"Her okalmadyk namaz guluň boýnunda borç bolup galýar..."

Namazy terk etmegiň zyýany

Namazyny okamaýan adam ýokarda agzalan peýda we bähbitleri ýitirmekden başga-da, dünýäde we ahyretde uly zyýana galýar. Şol sebäpli, aň-düşünjeli dindarlar namazlaryny mümkingadar nogsansyz berjaý etmäge çalyşýarlar. Eger-de, geçiren namazlary bar bolsa, gijikdirmän kazasyny okamaga, şeýlelik bilen namaz borjundan halas bolup, Allahyň huzuruna çykmaga taýýar bolýarlar.

«Tembihul gafilin» atly kitapda namaz okamazlygyň zyýanlaryny beýan etmek babatda şeýle bir tymsal getirilýär:
«Hapysa, şerraý bir adam bir gün şeýtan bilen duşuşyp oňa şeýle diýýär:
– Eý, Iblis, meniň hem saňa meňzäsim gelýär, şonuň üçin näme edeýin?
Muňa haýran galan Iblis şu jogaby berýär:
– Geň zat, şu wagta çenli maňa imrinip, maňa meňzäsi gelen ynsana duşmadym. Eger hakykatdanam maňa meňzemegi ýüregiňe düwen bolsaň, onda iki zady terk et. Bular seniň iblis bolmagyň üçin ýeterlikdir. Olaryň biri namaz, beýlekisi bolsa, ygrarlylyk».

Ýene şeýle bir rowaýat aýdylýar:
«Köçede aýlanyp ýören perişdeler bilen şeýtanlar bir jaýyň gapysyna ýetenlerinde özara jedel edýärler. Melekler:
– Bu öýe biz girmeli, şeýtanlaryň bärde işi ýok! Şeýtanlar bolsa:
– Bu öýe biz girmeli, melekleriň bärde işi ýok – diýişýärler. Jedel dowam edip durka, azan okalyp başlanýar. Jedel gutarýar. Şeýtanlar umydyny üzüp, öýe melekler girýär. Namaz okalmaýan öýe bolsa, şeýtanlar çapak çarpyp girenlerinde, melekler umytdan düşüp, ol öýden daşlaşýarlar.
Şonuň üçin, köneler aýdypdyrlar: «Namaz okalmaýan öý, şeýtanyň mesgeni, namaz okalýan öý bolsa melekleriň mekanydyr».
Emma, şonda-da käbir musulmanlaryň dürli bahanalar bilen maddy we ruhy, dünýewi we uhrewi bir giden peýda berýän namaz ýaly beýik bir ybadatdan, külli haýyrdan daş durup, biagyrlyk edýändiklerini görýäris.
Olaryň öňe sürýän esasy bahanalary şulardyr:

1. Namazy diňe garranyňdan soň okalmaly borç hasaplamak, ýaşlyk – dünýä işlerine bagyşlanýan, garrylyk bolsa ahyrete ýönelinýän wagtdyr diýen düşünje. Bu düşünje – ynsany namaz okamakdan daşlaşdyrýan iň giň ýaýran düşünjedir. Ýöne bu düýbünden ýalňyşdyr. Çünki, namaz kämillik ýaşyna ýeten her bir ynsanyň ölinçä boýnunda durýan farz ybadatydyr. Bu farzyň ýaşlyk ýa-da garrylyk bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur. Her okalmadyk namaz guluň boýnunda borç bolup galýar. Ahyretde azaba duçar bolmazlyk üçin, ölmeziňden ozal bu borçdan gutulmak, geçirilen namazlaryň kazasyny okamak şertdir. Ýaşlygynda namaz okaman, garranyňdansoň okamaga başlan biriniň birgiden namaz borjunyň boljakdygy köre hasadyr. Garry halyna bu borçlarynyň kazasyny doly okap biljegi bolsa şübhelidir. Ynsan geçiren namazlarynyň kazasyny okaýanda-da borçdan doly saplanmaz. Namazyny wagtynda okamandygynyň jogapkärçiligini ýüreginde göterer. Diýmek, garranyňdansoň namaza başlamak düşünjesi – nebsiň oýnundan, şeýtanyň hilesinden başga zat däldir. Şeýle hem, ynsanyň garrylyk ýaşyna ýetip-etmejegi barada hiç hili güwäligi ýokdur. Islendik wagt ölüm gapyňy kakyp biler. Ynsanyň ertire çykjagyna-da anyk kepilnamasy ýokdur. Hatda ýaşlykda okalan namaz bilen garranyňdansoň okalan namaz hem hiç wagt deň bolmaz. Ynsanyň ähli hyjuw we duýgulary bilen dünýä baglanýan ýaşlyk ýyllarynda nebsi bilen göreşip eden ybadatlary Allahyň dergähinde, elbetde, has gymmatlydyr. Garry halynda bolsa ynsanyň dünýä meýli peselýär, ölümini has ýakyn duýup başlaýar, islemese-de ybadata meýli artýar. Pygamberimiz bir hadysynda şeýle buýurýar:
«Iň haýyrly ýaş ýigit garry kimin ölümi barada oýlanyp, ahyreti üçin işleýän, ýaşlyk hyjuwynyň we joşgunynyň ýesirligine düşmeýän, gaflatda gark bolmaýan ýigitdir».
Diýmek, ýaşlar hem edil garrylar ýaly, ahyret barada aladalanyp, namaz we beýleki ybadatlaryny nogsansyz berjaý etmelidir.

2. «Eklenç aladasy, dünýewi işleriniň köplügi sebäpli namaza wagt tapyp bilmeýän» diýen düşünje Bäş wagt namaz, taharet kylmak bilen birlikde jemi bir sagat wagtymyzy alýar. Allah Tagalanyň bir gije-gündizde bize beren 24 sagadyndan bir sagadyny dünýä, hem ahyretimiziň sagadatyna wesile boljak namazyň edasyna harçlamajak bolmak, hiç bir mantyga, akyla sygmaz. Iň biderek, boş işlere wagt tapýarkak, namaza gezek gelende, wagtyň ýokdugyndan zeýrenmek, diňe nebsiň we şeýtanyň aldawyna gitmekden başga zat däldir.

3. «Günde bäş wagtyna namaz okamagyň yzy gutarmansoň, ynsany ýadadyp irizer» diýen düşünje Bu düşünje hem ýalta nebsiň bahanasydyr. Çünki, her gün iýip-içýän ynsan bularyň gaýtalanyp durmagyndan bizar bolmaýar. Gaýta ondan lezzet alýar. Edil şonuň ýaly-da, ruhuň azygy, kalbyň aby-haýýaty bolan namazyň gaýtalanmagyndan: ruhy ölmedik, kalby sönmedik ynsanyň irmegi, ýadamagy mümkin däldir. Şeýtanyň ýürege salýan şeýle ýaramaz hileleri köplenç namaza ýaňy başlaýan adamlarda duş gelýär. Namazyny dowam etdirip, onuň magnewi feýz we bereketine ýetenler şeýle bahanalaryň gurbany bolmaýar. Bu pikir we düşünjeler hiç bir esassyz, diňe nebsiň ýaltalygyndan, şeýtanyň was-waslaryndan döreýän bahanalardyr. Ynsan bu bahanalary ýeňmek üçin nebsi we şeýtan bilen hemişe göreşmelidir. Ýogsa, suw ýaly akyp gidýän ömür sermaýasy, şemal ýaly geçip gidýän ýaşaýyş nygmaty, synagdan geçip bilmezlik we zyýana galmak bilen jemlener.