Namaz süreleri
Namazda Fatiha süresinden soň okalyp boljak gysga süreler:
Asr Süresi
Wel-asr. Innel insäne lä fi husr. Illelleziýne ämenu we amilus-salihati we tewasaw bil hakky we tewasaw bis-sabr.
Manysy:
Asra (wagta) kasam bolsun!
Takyk, ynsan zyýanyň içindedir.
Meger iman getirip, ýagşy işleri edýänler, biri-birlerine hakykaty we sabyrly bolmagy ündeýänler (zyýanyň içinde däldirler).
Fil (Pil) Süresi
Elem tera keýfe fe'ale rabbüke bi-ashabil-fiýl. Elem ýej'al keýdehüm fiý tadliýl. We ersele aleýhim taýran ebabil. Termihim bi-hijaratin min sijjil. Feje'alehüm ke'asfin me'kül.
Manysy:
Eýsem sen Perwerdigäriň (piller bilen gelen) pil eýelerine näme edendigini görmediňmi?
Eýsem (Alla) olaryň hile-pirimlerini puja çykarmadymy?
(Alla) olaryň üstüne (süri-süri halda) ebabyl guşlaryny iberdi.
Ol guşlar olaryň üstüne bişen toýundan ýasalan daş zyňýardylar.
Şeýdip, (Alla) olary çeýnelip taşlanan ekin (ýapragyna) öwürdi.
Kuraýş Süresi
Li-iläfi Kuraýş. Ilafihim rihleteşşitäi wessaýf. Felýä'büdu rabbe häzel-beýt. Elleziý et'amehüm min ju'in we ämenehüm min hawf.
Manysy:
Kuraýşlylar özleriniň ülpet bolup jebisleşendikleri, özlerine gyşda we tomusda sapar etmegiň aňsat edilip goýlandygy, özlerini açlykdan doýrandygy we gorky-howpdan asuda edendigi üçin bu öýüň (Käbäniň) Perwerdigärine ybadat etsinler!
Mägun Süresi
Era’eýtelleziý ýükezzibü biddin. Fezälikelleziý, yedu’ulyetim. Welä yehüddü alä ta’amilmiskin. Feweýlün lilmüsalliýn. Elleziýnehüm an salätihim sahun. Elleziýne hüm ýüraune. we ýemne’unelma’un.
Manysy:
Sen dini (kyýamaty) inkär edýäni gördüňmi?
Ol ýetimi kowup goýberýän (adamdyr).
Ol garyba (misgine) tagam bermegi halamaz.
Okan namazlaryndan özleri gapyl bolanlaryň (namazy wagtynda okamaýanlaryň) waý hallaryna!
Olar (edýän işlerini) göz üçin edip, haýyr işlere hem päsgel bolýanlardyr.
Köwser Süresi
Innä a’taýnäkel kewser. Fesalli lirabbike wenhar. Inne şänieke hüwel’ebter.
Manysy:
(Eý, Muhammet!) Takyk, Biz saňa Köwser (howzuny) berdik!
Indi sen Perwerdigäriň üçin namaz oka (ybadat et) we gurbanlyk çal!
Saňa (soňy kesik diýip, duşmançylyk edýänleriň) özleriniň soňy kesikdir!
Käfirun (Kapyrlar) Süresi
Kul ýä eýýühel käfirun. Lä a’büdü mä ta’büdun. We lä entüm abidune mä a’büd. We lä ene abidün mä abedtüm. We lä entüm abidune mä a’büd. Leküm diýnüküm weliye diýn.
Manysy:
Aýt! (eý, Muhammet!): «Eý, kapyrlar! Men siziň ybadat edýäniňize ybadat etmeýärin!
Siz hem meniň ybadat edýänime ybadat etmeýärsiňiz!
Men siziň ybadat edýäniňize hiç haçan ybadat etmerin!
Siz hem meniň ybadat edýänime ybadat etmersiňiz!
(Şonuň üçin hem) siziň diniňiz özüňiz üçin, meniň dinim hem meniň üçindir!».
Nasr (Kömek) Süresi
Izä jäe nasrullahi welfeth. We raeýtennäse ýedhulune fiý dinillähi efwäjä. Fesebbih bihamdi rabbike westagfirh, Innehu käne tewwäbä.
Manysy:
(Eý, Muhammet!) Allanyň kömegi we (Mekge eýelenip) ýeňiş gelen bolsa, ynsanlaryň topar-topar bolup Allanyň dinine girýändiklerini gören bolsaň, indi sen Perwerdigäriňe hamdy-sena (aýt we Ondan ýalkaw dile! Takyk, Ol tobalary kabul edijidir.
Tebbet Süresi
Tebbet ýedä ebiý lehebin ve tebb. Mä egnä anhü mälühu we mä keseb. Seyeslä nären zate leheb. Wemraetühu hammaletel-hatab. Fiý jiý-dihä hablün min mesed.
Manysy:
Ebu Lehebiň elleri gurasyn! Ol (dogrudan hem) gurady.
Oňa mal-mülküniň we eden işleriniň peýdasy hem degmedi.
Ol (dowzahda) alawlap ýanýan otda ýanar.
Onuň aýaly (hem otda ýanar we) odun daşar.
Onuň boýnunda hurma süýüminden işilen ýüp bardyr.
Yhlas Süresi
Kul hüwellahü ehad. Allahüssamed. Lem ýelid ve lem ýuled. We lem ýekün lehü küfüwen ehad.
Manysy:
Aýt (eý, Muhammet!): «Ol Alla Ahatdyr (Birdir). Alla Sametdir (hiç zada mätäç däldir, ähli zat Oňa mätäçdir). Ol (hiç kimi) dogran däldir, (hiç kimden) doglan däldir. Onuň hiç bir deňi-taýy ýokdur».
Felak Süresi
Kul e’uzü birabbil-felak. Min şerri mä halak. We min şerri gasikyn izä wekab. We min şerrinneffasati fil’ukad. We min şerri hasidin izä hased.
Manysy:
Aýt (eý, Muhammet!): «Men säheriň Perwerdigärine sygnyp, (Onuň) ýaradan zatlarynyň şerinden, tümlük bürän wagty gijäniň şerinden, düwünlere (üfläp jady edýän) jadygöýleriň şerinden, göriplik edýän wagty göribiň şerinden pena isleýärin!».
Näs (Ynsanlar) Süresi
Kul e’uzü birabbinnäs. Mälikinnäs. Ilähinnäs. Min şerril-weswäsilhannäs. Elleziý ýüweswisü fiý sudurinnäsi. Minel-jinneti wennäs.
Manysy:
Aýt (eý, Muhammet!): «Men ynsanlaryň Perwerdigärine, ynsanlaryň Hökümdaryna, ynsanlaryň Hudaýyna sygnyp, (gaflatda wagty) ynsanlaryň gursaklaryna (ýüreklerine) was-wasy salýan, (Allany ýatlaýan wagty bolsa gaçýan) ynsanlardan we jynlardan bolan şeýtanyň şerinden pena isleýärin!».