Müzzemmil süresi, 20-nji aýat

«Kurandan aňsat düşýän aýatlary okaň»

Namazyň parzlary

Namazyň farzlary 12 sanydyr.
Bulardan 6-sy namaza başlamazdan öň berjaý edilmeli farzlardyr. Bulara namazyň şertleri diýilýär.
Beýleki 6-sy bolsa namaz başlandan soň berjaý etmeli farzlardyr. Bulara bolsa namazyň rükünleri diýilýär.

Namazyň rükünleri

Namazyň rükünleri, ýagny, içindäki farzlary şulardyr:
1. Iftilah tekbiri
2. Kyýam
3. Kyraet
4. Ruku'
5. Sujud
6. Kadeýi ahyre
Bulardan başga Ebu Ýusuf bilen Ymam Şafygy, Ymam Mälik we Ahmet b. Hanbele görä, namazda ta’dili erkana görä okamak hem farzdyr.

Iftitah tekbiri
Namaza «Allahu Ekber» diýlip başlanýar. Bu tekbire – namaza başlamak tekbiri manysynda – iftitah tekbiri diýilýär. Bu tekbire tahrime hem diýilýär.
Tahrime bir zady haram etmeklige diýilýär. Namaza «Allahu Ekber» bilen başlanandan soň, tä gutarýança, iýmek-içmek, dünýewi gürrüň, amal haram bolýandygy üçin iftitah tekbirine bu at berlipdir. Pygamberimiz bu barada şeýle aýdýar: «Namazyň açary tämizlikdir. Tahrimesi bolsa tekbirdir», (Ebu Dawud Tirmizi, Ibni Maje). Başga bir hadysynda: «Allah Tagala doly taharet kylmadygyň, kybla dönüp Allahu Ekber diýmedigiň namazyny kabul etmez» buýurýar, (Ebu Dawud). Ýene Pygamberimiz namazy ýalňyş okan bir sahaba namazy düşündirýärkä: «Namaza duran wagtyň tekbir getir», (Buhary, Müslim) diýipdir.
Hanefi alymlarynyň köpüsine görä, iftitah tekbiri namazyň bir rüküni däl-de, şertidir, emma namazyň rükünleri bilen doly bütewleşensoň, rükün kabul edilmegi has laýyk görlüpdir.
Beýleki üç mezhep ymamlary-da iftitah tekbirini rükün diýip kabul edipdirler.
Tekbir sözi – Allahu Ekberdir. Şeýle hem tagzym manysyndaky şu sözler bilen hem namaza başlamak mümkindir:
Allahul kebir, Allahul azym, Tebarekallah, Elhamdülüllah, Läilähäilallah, Allahümme, Allah...
Bismillah, Estagfirullah, E’uzü billah, Innä lillah we ş.m. sözler bilen namaza başlanmaýar. Çünki, bu sözlerde tagzym manysy ýokdur. Bular doga sözlemleridir. Bir elifi artykmaç aýdyp, Ä:llahu Ekber diýilse, namaza başlandygy bolmaz. Namazyň içinde şeýle diýilmegi sahyh bolan görşe görä, namazy bozýar. Çünki, many üýtgeýär.
Allah ismi jeliliniň elifi uzadylsa, Ä:llah (Allah barmy?) şübhe manysyny berýändigi üçin namazy bozýar. Alymlardan Muhammet ibn Mukatile görä, eger namaz okaýan kişi harplaryň nireden çekilip-çekilmeýändigini bilmeýän bolsa, onuň namazy bozulmaz.
Ymama uýmak üçin iftitah tekbirini kyýamdakaň doly getirmek şertdir. Şonuň üçin ymama ruku’daka uýan kişi «Ekber» sözüni ruku’da aýtsa ymama uýan hasaplanmaz. Ol täzeden dikelip, tekbir getirmelidir. Bu aralykda ruku’ geçirilse, şol rekagat geçirilen hasaplanar we kaza ediler.
Ymama birinji rekagatda ýetişen kişi iftitah tekbiriniň fazyletine ýeter. Birinji rekagatyň ruku’syna sähel gijigip, ymam bilen birlikde ruku’ eden kişi birinji rekagata ýetişen saýylar. Ruku’dan soňa galan bu rekagata ýetişen saýylmaýar.

Kyýam
Kyýam namazda dik durmak diýmekdir. Farz we wajyp namazlarynda kyýamda durmak farzdyr. Şonuň üçin kyýama güýji ýetýän kişiniň oturyp farz we wajyp namazlaryny okamagy jaýyz däldir.
Dik durmaga mejaly bolmadyk uzurly we hassa kişi namazy oturyp okap biler. Bir mütdet dik durmaga güýji ýetýän kişi şol aralyk kyýamda durup, soň oturmalydyr. Hatda diňe iftitah tekbirini kyýamda getirmäge güýji ýetse, tekbiri kyýamda alyp, soň oturmalydyr.
Sünnet we mustahap namazlaryny bir uzur bolsa-bolmasa oturyp okamak hem bolar. Emma afzal bolany kyýamda okamakdyr. Diňe ertir namazynyň sünneti we terawyh namazy farz ýaly okalýar.
Ruku’ we sejde edende ýarasyndan gan akjak bolsa ol kişi namazyny kyýamda ýa-da ýagdaýyna görä oturyp, ima (yşarat) bilen okamalydyr. Namazyny oturyp hem okap bilmeýän kişi arkan ýatan ýerinden ima bilen okamaly. Ol, mümkin bolsa, aýaklaryny kybla tarap öwürmelidir. Hakim bu mesele bilen baglanyşykly, Imrandan (r.a.), şu hadysy rowaýat edýär: «Mende babasyl keseli bardy. Hezreti Pygamberden nädip namaz okamalydygymy soradym. Pygamberimiz:«Dik durup oka. Eger kyn düşse otur, onda-da kyn bolsa, ýaplanyp oka» diýdi. Nesaýyda bu hadysyň dowamyna şu goşulýar: «Eger şonda-da güýjüň ýetmese, arkan ýatyp oka. Allah hiç kime güýjüniň ýetjeginden artykmaç ýük ýüklemez», (Buhary, Ebu Dawud, Tirmizi).

Kyraet
Kyraet kyýamdakaň Kurany Kerimden bir mukdar okamakdyr. Her musulmanyň Kurandan namaz okap biljek mukdarda aýaty ýat tutmagy farzy aýndyr. Fatiha we bir suräni ýat tutmak wajyp, Kurany tutuş ýatdan bilmek farzy kifaýedir.
Witir we nafile namazlarynyň ähli rekagatlarynda, iki rekagatly farzlaryň her iki rekagatynda kyraet farzdyr. Ýöne dört we üç rekagatly farz namazlarda diňe ilkinji iki rekagatynda Kuran okamak farzdyr. Şonuň üçin ilkinji rekagatda bilkastlaýyn Kuran okamagy terk etmek mekruhdyr. Undulyp terk edilse, sehiw sejdesini etmek gerekdir. Farzlaryň beýleki rekagatlarynda Fatihany okamak wajypdyr.
Namazda Kurandan aýat okamagyň farz mukdary Ymamy Agzama görä kyraet farz bolan her bir rekagatda, aýat gysga hem bolsa, azyndan bir aýat okamak farzdyr. Ymameýne we beýleki üç mezhep ymamyna görä, azyndan üç sany gysga aýat ýa-da üç sany gysga aýat mukdaryndaky uzyn bir aýaty okamak farzdyr.
Ýeke harpdan ýa-da ýeke sözden ybarat bolan aýatlaryň okalmagy sahyh bolan görşe görä ýeterlik däldir. Çünki, bu mukdar kyraet saýylmaz.
Kyraetiň farz edilmegi şu delillere esaslanýar: Allah Tagala şeýle buýurýar: – «Kurandan aňsat düşýän aýatlary okaň» (Müzzemmil, 20) Pygamberimiz hem şeýle buýrupdyr: «Kyraetsiz namaz ýokdur», (Müslim, Ebu Dawud).
Pygamberimiziň: «Fatihany okamaýanyň namazy kabul däldir» (Tirmizi, Darimi) hadysyny Hanefi mujtehidleri «Fatihasyz namazyň fazyleti ýokdur» manysynda düşündiripdirler. Çünki, bu hadys «Mesjide goňşy bolan kişiniň mesjitde okamasa namazy jaýyz bolmaz» (Darakutni) hadysyna meňzeýär. Yslam alymlary bu hadysa daýanyp, mesjide goňşy bolan biriniň özbaşyna öýde okan namazlaryna dürs däl diýip aýtmandyrlar. Belki, onuň namazy jemagatsyz okalany üçin jemagat sogabyndan mahrum galandyr we fazyleti azalandyr.
Bir aýaty jelileden başga aýaty bilmeýän kişi Ymamy Agzama görä, her rekagatda şol aýaty bir gezek okasa bolýar, Ymameýne görä bir rekagatda üç gezek gaýtalamalydyr. Ýöne üç aýaty bilýän biriniň şol bir aýaty üç gezek gaýtalamagy dürs däldir.
Aýatel-Kursi ýaly uzyn bir aýatyň bir bölegini birinji rekagatda, bir bölegini ikinjide okamak sahyh bolan görşe görä ýeterlikdir. Emma mümkin bolan ýagdaýynda muny etmezlik has gowudyr.
Jemagat bilen okalan namazlarda ymama uýan kişi Kuran jehri (sesli) okalan ýagdaýynda ymamyň okaýşyny diňlär, hafi (içiňden) okalýan namazlarda bolsa, hiç zat okaman durar. Çünki, jemagat üçin kyraet farz däldir. Bu meselä delil hökmünde şu aýat getirilýär:
– «Kuran okalan wagty ony diňläň we gürlemäň ki, size merhamet edilsin», (Araf, 204). Pygamberimiz bolsa bu mesele barada şeýle aýdýar:
«Bir kişi ymamyň yzynda namaz okasa, ymamyň okaýşy onuň hem okaýşydyr», (Ibni Maje).
Şafygylarda ymama uýan kişi hem (ymam jehri ýa-da hafi okasyn) Fatihany okar. Mälikiler we hanbelilerde bolsa ymama uýan kişi diňe hafi okalýan namazlarda kyraet eder.

Ruku’
Ruku’ elleriň aýasyny dyzçanaklaryň üstüne goýup egilmekdir. Ruku’da elleriň dyzyňa ýeter ýaly egilmek jaýyzdyr. Sünnete görä, ruku’ şeýle edilýär:
Bedeniň bilden ýokarsyny ýere parallel öňe egmeli. Başyňy dik saklamaly. Aýaklaryňy epmän, elleriňi dyzyňa ýetirmeli we barmaklaryň bilen dyzçanaklaryňy gysymlamaly. Başyň we arkaň düz bolmalydyr. Kyýama ýakyn görnüşde ruku’ etmek sahyh däldir.
Resulullahyň ruku’ edişini Ebu Humeýt şeýle düşündirýär:
«Hezreti Pygaberimiz ruku’ edende ellerini dyzlarynyň üstüne goýanyny gördüm. Ol arkasyny göni saklaýardy», (Buhary, Ebu Dawud). Hezreti Aişe ruku’da başyňy egmek şekilini şeýle habar berýär: «Resulullah ruku’ eden wagty başyny ýokary galdyrmaýardy, aşak hem egmezdi. Iki aralykda arkasy bilen deň tutardy», (Müslim, Ebu Dawud, Ibni Maje).
Aýallar ruku’a doly egilmeli däldir. Ruku’a ýakyn görnüşde egilmekleri ýeterlikdir.
Bili küýki adamlaryň diňe başyny egmegi ýeterlikdir. Oturyp namaz okaýan kişi ruku’ edende, maňlaýy dyzlaryna paralell bolýança bilini egmelidir.
Ymama ruku’da ýetişen kişiniň iki gezek tekbir getirmegi hökman däldir. Ol elini gulagyna ýetirmän diňe Allahu Ekber diýip namaza goşulmaly we derrew ruku’a egilmeli. Bu tekbir hem iftitah hem-de ruku’ tekbiriniň ýerine geçer.
Ymama uýan kişi ymamdan öň ruku’a egilse, ýene ymam ruku’a gitmänkä başyny galdyrsa, bu ruku’ ýeterlik bolmaýar. Ol kişi ymam bilen täzeden ruku’ etmese, onuň namazy bozulýar.
Ruku’daky tesbih:


Subhane rabbiýel-azym.

Sejde
Sejde etmek – burny, maňlaýy, elleri, dyzlary we aýaklary ýere degirmekdir. Sejdäniň manysy baş egmek, tewazug görkezmek diýmekdir. Her rekegatda iki gezek sejde etmek farzdyr.
Sejde we ruku’ halynda durmagyň farz mukdary ruku’ we sejde diýip boljak wagtdyr. Üç gezek tesbih okap boljak wagt durmak farz däldir-de sünnetdir. Bäş ýa-da ýedi gezek okamak mustahapdyr. Namazy ýeke özi okaýan kişi has köp tesbih okap biler. Emma ymam bolan kişi jemagatyň razyçylygyny alman, üçden artyk tesbih okap bilmez. Çünki, jemagaty ýadatmak we namazdan daşlaşdyrmak dogry däldir.
Sejdedäki tesbih:


Subhane rabbiýel-a’la.

Sejdäniň sünnete görä berjaý edilişi şeýledir:
Ilki dyz, soň, el, soň ýüz (alyn we burun) ýere degirilýär. Dyzyň we elleriň ilki sagy, soň soly ýere goýulmalydyr. Aýaklaryň barmaklary göni kybla bakyp, gollaryň bedeniňden daş tutulmalydyr. Barmaklaryň arasy bitişik bolmaly. Baş iki eliň arasynda ýere goýulýar we netijede bedeniň ýedi agzasy bilen sejde edilýär. Munuň delili ibn Abbasdan rowaýat edilen şu hadysdyr:
«Maňa ýedi süňk bilen sejde etmek emr edildi. Bular hem alyn (eli bilen burnuna yşarat etdi), iki el, iki dyz we iki aýakdyr», (Buhary, Müslim, Nesaýy).
Maňlaý degip, burun degmese sejde jaýyzdyr, emma bir uzur ýokka, burny degirmezlik mekruhdyr. Alyn we burnuň ikisi bilen sejde etmek wajypdyr. Alyn ýa-da burunda sejdä päsgel berjek bir uzur bar bolsa, üm (ima) bilen sejde ediler.
Sejdede iki aýagy ýere goýmak farzdyr. Şonuň üçin sejde edilýärkä iki aýagyň barmaklary ýere degmese namaz bozulýar.
Jemagatyň köplügi ýa-da bir uzur sebäpli ýere sejde edip bilmeýän kişi dyzlaryna ýa-da öňdäkiniň arkasyna sejde edip biler.
Sejde edilýän ýer gaty bolmalydyr. Maňlaý degirilende berklik duýulmasa, şol sejde jaýyz bolmaz. Sejde ýeri aýaklaryň duran ýerinden onki barmaga çenli, ýagny bir garyş belentlikde bolsa sejde etmek bolýar.
Her rekagatda iki sejde edilýär. Olardan biri bilkastlaýyn terk edilse namaz bozulýar. Eger undulyp, soň ýada düşse, arada iýip-içmek ýaly namaza gelişmeýän hereketler edilmedik bolsa, şol bada sejde edip we ondan soň soňky oturyşy gaýtalap, sehiw sejdesini etmelidir.
Sejde namazyň iň beýik rükünlerinden biridir. Şonuň üçin yslamda ybadathanalara ybadat edilýän ýer manysynda mesjit ady berlendir. Sejde Allah Tagala görkezilen tewazug we tagzymyň iň görnükli alamatydyr. Bir hadysy şerifde «Guluň Rabbine iň ýakyn bolan haly sejde edýän pursatydyr. Şonuň üçin sejdede köp-köp doga ediň», (Müslim, Nesaýy, Ahmet bin Hanbel, «el-Müsnet»).
Hezreti Pygamberiň azat edeni Sewban hezretleri Resuly Ekrem Serwerimize bir gün şeýle haýyş edýär: «Eý Resulallah, maňa bir amal öwret. Allah Tagala şony edenim üçin meni jennetine salsyn». Resulullah (s.a.w.) bu haýyşa şeýle jogap berýär: «Köp sejde etmäge çalyş. Her eden sejdäň üçin Allah bir dereje beýgelder, bir hataňy bagyşlar» (Müslim).

Ka’deýi Ahyre (soňky oturyş)
Bu namazyň soňky rekagatynda sejdelerden soň teşehhüt mukdary oturmakdyr. Teşehhüt mukdary tahyýýaty okaljak wagt aralygydyr.
Namazda ikinji we dördünji rekagatdan soň, oturmaga – kada diýilýär. Üç ýa-da dört rekagatly namazlarda birinji oturyşa «ka’deýi u’la» diýilýär. Soňky oturyşa «ka’deýi ahyre» diýilýär. Ilkinji oturyş wajyp soňky oturyş farzdyr. Iki rekagat namazlarda birinji oturyş ýokdur.
Soňky oturyşda teşehhüt mukdary oturmagyň farz bolşy şu hadysa daýanýar:
Pygamberimiz Ibni Mesuda teşehhüdi öwreden wagty şeýle buýrupdyr: «Muny aýdan ýa-da eden wagtyň namazyň tamamlanar», (Ebu Dawud Nesaýy). Ýagny, tahyýýaty okan ýa-da oturan wagtyňdan soň namazyň tamamdyr.
Oturyş düzgüni:
Birinji, ýa-da soňky oturyşlarda çep aýagyň gapdala ýatyrylyp, üstünde oturylýar. Sag aýagyň bolsa dik tutulyp barmaklaryň kybla bakdyrylýar. Eliň barmaklary sähel açyk ýagdaýda uýluklaryň üstünde goýulýar, emma dyzlaryňy tutmaly däldir. Göwräni dik tutup, gujaga bakylýar.
Aýallar bolsa iki aýaklaryny hem sag gapdala ýatyryp üstünde oturmalydyr.
Ebu Hanife we Ebu Ýusufa görä, iki, üç ýa-da dört rekagatly namazyň soňunda oturman turulsa, ýene bir rekagat okalyp sejde edilse, bu namaz nafilä öwrülýär. Bu ýagdaýda bir rekagat ýene üstüne goşulyp, jübüt rekagata laýyklanýar we soňunda salam berilýär. Sahyh bolan görşe görä, sehiw sejdesini etmek gerek däl.
Ymam Muhammede görä bolsa, namazda soňky oturyş terk edilip, bir rekagat okalyp sejde edilen ýagdaýynda bu namaz bozulýar, nafile ornuna-da geçmeýär.

Tahyýýat

Tahyýýat – magraj gijesinde Allah Tagala bilen söýgüli Habibi – iň soňky pygamberi, hezreti Muhammediň (s.a.w.) arasynda geçen gürrüňdeşlik bolup, ol sena, doga, selam we şahadat manylaryny öz içine alýan bir jümledir.
Manysy: Ähli dogalar, senalar, bedeni we maly ybadatlar Allaha degişlidir. Eý, Nebi! Allahyň salamy, rahmeti we bereketi saňa bolsun. Allahyň salamy bize we salyh gullara-da bolsun. Şaýatlyk edýärin, Allahdan başga ilah ýokdur we ýene şaýatlyk edýärin Muhammet (s.a.w.) Allahyň guly we resulydyr.

Namazda ta’dili erkan
Ta’dili erkan namazyň rükünlerini, ýagny, kyýam, ruku’ we sejde ýaly her bir rüknüni howlukman doly berjaý etmek diýmekdir. Mysal üçin, ruku’dan turanyňda göwräň doly dikelmelidir. Iň azyndan bir gezek «Subhane rabbiýel-azym» diýerlik pursat dik durup, soň sejde edilmelidir. Her sejde arasynda hem bir tesbih mukdary durmalydyr. Ruku’dan doly dikelmän sejdä barmak, birinji sejdeden soň, doly oturmazdan ikinji sejdä gitmek ta’dili erkana tersdir.
Namazda ta’dili erkana dykgat etmek Ebu Ýusufa, Şafygy, Mäliki we Hanbeli mezheplerine görä, namazyň bir rüknüdir we farzdyr. Bu berjaý edilmedik ýagdaýynda namaz fasid bolar, ony täzeden okamalydyr. Ymam Agzam we Ymam Muhammede görä bolsa wajypdyr. Namazda ta’dili erkan doly berjaý edilmese, sehiw sejdesi gerekdir. Ýöne şeýle okalan namazy täzeden okamak has gowudyr. Şeýlelik bilen ihtilafdan hem halas bolunýar.
Bu mesele bilen baglanyşykly Pygamberimiziň sagadat asyrynda şeýle bir hadysa bolup geçýär. Ebu Hureýre gürrüň berýär:
«Resuly Ekrem mesjidiň bir gyrasynda otyrdy. Içerik bir adam girdi. Namazyny okady, salam berdi, gelip oturdy. Resulullah salamyny alandan soň oňa: «Git, namazyňy täzeden oka. Seniň okanyň namaz bolmady» diýdi. (Bu ýagdaý üç gezek gaýtalanýar.) Şol sebäpli Resulullah: «Namaz üçin turan wagtyň ilki doly taharet kyl, soň kybla bakyp tekbir al, soň Kurandan özüňe iň ýeňil düşýänini oka, soňra bedeniňi rahat saklap ruku’ et, soň göwräňi doly dikeldip, kyýamda dur, soň bedeniňi rahat saklap sejde et, soň rahat otur. Muny namazlaryň ählisinde berjaý et» (Müslim) diýdi. Pygamberimiziň namazda iň köp ähmiýet berýäni ruku’ we sejdedir».

Başga bir hadysda: «Ynsan namazyny gowy okap, ruku’ we sejdäni howlukman doly ýerine ýetirse, okan namazy oňa şeýle diýer: «Sen meni nähili goran bolsaň, Allah hem seni şeýle gorasyn», eger başdansowma okap, ruku’ we sejdäni nogsanly etse, onda şeýle diýer: «Sen meni nähili zaýa eden bolsaň, Allah hem seni şeýle etsin».
Başga bir hadysy şerifde namazda huzura we huşug’a ýetmek, ta’dili erkana görä okamak barada şu ölçeg nesihat edilýär: «Namazy okanyňyzda hoşlaşýan ýaly, ýagny, iň soňky namazyňyzy okaýan ýaly, indiki namaza ömrüňiz ýetmejek ýaly okaň».
Musulman namazyny şu ruhda okasa, okan namazyndan, elbetde, uly huzur duýar, ruhy rahatlyk tapar.
Namazy nogsanly okaýan, ta’dili erkany berjaý etmeýän kişilere namaz ogrusy diýilýär. Ebu Said el-Hudri Resuly Ekrem Serwerimizden şu hadysy gürrüň berýär:
«– Ogrularyň arasynda iň erbedi namaz ogrusydyr.
– Bu nähili bolýar, eý, Resulallah?
– Namaz ogrusy namazyň ruku’ny, sejdelerini kemter eder. Ol huşug bilen namaz okamaz», (Ahmet b. Hanbel).

Namazdan öz erkiň bilen çykmak
Namaz okaýan kişiniň öz ygtyýaryna bagly bir iş bilen namazdan çykmagy bir rükün bolany üçin farzdyr. Emma Ymam Ebu Ýusuf we Ymam Muhammede görä farz däldir.
Şonuň üçin namazyň soňunda teşehhüt mukdary oturandan soň, bir tarapyna salam berse, gürlese, iýip-içse ittifak bilen namazy tamam bolar.
Pygamberimiz namazlaryny salam berip tamamlaýşy ýaly, salamyň farz däldigini görkezmek üçin teşehhütden soň, dürli amallara meşgul bolardy. Abdullah b. Amr b. Asyň (r.anhuma) habar beren bir hadysynda Resulullah şeýle diýipdir: «Ymam namazyny bitirip oturanda gürlemezden öň tahareti bozulsa, namazy tamam bolar. Şeýle hem ymamyň yzynda duranlaryň-da namazy tamam bolar», (Tirmizi, Ebu Dawud, Ibni Maje). Ibni Abbasyň (r.anhuma) gürrüň beren şu hadysy hem muny goldaýar:
«Resulullah teşehhüt mukdary oturandan soň, ýüzüni bize tarap öwrüp, şeýle diýerdi: «Bir kişiniň teşehhüt mukdary oturandan soň, tahareti bozulsa, onuň namazy tamam bolýar», (Buhary, Nesaýy, Ibni Maje, Ahmet b, Hanbel).
Ebu Ýusuf we Ymam Muhammede görä, teşehhüt mukdary oturanyňdan soň ygtyýaryna bagly bolmadyk ýagdaýda tahareti bozulan kişiniň, namazy tamam bolýar. Ymamy Agzama görä, namaz tamam bolmaýar. Ol kişi derrew taharet kylyp, öz ygtyýary bilen namazdan çykmalydyr, ýogsa onuň namazy batyl bolar.
Soňky oturyşda teşehhüt mukdary oturanyňdan soň, öz ygtyýaryňa namazdan çykmankaň, namazyň wagty çyksa, ýa-da başga namazyň wagty girse, Ymameýne görä namaz tamamdyr. Ebu Hanifä görä bolsa, kişi öz ygtyýary bilen namazdan çykmany üçin, namazy fasit bolar.
Şafygylara we mälikilere görä, soňky oturyşda namazdan çykmak üçin, birinji salamy bermek farzdyr. Bu birinji salam bilen namaz gutarýar. Hanbeliler bolsa iki tarapa hem salam bermegi farz saýýarlar. Olar bu meselede Pygamberimiziň şu hadysyna esaslanýar:
«Namazyň açary tämizlenmek, başlangyjy tekbir, ahyry salam bilendir», (Ebu Dawud, Tirmizi).
Hanefiler Resululahyň (s.a.w.) namazda teşehhüt mukdary oturandan soň salam bermän jemagata tarap öwrülip gürlemek ýaly başga işler bilen namazyny gutarandygyny bildirendigi barada rowaýatlara esaslanyp salamy farz derejesinde görmändirler. Namazyň soňunda salam bermek wajypdyr, (Ibni Abidin, Zuhaýly, Ibnül Hümam).