Hadysy şerif:

«Mesjitdekäňiz barmaklaryňyzy bir-biriniň içinden geçirmäň. Çünki, şeýle hereket şeýtandandyr. Musulman kişi mesjitden çykýança namazdadyr»

Namazyň mekruhlary

Namazyň wajyplaryndan islendik birini bilip berjaý etmezlik tahrimen mekruhdyr. Sünnet ýa-da adabyndan birini etmezlik mekruh bolsa-da, harama ýakyn däldir.
Bu umumy kesgitlemeden soň namazyň mekruhlaryny sanalyň.
1. Namazda bedeniň ýa-da eşigiň bilen güýmenmek. Salkynlamak maksady bilen ýelpenmek.
2. Taharetiň gyssaýan, ýa-da nahar taýýar wagty namaza durmak. Çünki, bular kalp we ünsüňi böler.
3. Namazda barmaklaryňy şyrkyldatmak ýa-da oýnamak.
Pygamberimiz: «Mesjitdekäňiz barmaklaryňyzy bir-biriniň içinden geçirmäň. Çünki, şeýle hereket şeýtandandyr. Musulman kişi mesjitden çykýança namazdadyr» diýipdir, (Şewkany).
4. Namazda pallamak, gerinmek.
5. Göwräňi kybladan öwürmän ýüzüňi gapdalyňa sowmak. Göwre kybladan öwrülse namaz bozular.
6. Erkek kişileriň sejde eden wagty gollaryny ýere degirmegi.
7. Sejdä eglen wagtyň öňüňden ýa-da arkaňdan eşigiňi çekmek.
8. Hapa ýa-da başganyň ýanynda görnüp bolmajak eşik bilen namaza durmak. Öýde geýilýän eşikler bilen namaz okamak jaýyzdyr.
9. Köýnegiň ýeňini çermäp namaza durmak.
10. Kyraeti doly gutarman ruku’a egilmek.
11. Ikinji rekagatda ilkinji rekagatda okan süräň ýa-da aýatyň öňündäki süräni ýa-da aýaty okamak.
12. Birinji we ikinji rekagatda okan iki suräniň arasynda diňe bir sure goýup geçmek. Mysal üçin birinji rekagatda Fil suresini, ikinji rekagatda Maun suresini okamak. Arada diňe Kureýş suresi galýar. Kerahatdan gutulmak üçin, eger yzly-yzyna okamajak bolsaň, arada iň azyndan iki sure goýulmalydyr.
13. Her namazyň birinji rekagaty ikinjiden, üçünji rekagaty dördünjiden uzyn bolmalydyr.
14. Iki rekagatda-da şol bir süräni gaýtalamak. Eger bilýäniň ýeke sure bolsa, mekruh bolmaz. Nafile namazlarda şol bir suräni gaýtalamakda kerahat ýokdur.
15. Namazda gözüňi ýummak ýa-da asmana dikmek. Ýöne huşuga zyýan ýetirjek, ünsüňi böljek bir zady görmejek bolup gözleriňi ýummak seretmekden ýagşydyr.
16. Namazda gaşanmak, deriňi sylmak. Eger-de bulary etmeseň, pikiriň bölünjek bolsa jaýyzdyr. Bir rekagatda üç gezek şol bir hereketi gaýtalamak amaly kesir saýylýar. Bu bolsa namazy bozýar.
17. Janly zadyň suratyna tarap sejde etmek. Janly zadyň suratynyň namaz okaýan ýeriňde bolmagy.
Ebu Talhanyň Pygamberimizden gürrüň bermegine görä: «Melekler içinde it ýa-da surat we heýkel bolan öýe girmez», (Buhary, Müslim, Ebu Dawud). Eger-de surat namaza duranyň ünsüni bölmejek derejede kiçi bolsa zyýany ýokdur. Şeýle hem ýadygärlik uly suratlary kybla tarapdan asmaly däldir.
18. Ýüzünde janly zadyň suraty bolan eşikli namaza durmak.
19. Bir uzur ýokka, sejde edeniňde diňe maňlaýyňy degrip oňmak.
20. Gatnawly ýolda, gonamçylykda, hammamda, hapa dökülen ýerde, haýwanyň damagynyň çalnan ýerinde (mezbahada), mal agyllarynda, Käbäniň üstünde namaza durmak.
Hanefilere görä, gonamçylykda mazar arka tarapyňda bolsa, namaz okamak mekruh däldir.
21. Mesjitde öň hatarda ýer barka, yzky hatarda durmak.
22. Ýanyp duran oda tarap bakyp namaz okamak. Şeme, çyra bakyp namaz okamakda kerahat ýokdur.
23. Başyňy örtere zat barka-da, ýaltalyk edip örtmedik ýagdaýyňda başyň açyk namaz okamak.
Namazda başyňa geýen gabyň üstünden selle oramak sünnetdir. Pygamberimiz: «Selleli okalan namaz sellesiz okalan namazdan ýetmiş esse sogaplydyr» (Taj) diýipdir. Käbir alymlara görä, başyň gaply namaz okamak hem selläniň ýerini tutýar.
24. Namazyň içindäki aýatlary, ruku’ we sejdelerde okalýan tesbihleri el bilen sanamak.
25. Öňüňden adam geçjek ýerde namaza durup, sütre goýmazlyk.
26. Sejdä baranyňda uzursyz halda elleriňi dyzlaryňdan öňürti ýerde goýmak, turanyňda hem dyzlaryňy elleriňden öňürti ýerden galdyrmak, ýa-da elleriňe direnip turmak.
27. Ruku’ we sejdede tesbihleri üçden az aýtmak.
28. Zerurlyk ýokka, eliňe ýa-da arkaňa çaga alyp namaza durmak.
29. Zerurlyk ýokka, erkek kişileriň ýüpek eşikli namaz okamagy.
Ýüpek namazlygyň üstünde namaz okamak bolýar.
30. Ýeke aýagyňa direnip, beýleki aýagyňy boş saklap namaz okamak ýa-da bir aýagyňy ýerden ýokaryk galdyrmak.

Namazda mekruh bolmaýan zatlar
1. Ýüzi suratly matanyň üstünde namaza durulsa, surat aýagyň aşagynda bolup, sejde ýerine düşmese;
2. Namazda ýylan, içýan öldürmek; Emma bu iş amaly kesirdir, eger göwre kybladan öwrülse namaz bozulýar.
3. Ýüzüňi öwürmän, gözüň bilen saga-sola seretmek;
4. Meýdanda namaz okan wagtyň sejde etjek ýeriňden ünsüňi sowjak zatlary aýyrmak.