Juma süresi, 9-njy aýatdan:

"Eý, iman getirenler! Siz juma gününde (juma) namazyna çagyrylan badyňyza Allany ýatlamaga (namaza) howlugyň..."

Namaz barada aýatlar

"Olar (takwalar) gaýyba ynanýarlar, namaz okaýarlar we Biziň özlerine beren rysgalymyzdan (Alla ýolunda) haýyrsahawat edýärler."
(Bakara, 3)

***

"Sabyr etmek we namazy berjaý etmek bilen (Alladan) kömek soraň! Takyk (sabyr we namaz), Alladan gorkýanlardan beýlekiler üçin uly (agyr) işdir."
(Bakara, 45)

***

"Biz (bir wagt) ysraýyl ogullaryndan olaryň diňe Alla ybadat etjekdikleri, eneata, ýakyn dogan-garyndaşa, ýetimlere, misginlere ýagşylyk etjekdikleri barada ähti-peýman alypdyk. (Olara): «Ynsanlara (diňe) ýagşy söz sözläň, namazy doly berjaý ediň, zekat beriň» diýip emir edipdik. Soň, diňe az sanlyňyzdan galanyňyz, (bu wadadan) ýüz öwrüp, dändiňiz."
(Bakara, 83)

***

"Siz namazy berjaý ediň we zekat beriň! Özüňiz üçin öňünden näme haýyr (iberseňiz), onuň (sogabyny) Allanyň ýanynda taparsyňyz. Takyk, Alla siziň edýän işleriňizi görüp durandyr."
(Bakara, 110)

***

"(Eý, Muhammet!) Nireden (ýola) çyksaň hem, (namazda) ýüzüňi Mesjidi Harama (Käbä) tarap öwür! (Eý, möminler!) (Siz) nirede bolsaňyz hem, ýüzüňizi oňa (Käbä) tarap öwrüň! Goý, ynsanlaryň arasyndaky zalymlardan galanlar üçin (siziň garşyňyza) delil bolmasyn. Siziň dogry ýoly tapmagyňyz üçin we Meniň hem size nygmatymy doly bererim ýaly, siz olardan däl, diňe Menden gorkuň! "
(Bakara, 150)

***

"Namazlary, aýratyn hem orta (ikindi) namazy (doly) berjaý ediň! Alla tagzym (etmek) bilen (namazy) dogry berjaý ediň!"
(Bakara, 238)

***

"Iman getirenlerden ýagşy işleri edip, namazy berjaý edip, zekat berýänlere özleriniň Perwerdigäriniň ýanynda sylaglar bardyr. Olara gorky-howp ýokdur we olar gamgyn hem bolmazlar."
(Bakara, 277)

***

"Eý, iman getirenler! Serhoş bolup, we näme diýýäniňizi bilýänçäňiz namaza golaýlaşmaň!..."
(Nisa, 43)

***

"Eý, iman getirenler! Namaz (okamak) üçin turanyňyzda, ýüzleriňizi we tirsekleriňize çenli elleriňizi ýuwuň, başlaryňyza mesh ediň we iki topuklaryňyza çenli aýaklaryňyzy ýuwuň! Eger ini hapa bolsaňyz, (gowy edip) ýuwnuň! Eger hassa ýa-da ýolagçy bolsaňyz, ýa-da siziň biriňiz aýak ýolundan gelen bolsa, ýa-da siz aýallaryňyza ýanaşan bolsaňyz we (ýuwnar ýaly) suw tapmasaňyz, päk toprak bilen teýemmum (teýim) ediň! (Ýagny) ýüzleriňize we (iki tirsegiňize çenli) elleriňize mesh ediň! Alla size kynçylyk döretmek islemeýär, emma sizi (günälerden) päklemek we (diniň hökümlerini beýan edip) Öz nygmatyny size doly bermek isleýär. (Bular) siziň (Alla) şükür etmegiňiz üçindir. "
(Maide, 6)

***

"Şeýtan arak (şerap) we humar arkaly siziň araňyza duşmançylyk we kine salmak, siziň Allany ýatlamagyňyza we namaz (okamagyňyza) päsgel bermek isleýär. Siz (bu zatlardan) dändiňiz dälmi eýsem?! "
(Maide, 91)

***

"Eý‚ Adam ogullary! Her (namaz wagty) metjide (gideniňizde) tämiz we gelşikli geýimleriňizi geýiň‚ iýiň‚ içiň, ýöne isrip etmäň! Çünki Alla isrip edýänleri düýbünden halamaz. "
(Araf, 31)

***

"Allanyň metjitlerini diňe Alla we ahyrete iman getiren, namazy doly berjaý edýän‚ zekat berýän we Alladan başgadan gorkmýan möminler bina ederler. Ine‚ olar dogry (hak) ýola ýetmäge umydygärdirler."
(Toba, 18)

***

"Mömin erkekler bilen mömin zenanlar biri-birleriniň hemaýatkärleridir. Olar ýagşylygy ündärler‚ ýamanlykdan saklarlar, namazy bolmalysy ýaly berjaý edip‚ zekatyny berip‚ Alla we Onuň ilçisine boýun bolarlar, ine‚ Alla olary Öz rahmetine gowuşdyrar. Çünki Alla Gudraty güýçlüdir‚ hikmet eýesidir. "
(Toba, 71)

***

"(Eý, Muhammet!) Iman getiren bendelerime aýt: «Aluw-satuw we dostluk-ýakynlyk bolmaýan gün gelmezden öň namazy doly okasynlar, gizlin we äşgär halda olara beren rysgalymyzdan (Allanyň razylygyny gazanmak üçin) sarp etsinler. "
(Ybraýym, 31)

***

"Men Özümden başga (ybadata laýyk) hudaý bolmadyk Alladyryn. Onda sen Maňa ybadat et we Meni ýatlamak üçin namaz oka!"
(Taha, 14)

***

"(Eý, Muhammet!) sen olaryň aýdýan zatlaryna sabyr et we Gün dogmazyndan öň (ertir namazynda) we batmazdan öň (ikindi namazynda) Perwerdigäriňe hamdy-sena bilen tesbih aýt! Gijäniň käbir wagtlarynda (ýassy namazynda) we gündiziň iki ujunda-da (öýle we agşam namazlarynda) Allanyň razylygyny gazanmagyň üçin tesbih et."
(Taha, 130)

***

"Olar Allanyň ady agzalanda ýürekleri galpyldaýanlardyr, başlaryna gelene sabyr edýänlerdir, namazy berjaý edýänlerdir we Biziň özlerine rysgal edip beren zatlarymyzdan (mätäçlere) sarp edýänlerdir. "
(Hajj, 35)

***

"Özüňize merhemet edilmegi üçin namazy berjaý ediň, zekat beriň we pygambere boýun boluň! "
(Nur, 56)

***

"(Eý, Muhammet!) Sen özüňe inderilen kitaby oka we namazy berjaý et! Takyk, namaz bozgaklykdan hem-de erbet işlerden saklaýandyr. Allanyň ady bolsa beýikdir! Alla siziň edýän işleriňizi (ýagşy) bilýändir. "
(Ankebut, 45)

***

"Olar namazy (yhlas bilen) berjaý edýän, zekat berýän we ahyret gününe berk ynanýan kişilerdir. "
(Lukman, 4)

***

"Olar özleriniň Perwerdigäriniň (çakylygyna) gulak asarlar we namazy doly okarlar. Olar (etjek) işlerini öz aralarynda geňeşip (maslahatlaşyp) ederler. Özlerine beren rysgalymyz (Allanyň ýolunda) sarp ederler."
(Şura, 38)

***

"Eý, iman getirenler! Siz juma gününde (juma) namazyna çagyrylan badyňyza Allany ýatlamaga (namaza) howlugyň, söwda-satyk (işleriňizi) taşlaň! Eger biler bolsaňyz, bu siziň üçin (has) haýyrlydyr!"
(Juma, 9)

***

"Okan namazlaryndan özleri gapyl bolanlaryň (namazy wagtynda okamaýanlaryň) waý hallaryna! "
(Mägun, 4-5)

***