"Allah Tagala bäş wagt namaz okaýan kişini jennete saljakdygyna wada berýär..."

Namaz kylmagyň peýdalary

Namazyň ynsana dünýewi-uhrewi, maddy-ruhy birgiden peýdasy bardyr.

1. Günde bäş wagtyna namaz okaýan ynsan hemişe Allahy ýatlaýar, özüni elmydam Onuň huzurynda ýaly duýar. Bu bolsa ol ynsanyň akylyna erbet düşünjeleriň gelmegine pursat bermeýär. Aslynda dünýädäki ähli erbetlikleriň gözbaşy Allahy unutmak we ýürekde Allah gorkusynyň bolmazlygydyr.

Namazyň farzdygyny inkär etmek, mü’mini dinden çykarýar, emma farzdygyny inkär etmän, diňe ýaltalyk sebäpli bu ybadaty amal etmeýänler ruhy taýdan uly ýitgä we zyýana galýarlar. Namaz okamazlyk dünýä we ahyret azabyna sebäpdir. Ahyret azaby barada Allah Tagala Kurany Kerimde şeýle buýurýar:

Ýüreginde Allahdan gorkusy bolmadyk we Allahy unudan öz nebsini, keýpi-sapany, bähbidini araýan tekepbir ynsandyr. Ol hak-hukugy, adalaty äsgermeýär. Şeýle adamlara ne kanun, ne polisiýa, ne-de sud täsir edip biler. Ol pursatyny tapsa, haram-halal diýmän ham-hyýalyny amal etmäge çalşar.

Ine, şonuň üçin Allah Tagala ynsan oglunyň kalbyna bir garawul goýupdyr. Ol garawul bolsa, hemişe Allahy ýatladýan, we Ondan howatyrlandyrýan namazdyr. Namazly kişi akylyny, gözüni, gulagyny, elini, aýagyny..., ähli agzalaryny erbetliklerden saklar. Başganyň malyna, janyna, namysyna göz gyzdyrmaz. Namazyň bu aýratynlygy Kurany Kerimde şeýle beýan edilýär:

«Namaz oka. Çünki, namaz ynsany fahşadan (zyna ýaly uly günälerden) we münkerden (her hili gabahat we bet işlerden) saklar.
(Ankebut, 45)

Pygamberimiz hem bu barada hadysy şerifinde:
– Biriňiziň gapyňyzyň öňünden bir derýa akyp ýatsa we her gün bäş gezek şol derýada ýuwnan ynsanda, heý, kir-hapa galarmy?– diýip sorady.
Sahaba:
– Ýok galmaz – diýip, jogap berdi.
Bu jogapdan soň, Resulullah:
– Bäş wat namaz hem şonuň ýalydyr. Suwuň kiri ýuwup aýryşy ýaly, namaz hem günäni ýuwar – diýip, namazyň ähmiýetini nygtaýar,
(Buhary, Müslim, Tirmizi, Nesaýy).

2. Namaz mü’miniň gündelik durmuşyny tertibe salýar. Musulman gündelik işlerini namaz wagtlarynyň arasynda berjaý edýär. Tertip-düzgünli işlemek ynsany durmuşda başarnykly, rahat ýaşadýar.

3. Namaz ynsanyň nebse erk etmegi, hasap bermek we öz-özüňe gözegçilik etmek ukybyny artdyrýar. Şeýlelikde, Ýaradanyň huzuryna çykjakdygyna ynanýan musulman eden işlerinde hata goýbermezlige yhlas edýär.

4. Allah Tagala bäş wagt namaz okaýan kişini jennete saljakdygyna wada berýär. Emma ynsan okan namazyny diňe Ýaradanyň ryzasy üçin, edep-ekramyna laýyklykda amal etmelidir. Bu barada Ubade b. Samitiň gürrüň beren hadysynda şeýle diýilýär:
«Gullaryna farz eden bäş wagt namazynyň ähmiýetini peseltmän, nogsansyz berjaý eden kişini Allah Tagala jennete saljakdygyna söz beripdir. Emma namazyny okamaýanlar üçin, şeýle wada ýokdur. Islese azap eder, islese bagyşlar»,
(Ebu Dawud, Nesaýy, Ibni Maje).
Mundan: «Namaz okamaýan asla jennete girmez» diýen manyny çykarmak dogry däldir. Allah islese, guluny razy bolan bir ýagşy işinden, ýa-da yslama eden hyzmaty sebäpli ähli günälerini, ybadat borçlaryny bagyşlap, jennete salyp biler. Bu Onuň lutuf we merhemetine degişli bir aýratynlyk, emma Hak Tagala namaz ybadatyny many-mazmunyna laýyklykda nogsansyz, doly amal eden kişini jennete saljakdygyny wada berýär. Bu barada Ebu Hureýreden gürrüň berilýän hadysda şeýle aýdylýar:
«Kyýamat gününde guldan ilkinji soraljak hasap – farz namazydyr. Eger bu namazy doly amal eden bolsa, örän ýagşy. Tersine bolan ýagdaýynda şeýle aýdylar: «Görüň, munuň okan nafile namazy barmy? Eger nafile namazy bar bolsa, farzdaky ýetmezçiligini şolar bilen dolduryň. Soňra beýleki farz amallary üçin hem şunuň ýaly höküm berler»,
(Tirmizi, Ebu Dawud, Nesaýy).
Şonuň üçin farz, wajyp ýa-da sünnet diýip tapawut goýman ybadatlary doly amal etmek mü’miniň esasy maksady bolmalydyr. Çünki, ybadat – dünýewi rahatlygyň, ruhy bagtyň çeşmesi bolşy ýaly, ahyret üçin hem iň uly taýýarlykdyr.

5. Namazyň dünýewi we uhrewi iň möhüm peýdalaryndan biri-de namaz okaýan kişiniň ýagşy niýet bilen eden amallarynyň ybadat hökmüne geçmegidir.
Ynsanyň namazyny okap, Allahyň hakyny doly berjaý edip, eklenjini halal ýerden gazanmak niýeti bilen bitirýän işleri, görkezýän gaýraty, ahyret nukdaýnazaryndan, boş we peýdasyz iş bolmaz. Olaryň hemmesi ybadat hökmüne geçer. Şeýlelikde, ynsanyň ähli ömri ybadata öwrüler. Onuň gaýraty we zähmeti Allahyň dergähinde asla riýa bolmaz.
Eger-de şol kişiniň eklenç üçin eden işi halka peýdaly iş bolsa, şol işden peýda görýän adamlaryň sanyça-da sogap gazanar. Şu bähbitleri gazanmagyň ýeke-täk hökmany şerti – farz namazyny okamakdyr.