Hadysy şerif:

«Namazyň kämili diňe kalp huzury bilen okalanydyr»

Namazyň edepleri

1. Namazda bedeni hem ruhy taýdan huzur we haş’etde bolmak. Hadysda: «Namazyň kämili diňe kalp huzury bilen okalanydyr» diýilýär. Şonuň üçin namazda huşug we huzur içinde bolan bir mü’miniň ebedi sagadata we bagta ýetjegi Kurany Kerimde şeýle buşlanýar:
«Namazyny haş’et içinde okan mü’min felaha ýeter», (Mü’minun, 1-2).
2. Namaza öňi açyk eşik bilen durmazlyk. Mümkin bolsa ilikleriňi ildirmek.
3. Namaz okanyňda kyýamda sejde etjek ýeriňe, ruku’da aýaklaryňa, sejde-de burnuň ujuna, oturanyňda gujagyňa, salam bereniňde eginleriňe seretmek.
4. Namazda üsgürmegi ýa-da sesli gägirmegi başardygyňça etmejek bolmaly.
5. Namazda pallanyňda agzyňy tutmak hem adapdandyr. Pallamazlyk üçin dodaklaryňy dişlemeli, şonda-da başarmasaň, sag eliň arkasy bilen agzyň öňüni ýapmalydyr. Hadysy şerifde: «Allah Tagala asgyrmagy gowy görýär, pallamagy bolsa halaýan däldir. Mümkin boldugyça, namazda pallamajak bolmalydyr» diýilýär.
6. Ruku’ we sejdede aýdylýan tesbihleri özbaşdak okanyňda üç gezekden köp aýtmak.
7. Kamat getirilende «Haýýe alel-felah» diýlende ymam bilen birlikde ör turmaly. Ymam Züfere görä, «Haýýe ales-salah» diýlende ör turulmaly.
8. «Kad kamatis-salah» diýlende, ymamyň namaza başlamagy müezzini tassyklamakdyr. Munuň bilen birlikde kamat gutarandan soň hem namaza başlansa zeleli ýokdur. Ymam Ebu Ýusuf bilen beýleki üç mezhep ymamyna görä, şeýle etmek has laýygydyr.
9. Bir namazy okap gutaranyňdan soň, indiki namazy okamagy arzuw edip garaşmak.
10. Namazdan soň tesbihleri aýtmak, jemagat bilen goşulyşyp doga etmek. Bulary terk etmezlik afzaldyr.
11. Her namazdan soň Kuran okamak.
12. Öýde, iş ýeriňde namazy kynçylyksyz okar ýaly çäreleri öňünden görmek.