Hadysy şerif:

"Kim ikindi namazyny terk etse, amaly biderek bolar"

Ertir namazynyň düzgüni

Ertir namazy iki rekagat sünnet we iki rekagat farz bolup jemi dört rekagatdan ybaratdyr. Ilki sünnet okalýar. Munuň okalyşy şeýledir:
Namazyň şertleriniň hemmesi doly berjaý edilenden soň, kybla bakyp ertir namazynyň sünnetini okamaga kalpdan niýet edilýär. Içiňden: «Allahyň ryzalygy üçin şu günki ertir namazynyň sünnetini okamaga niýet etdim» diýmek bolar.
Mundan soň elleriň gulaklaryň deňine çenli galdyrylyp başam barmaklar gulagyň ýumşak ýerine degirilýär. Eliň aýasy kybla bakdyrylyp barmaklaryň açyk ýagdaýynda «Allahu Ekber» diýip, iftitah tekbiri aýdylýar. Aýallar bolsa ellerini eginleriniň deňine çenli galdyryp tekbir edýär.

 

Tekbirden soň, erkek kişiler göbekleriniň üstünden aýallar bolsa göwüsleriniň üstünde gol gowşurýar.

 

Mundan soň «Subhaneke» okalýar.



(Subhaneke Allahumme we bihamdik we tebärakesmük we te-a’la jeddük we lä ilähe gaýruk). Onuň yzyndan «E’uzü-besmele»
(Eu’zü billähi mineş-şetanirrajiým Bismillähirrahmänirrahyým) aýdyp, «Fatiha» okalyp,



(Elhamdulillähi rabbil a’lemiýn. Errahmänirrahym. Mäliki ýewmid-diýn. Iýýäke na’budu we iýýäke nesta’yýn. Ihdinessyratalmüstakyým. Syratalleziýne ena’mte aleýhim gaýril magzubi aleýhim welez-za-alliýn.) «Ämin» diýilýär. Fatihanyň yzyndan zammy sure okalýar. Şeýlelikde, namazyň kyýam we kyraet rükünleri tamam bolýar.
Kyraet gutarandan soň eller aşak goýberilip, «Allahu Ekber» diýlip, ruku’a egnilýär.

 

Ruku’da üç gezek «Subhane Rabbiýel-azym» diýilýär. Ruku’dan «Semi-allahu limen hamideh» diýlip dogrulynýar. Dik durup «Rabbena lekel hamd» diýilýär. Soňra «Allahu Ekber» diýlip sejdä gidilýär.

 

Sejdede üç gezek «Subhane Rabbiýel a’la» diýilýär. «Allahu Ekber» diýip sejdeden dikelip, «Subhanallah» diýer salym oturylýar.

 

Soňra ýene «Allahu Ekber» diýlip ikinji sejde edilýär.
Ikinji sejdäniň tesbihleri aýdylandan soň, «Allahu Ekber» diýip, dik durulýar.

 

Şeýlelikde, birinji rekagat tamamlanyp, ikinji rekagata başlanylýar.
Ikinji rekagatda diňe «besmele» aýdylyp, «Fatiha» we zammy sure okalýar. Ýokarda görkezilişi ýaly ruku’ we sejdeler edilýär, ikinji sejdeden soň oturylýar we tahyýýat:



(Ettahyýýatu lillähi wessalawatu wettaýýibatu esselamu aleýke eýýuhennebiýýü we rahmetullahi we berakätuhu esselamu a’leýna we a’la y’bädillähis-salihyýn. Eşhedü en lä ilähe illallah we eşhedü enne Muhammeden a’bduhu we resulüh)
salawat:



(Allaümme salli a’la Muhammedin we a’la äli Muhammed. Kema salleýte a’la Ibrahiýme we a’la äli Ibrahiým. Inneke hamiýdün mejiýd) we:



(Allaümme bärik a’la Muhammedin we a’la äli Muhammed. Kema bärakte a’la Ibrahiýme we a’la äli Ibrahiým. Inneke hamiýdün mejiýd) we dogalar:



(Rabbena ätina fiddünýä hasaneten we fil ähyrati haseneten we kyna a’zabennar) we:



(Rabbenagfirliý weli walideýýe welil mü’miniýne ýewme ýekumül hysäb. Birahmetike ýa erhamerrahymiýn) okalýar.
Mundan soň sag we çep egniňe:

(Esselamu aleýküm we rahmetullah) diýip salam berilýär. Şeýlelik bilen ertir namazynyň sünneti tamam bolýar. Ertir namazynyň sünnetinde kyraet, tekbir we tesbihler içiňden okalýar.

Ertir namazynyň farzy hem edil sünneti ýaly okalýar. Ýöne ilki kamat getirilýär (aýallar kamat getirmezler), soň niýet edilende «Şu günki ertir namazynyň farzyny okamaga» diýip niýet edilýär. Ertir namazynyň farzynyň kyraetlerini jemagat bilen okanyň sesli okalýar. Ýeke bolanyňda hem sesli okasaň bolýar.

Öýle namazynyň okalyş düzgüni

Öýle namazy dört rekagat ilki sünnet, dört rekagat farz we iki rekagat soňky sünnet bolup jemi on rekagatdan ybaratdyr. Ilki dört rekagat sünnet okalýar.
Sünneti okamak üçin ilki ýokarda görkezişimiz ýaly niýet edilýär. Soňra edil ertir namazynyň sünneti ýaly iki rekagat okalýar. Oturylanda diňe tahyýýat okalýar. «Allahu Ekber» diýip üçünži rekagata turulýar. Üçünji we dördünji rekagatlar hem edil birinji we ikinji rekagatlar ýaly okalýar. Ýöne üçünji rekagatda «Fatihadan» öň diňe «besmele» aýdylýar. «Subhaneke» we «e’uzü» okalmaz. Mundan soň soňky oturylyşa oturylýar, tahyýýat bilen birlikde salawat we dogalar okalyp salam berilýär. Şeýlelikde, öýle namazynyň ilkinji dört rekagat sünneti tamam bolýar.
Öýläniň farzy hem sünneti ýalydyr. Ýöne niýet edilende öýläniň farzyna diýip niýet edilýär. Şeýle hem üçünji we dördünji rekagatlarda diňe «Fatiha» okalýar, zammy sure okalmaýar. Bu diňe öýläniň farzynda däl-de, farz namazlarynyň ählisinde şeýledir.
Öýläniň soň sünneti hem edil ertiriň sünneti ýaly okalýar. Ýöne niýet edilende öýläniň soňky sünnetine diýip niýet edilýär.
Öýläniň sünnetlerinde, farzynda kyraet hafi okalýar.

Ikindi namazynyň okalyş düzgüni

Ikindi namazy dört sünnet we dört farz bolup, jemi sekiz rekagatdyr. Ilki sünneti okalýar. Ikindi namazynyň sünnetini okamak ýurdumyzda beýle meşhur däldir.
Ikindi namazynyň sünnetini okamak üçin ilki niýet edilýär, soňra edil öýle namazynyň sünneti ýaly okalýar. Ýöne ikinji rekagatyň soňundaky birinji oturylyşda öýläniň sünnetinde diňe tahyýýat okalýan bolsa, ikindiniň sünnetinde salawatlar hem okalýar. Üçünji rekagatda-da namaza täzeden başlaýan ýaly, ilki «Subhaneke» okap, «e’uzü-besmele» aýdylýar we Fatiha bilen zammy sure okalýar. Dördünji rekagatda hem Fatiha bilen zammy sure okalýar. Şeýlelikde, ikindi namazynyň sünneti tamamlanýar.
Ikindiniň farzy öýläniň farzy ýalydyr, diňe niýet üýtgeşikdir. Ikindi hem öýle ýaly hafi (içiňden) okalýar.

Agşam namazynyň okalyş düzgüni

Agşam namazy üç farz, iki sünnetden ybaratdyr. Farz ilki okalýar. Ilki bilen agşamyň farzyna niýet edilip namaza durulýar. Ilki iki rekagaty beýleki namazlaryň farzlary ýaly okalandan soň oturylýar. Diňe tahyýýat okalyp, üçünji rekagata turulýar. Üçünji rekagatda bolsa, diňe Fatiha okalyp, ruku’, sejde edilip, soňky oturylyşa oturylýar. Soňra tahyýýat, salawat we dogalar okalyp salam berilýär.
Farzdan soň, sünnete niýet edilip, edil ertir namazynyň sünneti ýaly okalýar.
Agşam namazynyň farzy, ertir namazynyň farzy ýaly sesli okalýar.

Ýassy namazynyň okalyş düzgüni

Ýassy namazy dört sünnet, dört farz, iki soňky sünnet we üç witir bolup, jemi 13 rekagatdan ybaratdyr.
Ýassynyň ilki dört sünnetine niýet edilip edil ikindiniň sünneti ýaly okalýar, ýagny ilkinji oturylyşda tahyýýatdan soň salawatlar hem okalýar. Ýassynyň bu ilki dört rekagat sünneti Türkmenistanda meşhur däldir.
Ýassynyň farzynyň okalyşy bolsa, öýle we ikindiniň farzy ýalydyr. Diňe niýet edilende ýassynyň farzyna niýet edilýär. Şeýle hem ýassy namazy jehri (sesli) okalýar.
Ýassynyň soňky sünnetiniň okalyşy hem agşam namazynyň sünnetiniňki ýalydyr. Munda hem diňe niýet edilende, ýassynyň soňky sünnetine niýet edilýär.
Biziň ýurdumyzda ýassynyň soňky sünnetini dört rekagat okamak meşhurdyr. Eger dört rekagat okaljak bolsa, ikindiniň sünneti ýaly okalýar.

Witir namazynyň okalyşy

Witir namazy ilki niýet edilýär, birinji we ikinji rekagatlar edil ertir namazynyň sünneti ýaly okalýar. Ikinji rekagatyň soňunda oturylýar we tahyýýat okalyp, üçünji rekagata turulýar. Üçünji rekagatda «besmele» aýdylyp, Fatiha we zammy sure okalýar. Soňra ruku’a egilmän eller gullaklara ýetirilip tekbir alynýar. Soňra ýene gollaryňy gowşuryp kunut dogalary okalýar. Kunut dogalaryny okanyňdan soň, ruku’ we sejde edilip oturylýar. Soňra tahyýýat, salawat we dogalar okalandan soň salam berilýär.
Kunut dogasyny bilmeýän kişi, ony ýat tutýança, «Rabbenä ätinäni» ýa-da üç gezek «Allahummagfirli», diýip biler ýa-da üç gezek «Ýa, Rabbi» diýmek hem jaýyzdyr.
Witir namazy diňe remezan aýynda jemagat bilen okalýar. Ymam namazy jehri okadýar. Diňe kunut dogasyny her kim içinden okaýar. Remezan aýyndan başga günlerde witiri jemagat bilen okamak mekruhdyr.
Witirden başga namazlarda kunut dogasy okalmaýar. Diňe bir musybata, betbagtçylyga ýa-da bela uçralan hallarda ertir namazynyň farzynda kunut dogasy okalyp bilner.
Ymam Mälik we Ymam Şafyga görä, ertir namazynyň farzynda hemişe ruku’dan soň kyýamda kunut dogasy okalýar. Bu mälikilere görä mustahap, şafygylarda bolsa sünnetdir.
Ertir namazynda kunut dogasyny okaýan mäliki ýa-da şafygy ymama uýan bir hanefi hiç zat okaman durar. Eger okajak bolsa, içinden okar.

Kunut dogalary:

(Allahümme innä neste-y’nüke we nestagfiruke we nestehdiýk. We nü’minü bike we netubu ileýk. We netewekkelu aleýke we nüsniý aleýkel-haýra kullehu neşkuruke we lä nekfuruk. We nahle’u we netruku men ýefjuruk.)
Allahym! Biz Senden bize ýardam bermegiňi, bizi bagyşlap ýalkamagyňy, bize hidaýet bermegiňi dileýäris. Saňa iman edýäris. Toba edýäris. Saňa töwekgül edip, bil baglaýarys. Seni hemişe ýagşy duýgular bilen ýatlaýarys. Saňa şükür edýäris. Seni inkär etmeýäris. Saňa isýan edýänler bilen baglanyşygymyzy keseris.

(Allahümme iýýäke na’budu we leke nusalliý we nesjüdü we ileýke nes’a. We nahfidu nerju: rahmeteke we nahşä azäbeke inne azäbeke bil küffäri mülhyk.)
Allahym! Biz diňe Saňa ybadat edýäris. Seniň razylygyň üçin namaz okap, sejde edýäris. Seniň rahmetiňe gowuşmak üçin gaýrat edýäris. Seniň rahmetiňi tama edip, azabyňdan gorkýarys. Seniň azabyň käfirlere hökman ýeter.