"Namaz diniň diregidir"

Namaz barada hadyslar

"Namaz möminiň magrajydyr"

***

"Kim ikindi namazyny terk etse, amaly biderek bolar"

***

Pygamberimiz:
-Biriňiziň gapyňyzyň öňünden bir derýa akyp ýatsa we her gün bäş gezek şol derýada ýuwnan ynsanda, heý, kir-hapa galarmy? - diýip sorady.
Sahaba:
-Ýok galmaz, -diýip, jogap berdi.
Bu jogapdan soň Resululla:
-Bäş wagt namaz hem şonuň ýalydyr. Suwuň kiri ýuwup aýryşy ýaly, namaz hem günäni ýuwar - diýip, namazyň ähmiýetini nygtady.

***

"Namaz diniň diregidir"

***

"Şübhesiz, meniň ymmatym kyýamat gününde täret yzlary sebäpli ýüzleri nurly, elleri we aýaklary ýalpyldaýan bolup çagyryljakdyrlar. Ýüzüniň nuruny köpeltmäge güýji ýeten köpeltsin."

***

"Iki salkynlyk namazyny, ýagny ertir we ikindi namazyny kylanlar Jennete girjekdirler"

***

"Jemagat bilen kylynan namaz, ýeke özüň kylan namazyňdan ýigrimi ýedi dereje beýikdir."

***

"Gün dogmaňka we batmazdan öň namaz kylan Jehenneme girmez."

***

"Namazyň dindäki ýeri, kelläniň göwredäki ýeri ýalydyr."

***

"Kyýamat güni gul, ilki bilen namazy üçin hasaba çekiler. Namazy düzüg bolsa, beýleki amallary hem düzüg boljakdyr. Namazy düzüg bolmasa, beýleki amallary hem düzüg bolmaz."

***

"Kişi bilen küfüriň arasynda namazyň terki bardyr."

***

"Jennetiň açary namazdyr, namazyň hem açary täretdir."

***