...Käbir alymlara görä, Günüň dogmagy bilen namaz bozulmaz-da nafilä öwrüler. Ertir namazy kaza galar.

Namazy bozýan zatlar

Namazyň rükünlerinden ýa-da şertlerinden biri kem bolan ýagdaýynda namaz bozulýar. Rükünleriň we şertleriň kemliginden başga-da, saklanylmaly käbir hereketler bardyr:

1. Namazda gürlemek; isle ýalňyşyp, isle unudyp, isle uklap, az-u-köp her hili gürlemek;
2. Namazda iýip-içmek; künji dänesi ýaly sähelçe zat hem bolsa agza salyp ýuwutmak; dişleriň arasynda galan nohut ululygyndaky nahar galyndysyny ýuwutmak; sakgyç çeýnemek;
3. Özüň eşitjek derejede gülmek.
Ýanyňdakylar eşitjek derejede gülmek namaz bilen birlikde tahareti hem bozýar. Ýöne ýylgyrmakdan namaza hem, taharete hem zyýan ýetmez.
4. Göwräňi kybladan öwürmek.
5. Namazdakaň başganyň salamyny almak ýa-da salam bermek. Ýalňyşyp edilse zyýany ýok.
6. Namazda amaly kesir etmek. Mysal üçin, darak bilen saçyňy daramak.
7. Üsgüresiň gelmese-de, zor edip üsgürmek, ardynjyramak;
8. Birine jogap maksady bilen aýat okamak.
9. Teýemmümli kişi namaz okap durka, suwuň tapylmagy.
10. Ertir namazyny okap durkaň Günüň dogmagy. Käbir alymlara görä, Günüň dogmagy bilen namaz bozulmaz-da nafilä öwrüler. Ertir namazy kaza galar.
Ymam Şafyga görä, ertir namazy okalyp durka, Gün dogsa-da, okalan namaz sahyhdyr, fasid bolmaz.
11. Mesiniň üstüne edilen meshiň möhletiniň gutarmagy.
12. Erkek bilen aýalyň bir sapda arada boşluk goýman ýa-da aýalyň öňde durmagy;
Erkek bilen aýalyň bir hatarda durup şol bir namazy okamaklary ýa-da ikisiniň-de bir ymama uýmaklary diňe erkek kişiniň namazyny bozýar. Bir hatarda durup, aýalyň erkege uýan halynda ikisiniň-de namazy bozulýar.
13. Namazda zammy süräni Kuranyň ýüzünden okamak.
14. Ymama uýan bir kişiniň namazyň rüknüni ymamdan öň etmegi. Meselem, ymamdan öň ruku’a egilmek.
15. Namazda taharetiň bozulmagy.
16. Namaz gutarmanka salam bermek.
Dört rekagatly namazda bilmän iki rekagatdyr öýdüp birinji oturyşyň soňunda salam beren kişiniň namazy bozulýar. Mysal üçin, ýassynyň farzyny terawyh, öýläniň farzyny juma ýa-da ertir namazydyr öýdüp salam bermek ýaly. Ýöne namazyň dört rekagatlydygyny we haýsy namazdygyny bilseň hem ýalňyşyp birinji oturyşda salam berseň namazyň bozulmaz. Bu ýagdaýda salamdan soň amaly kesir etmän, ýa-da gürlemän namazyň yzyny okap tamamlamalydyr. Gijikdirendigiň sebäpli soňunda sehiw sejdesini etmelisiň.
17. Aýatyň ýalňyş okalyp, manysynyň bozulmagy. Muňa zelletül kari ýagny, okaýyşda hata etmek diýilýär.

Zelletül kari
Namazda kyraet edeniňde her rekagatda okalýan Fatiha suresi we yzyndan goşulýan suredir aýatlar gowy bilinmeli we ünsli okalmalydyr. Kuran okanyňda dürli sebäp bilen ýalňyşlyk goýberilip bilner. Bu ýalňyşlyklara fykyh dilinde «zelletül kari» diýilýär. Arap dilini bilmeýänler harplary aýtmakda we herekede hata goýberip biler. Şonuň üçin alymlar okaýyşda goýberilýän ýalňyşlyklaryň kyraet şertiniň ýerine ýetirilişine, we namazyň dürslügine täsir edýändigi üçin käbir düzgünler goýupdyr. Bu düzgünler manynyň bozulmazlygyny, üýtgedilen sözüň Kuranda bolup-bolmaýandygyny, şeýle hem arapça bilmeýänleriň dil bilmezlikden goýberýän ýalňyşlyklaryny göz öňünde tutýar. Goýberilýän ýalňyşlyklardan has ýygy duş gelinýänleri barada durup geçeliň.
1. Namazyň rükünlerinden biri bolan kyraet berjaý edilende, Kurany Kerimiň bir sözi bilgeşleýin üýtgedilip, netijede many bozulsa, namaz hem bozulýar. Eger bilgeşleýin edilmän, ýalňyşylsa, üýtgedilen söz Kuranyň sözlerinden bolup, many üýtgemese, namaz bozulmaýar. Emma many üýtgese, ýa-da şol söz Kuranda ýok bolsa, namaz bozulýar.
2. Bir harpyň ýerine başga harp okamak. Meselem, «sin» we «sad» harpy ýaly, mahraçlary (aýdylyşy) biri-birine ýakyn harplar çalşyrylsa, namaz bozulmaýar. «Allahus-samed» ýerine «Allahüs-semed» , «Allahu ahad» ýerine «Allahu ahat» diýmek ýaly. Emma bular bilgeşleýin çalşyrylsa, namaz bozulýar.
Mahraçlaryny tapawutlandyrmak ýeňil harplaryň ýerini çalyşmak namazy bozýar.
3. Mahraçlary biri-birine ýakyn bolsa-da, aýtmagy kyn bolan harplaryň bulaşdyrylmasy, fakyhlaryň aglabasyna görä namazy bozmaýar.
Meselem: «dat» harpynyň ýerine «dal» «zel» ýa-da «zy» harpynyň okalmagy.
4. Teşditli harpy teşditsiz, ýa-da teşditsiz harpy teşditli, uzyn okalmaly ýerde gysga, gysga okalmaly ýerde uzyn, idgam edilmeli ýerde idgamsyz, ýa-da idgam edilmeli däl ýerde idgam edip okamak nama zy bozmaýar. Mysal üçin: «Iýýäke» sözüni teşditsiz «Iýäke» okamak.
5. Sözüň bir bölegini unutmak, ýa-da demi ýetmezlik, ýa-da düwünmek sebäpli bölünip okalsa, many üýtgese-de namaz bozulmaz. Çünki, munda zerurlyk bardyr. Mysal üçin: «el...» diýip duranyňdan soň «hamdu» diýmek, ýa-da başga söze geçip gitmek.
6. Eger aýatda bir harp goşulsa, many üýtgese namaz bozulýar. Meselem: «Allahu Ekber» sözüniň başyna «elif» harpyny goşup , "Allahu ekber" uzaldyp okalsa, many bozulýar. Eger «elif» harpy goşulyp, uzaldylsa «Allah beýikmi?» diýen many çykýar.
7. Many bozulmaýan ýagdaýynda sözleriň ýerini çalyşmak namazy bozmaýar.
8. Uly ýalňyşlyk goýberilip, soň ol düzedilip okalsa namaz dürsdür. Ýöne düzedilmese, many üýtgese, namaz bozulýar.
9. Kyraet wagtynda birnäçe aýaty okaman geçmek namazy bozmaýar.
10. I’rap taýyndan edilen ýalňyşlyklar, ýagny, harplaryň herekeleriniň üýtgedilmegi manyny üýtgetse-de, namazy bozmaýar. Çünki, arap dilini bilmeýän köp kişi muny anyklap bilmeýär. Emma arap dilini bilýän biriniň goýberen ýalňyşy manyny üýtgetse, namaz bozulýar.
Mysal üçin: «Ibrahime» sözüni «Ibrahimu» «Rabbuhu» sözüni «Rabbehu» diýip okamak.
11. Bir sözüň soňky harpyny beýleki söze birikdirmek namazy bozmaýar. «Iýýäke na’budu» ýerine «Iýýä kena’budu» diýmek. Ýöne muny etmejek bolmalydyr.
12. Rahmet aýatyny azap aýaty bilen bitirmek, ýa-da tersine azap aýatyny rahmet aýaty bilen bitirmek, namazy bozýar.
13. Sakaw adamyň harplary aýdyp bilmezligi namazyna zyýan bermez. Ýöne, ýagdaýyny düzetmäge gaýrat etmelidir.
14. Allah Tagalany magtaýan bir söz başga öwgüli söz bilen üýtgedilse, namaz bozulmaz. Şonda-da beýle etmek jaýyz görülmeýär.
Şafygy we Hanbelilere görä, Fatihadan başga okaýyşlarda bilgeşleýin hata edilmese, namaz bozulmaz. Ýöne Fatihany ýalňyşsyz öwrenip okamak hökmandyr.