derrew okamak has fazyletlidir. Çünki, Pygamberimiz (s.a.w.) bir hadysynda şeýle aýdýar:
«Eý, Aly! Üç zady gijikdirme: wagty gelende namaz okamagy, taýýar bolanda ýogalany depin etmegi, deňini tapan wagtyň gyz maşgalany durmuşa çykarmagy», (Tirmizi, Ahmet Ibni Hanbel «Müsnet»).

2. Diňe nafile (nepil) namazyny okamagyň mekruh wagtlary
a) Imsakdan (fejri sadyk) başlap, ertir namazyny kylmazdan öň nafile namazyny okamak mekruhdyr. Bu wagt aralygynda diňe ertir namazynyň sünneti okalýar.
b) Ertir namazynyň farzyny okanyňdan soň, Gün dogýança aralykda nafile namazy okalmaýar. Hatda farzdan soň ertiriň sünnetini hem okamak bolmaýar.
ç) Ikindiniň farzyndan soň,
d) Agşamyň farzyndan öň,
e) juma we baýram namazlarynyň hutbeleri okalyp durka,
ä) juma namazy üçin kamat getirilip durka-da, nafile namazy okalmaýar.
f) Baýram namazyndan öň öýde-de, mesjitde-de nafile namazyny okamak mekruhdyr, emma Baýram namazyndan soň, öýde okamak bolýar.
g) Jemagat farz namazyny okap durka, nafile okamak mekruhdyr, emma jemagata ýetişer ýaly maý bar bolsa, ertir namazynyň sünnetini okamak bolýar. Çünki, ertir namazynyň sünneti kuwwatly sünnet bolup, Pygamberimiz ony hemişe okar eken. Hezreti Aişäniň aýtmagyna görä: «Hezreti Pygamber ertir namazynyň iki rekegat sünnetine üns berşi ýaly, beýleki nafile namazlara beýle üns görkezmändir», (Buhary, Müslim, Ebu Dawud). Ertir namazynyň sünneti bilen baglanyşykly Pygamberimiz şeýle buýurýar:
«Ertir namazynyň iki rekegat sünneti dünýäden we dünýädäki her bir zatdan has haýyrlydyr» (Müslim, Tirmizi).

Mustahap wagtlar

Namaz okamagyň has fazyletli we sogaply saýylýan wagtlaryna «mustahap wagtlar» diýilýär. Pygamberimiz käbir namazlary möwsüm, pasyl, yklym ýaly dürli ýagdaýlary nazarda tutup, wagt gireni bilen okalmagyňdan gijikdirilmegini has fazyletli saýypdyr.
Jemagat bolmak ýaly, mustahap wagtlarda namaz okamak hem diňe erkeklere mahsus bir fazyletdir. Aýallara mustahap bolany namazlaryny öýlerinde, erkek kişiler mesjitde okanlaryndan soň okamaklarydyr. Emma ertir namazyny erkek kişileriň jemagat bolup okamaklaryna garaşman, ir okap bilerler.

Ertir namazynyň mustahap wagty
Ertir namazyny töwerek agarýança garaşyp, soň okamak mustahapdyr. Muňa ysfar diýilýär. Ysfaryň ölçegi şeýledir. Namaz okap duran kişiniň tahareti bozulaýan ýagdaýynda-da täzeden taharet kylyp, namazyny Gün dogýança arkaýyn okap ýetişer ýaly wagtyň bolmagydyr. Ýagny, Günüň dogmagyna 15-20 minut galmalydyr. Pygamberimiz şeýle buýurýar:
«Ertiri agardyň, çünki, munuň sogaby has uludyr». Ertir namazyny gijikdirip okamak, jemagatyň has köp ýygnanmagyna sebäpdir.
Başga bir hadysy şerifde:
«Ertir namazyny okanyňdan soň, namazlygyň üstünde Günüň dogmagyna (tesbih, zikir bilen) garaşan, dört ýesiri azat eden ýaly sogap gazanar» diýilýär.
Hanefi mezhebinde saparda bolsaň-bolmasaň, tomus-u-gyş, ýeke ýa-da jemagat bilen..., ýagny, hemişe ertir namazyny isfar etmek mustahapdyr.
Şafygylar bolsa, ertir namazyny gijikdirmän, heniz töwerek agarmanka okamagy has fazyletli saýýarlar. Muňa taglif diýilýär. Hanefiler taglifi diňe hajylaryň müzdelifede bolan wagtlary hem-de Gurban baýramynyň ilkinji gününiň ertir namazynda mustahap görýärler.

Öýle namazynyň mustahap wagty
Tomus aýlary öýle namazyny gijiräk, biraz salkynda okamak mustahapdyr. Beýleki pasyllarda bolsa, öýläni wagtyň başynda okamak mustahapdyr. Enesiň (r.a.) gürrüň bermegine görä: «Pygamberimiz gaty sowuk wagtynda öýle namazyny wagty gireni bilen okamaga howlugardy, tomsuna bolsa salkyn düşýänçä gijikdirerdi», (Buhary, Nesaýy).

Ikindi namazynyň mustahap wagty
Ikindi namazyny tomus-gyş, hemişe gijikdirmek mustahapdyr. Ikindi namazyndan soň, nafile namazyny okamak mekruhdygy üçin farzy gijikdirmek bilen ikindiden öň nafile namazyny okamaga mümkinçilik döredilendir, (Ibnül Hümam, «Fethül Kadyr»).

Agşam namazynyň mustahap wagty
Agşam namazyny hemişe wagty girende okamaga howlukmak mustahapdyr. Azan bilen kamat arasynda diňe üç aýat okar ýaly, ýa-da sähel oturyp garaşylýar. Çünki, agşam namazyny gijikdirmek mekruhdyr. Munda ýahudylara meňzemek bardyr. Emma hassalyk, ýolagçylyk ýa-da naharyň taýýar bolmagy ýaly sebäpler bilen gijikdirmek jaýyzdyr. Agşam namazynyň wagty barada Pygamberimiz şeýle aýdýar:
«Ymmatym agşam namazyny ýyldyzlaryň köpelen wagtyna çenli gijikdirmese, haýyr ýolundadyr».

Ýassy namazynyň mustahap wagty
Ýassy namazyny gijäniň ilkinji üçden birine ýa-da ýarysyna çenli gijikdirmek mustahapdyr. Howa bulutly bolan ýagdaýynda derrew okamak mendupdyr. Ýassynyň gijikdirilmegi bilen baglanyşykly Pygam-berimiziň birnäçe hadysy bardyr. Olardan birinde:
«Eger ymmatyma muşakgat bolmasa, ýassy namazyny gijäniň üçden birine çenli gijikdirmeklerini emr ederdim» diýipdir, (Tirmizi, Ibnül Humam, «Fethül Kadyr»).
Ýassyny gijikdirmek gyş gijelerine mahsusdyr. Çünki, gyş gijeleri uzyndyr. Tomsuna bolsa gijeler gysga bolany üçin, ýassyny giren wagtynda okamak mustahapdyr.
Ýassyny gijäniň ýarysyndan soňa goýmak mekruhdyr. Pygamber Serwerimiz ýassyny gijikdirmegi gowy görer eken. Emma oýanyp bilmän namazy geçirmek howpy sebäpli, ýassyny okaman uklamagy halamandyr. Ýassyny okandan soň bolsa, dünýewi gürrüň we söhbet etmez eken. Munuň hikmeti – mü’minleriň amal depderleriniň ybadat bilen ýapylyp, şol günüň gowy netije we haýyr bilen tamamlanmagy üçindir. Emma namazdan soň, zikir we ewrad hem-de dini söhbetler etmek bolýar. Bular hadysyň gadagan edenlerine girmeýär.

Witir namazynyň mustahap wagtlary
Witir namazyny gije oýanyp biljekdigine ynamy bolanlar üçin, gijäniň soňuna çenli gijikdirmek mustahapdyr. Pygamber Serwerimiz bu barada şeýle buýurýar:
«Gijäniň soňunda oýanyp biljegine ynamy bolmadyklar, witir namazyny gijä goýman okasyn. Oýanjagyna ynamy bolan adam witiri gijäniň soňunda okasyn. Çünki, gije namazynyň okalýan wagty, hem gijäniň, hem gündiziň melekleriniň bolýan wagtydyr. Beýle etmek has fazyletlidir», (Müslim, Ibni Maje, Ahmet b. Hanbel).
Mälikilere görä, bäş wagt namazyň ählisini wagt giren badyna okamak fazyletlidir.
Şafygylara görä, öýle namazyny salkyn düşýänçä gijikdirmek, beýleki namazlary bolsa wagty giren badyna okamak sünnetdir.
Hanbelilere görä, ýassy namazyndan başga namazlary wagty giren badyna okamak has fazyletlidir. Emma yssyda öýle, bulutly gün agşam namazy gijikdirilýär. Ýassy namazyny gijäniň üçden birine ýa-da ýarysyna çenli gijikdirmek has fazyletlidir, (Ibni Abidin, «Reddül Muhtar»).