(Ebu Dawud)

«Aýal kämillik ýaşyna ýetende elinden we ýüzünden başga ýerini özgä görkezmegi halal bolmaz»

Namazyň parzlary

Namazyň farzlary 12 sanydyr.
Bulardan 6-sy namaza başlamazdan öň berjaý edilmeli farzlardyr. Bulara namazyň şertleri diýilýär.
Beýleki 6-sy bolsa namaz başlandan soň berjaý etmeli farzlardyr. Bulara bolsa namazyň rükünleri diýilýär.

Namazyň şertleri

1. Hadesden taharet
Namaz okajak kişiniň hadesden tämizlenmegi, ýagny taharetsiz (täretsiz) bolsa, taharet kylmagy, jünüp bolsa gusul etmegi diýmekdir.

2. Nejasetden taharet
Nejasetden taharet – namaz okajak kişiniň bedeninde, eşiginde, namaz okajak ýerinde şerigatyň nejis (gan, iriň, peşew...), pis saýýan bir zady bar bolsa, ol hapanyň arassalanmagy diýmekdir.

3. Setri awret
Ynsanyň owrat ýerlerini namazda örtmegine «setri awret» diýilýär.
Owrat ýerleri – erkek we aýalyň örtmegi farz bolup, başgalara görkezmegi haram bolan agzalarydyr. Erkeklerde owrat ýerleri göbekden dyzyna çenli aralykdyr. Aýallarda bolsa owrat ýüz,el, we aýaklardan başga bedeniň ähli ýeridir.
Pygamberimiz bir hadysynda: «Allah bulug ýaşyna ýeten aýalyň başy ýaglyksyz okan namazyny kabul etmez», (Ibni Maje, Tirmizi) diýip aýdýar. Başga bir hadysynda bolsa şeýle diýýär: «Aýal kämillik ýaşyna ýetende elinden we ýüzünden başga ýerini özgä görkezmegi halal bolmaz», (Ebu Dawud).
Owrat hasaplanýan agzanyň dörtden birinden az açylmagy namazy bozmaz. Namazdaka owrat ýeri açylsa, derrew açylan ýer ýapylsa, namaz bozulmaz. Bir rükün mukdary, ýagny, üç gezek «Subhanallah» diýerlik pursatdan soň ýapylsa, namaz bozulýar. Örtünmäni hem ýeke eliň bilen etmelidir. Çünki, iki eliň bilen edilen hereketler amaly kesire (uly herekete) girýär we namazy bozýar.
Erkek kişiniň ýüpek matadan tikilen eşik bilen namaz okamagy jaýyz däldir.
Erkek kişiniň başy ýapyk, doly egin-eşikli namaz okamagy mustahapdyr. Emma diňe owrat ýerleri ýapyk şekilde namaz okamak jaýyz hem bolsa mekruhdyr. Çäresiz ýagdaýda welin, kerahat ýokdur. Setri awret hem Halygyň hem mahlugyň hukugydyr. Şol sebäpli özünden başga biriniň ýok ýerinde (hylwatda) hem ynsanyň örtünmegi zerurdyr.
Özüňe seretmegi halal bolmadyk biriniň ýanynda owrat ýeriňi açman nejasetden arassalanmagyň mümkin bolmadyk ýagdaýynda namaz nejasetli okalar. Çünki, owrat ýeriniň açylmagy nehiý (gadagan) edilendir. Nejasetden arassalanmak bolsa emr edilendir. Bir meselede emr bilen nehiý birlikde gelse, nehiýni ýerine ýetirmek gerekdir.
Hapa degen eşik bilen namaz okamak, ýalaňaç okamakdan ewladyr – gowudyr. Çünki, iki sany deň bela uçran kişi ikisinden birini saýlamaga erklidir. Eger ýeňili bar bolsa, onda şony saýlamaly. Muňa dinimizde «ehweni şer» diýilýär. Nejaset bolsa ýalaňaçlykdan ehwendir – ýagşyrakdyr.

4. Istikbaly kybla
Istikbaly kybla – namazy Käbä tarap bakyp okamakdyr.
Kybla diňe Mekgeýi Mükerremedäki daşdan gurlan bina däldir. Şerigata görä kybla – Käbäniň üstünden tä arşa, aşaklygyna bolsa ferşe çenli uzaýan nurdan bolan sütündir. Şol sebäpli, kişi isle, uçaryň üstünde – Käbeden ýokarda bolsun, isle, ýeriň çuňluklarynda – Käbeden aşakda bolsun, bu nurany sütüne ýönelip namazyny okap, istikbaly kybla şertini berjaý eder.
Musulmanlaryň namaz okap durka mabetleriň iň gadymysy we iň mukaddesi bolan Käbä ýönelmegi olaryň agzybirlik ruhuny saklamak, köňüllerini ybadatyň ruhy joşguny we nury bilen aýdyňlatmak ýaly hikmetlere daýanýar. Ähli musulmanlaryň kybla ýönelip ybadat etmegi dil, reňk, millet, jyns tapawudyny aradan aýyryp doly söýginiň we bütindünýä dost-doganlygyň dikeldilmegine wesiledir.
Kyblanyň haýsy tarapdadygyny bilmeýän kişi, ilki töwereginden sorap anyklamalydyr. Başga kişiden sorara ýagdaý bolmasa, özi biljek bolmaly. Soňra Kybla haýsy tarapdadyr diýip karara gelse, şol tarapa bakyp okamaly. Eger-de, ýönelen tarapynyň kybla däldigini namazyndan soň bilse, şol namazyny gaýtadan okamagy gerek däldir. Emma soramaga adam barka, soraman ýalňyş tarapa bakyp okasa, onda şol namazyny gaýtalamalydyr.
Kyblanyň haýsy tarapdadygyna şübhe edip, soraman-etmän namaza duran kişi, kybla tarap dogry durup okaýanyny namazyny okap durka bilse-de, namazyny täzeden okamaly. Çünki, soňky rekagatlary şübheli okanlarynyň üstüne goşup bilmez. Emma namazyny doly gutarandan soň, dogry durup okandygyny bilse, onda namazyny gaýtalamaly däl. Ymam Ebu Ýusufa görä, bu iki ýagdaýyň ikisinde-de, namazy gaýtadan okamaga zerurlyk ýokdur.
Bir kişi hassalygy sebäpli kybla dönüp bilmese, öwrere-de ýanynda adam ýok bolsa, ýa-da duşmandan, wagşy haýwandan gorkusyna kybla bakyp bilmese, güýjiniň ýa-da mümkinçiligiň bolan tarapyna öwrülip namazyny okap biler.
Ulagda barýana farz namazyny okamak jaýyz däldir. Pygamberimiz ýolagçy wagty, ulagynyň üstünde diňe sünnet we nafile namazlaryny okapdyr.
Gämide ýa-da uçarda namaz okajak kişi ilki kyblany kesgitlemelidir. Onuň islendik tarapyna bakyp namaz okamagy dogry däldir. Namaz okap durka gäminiň ýa-da uçaryň ugry üýtgese, mümkin bolsa, ol hem kybla öwrülip namazyny tamamlamalydyr.
Awtobus, poýezd ýaly ulaglaryň namaz wagtynda durmazlygy kybap bir sebäp bilen namazyny okamaly bolan kişi mümkin bolan tarapa ýönelip namazyny okamaly, ulag haýsy tarapa ugruny üýtgetse-de, ol hiç ýana üýtgemän namazyny okap biler.
Kyblanyň haýsy tarapdadygy barada ihtilaf edilse, her kes özbaşyna namaz okamaly. Jemagat bilen okalan ýagdaýynda, ymamyň duran tarapynyň kybladygyna şübhe edýäniň namazy dürs bolmaz.
Farz we nafile namazlaryny Käbäniň içinde okamak dürsdür we ol ýerde islän tarapyňa bakmak bolýar.
Bir kişi namaz okap durka, hiç sebäpsiz göwresini kybladan öwürse namazy bozulýar. Diňe ýüzüni öwürse namazy bozulmaz, emma mekruh iş etdigi bolar. Onuň derrew kybla tarap öwrülmegi gerekdir. Namaz üçin kybla ýönelen bir kişiniň niýetinde «ýüzüm kybla» diýmegi şert däldir.

5. Wagt
Wagt – bäş wagt namazy öz wagtynyň dowamynda okamak diýmekdir. Wagt girmezden namaz okamak jaýyz däldir. Wagt geçenden soň okalan namazlar eda däl-de, kaza bolar, (ser. «Namaz wagtlary»).

6. Niýet
Niýet – kalbyň bir zada karar etmegi, şol işiň näme üçin edilýändigini oýlanman bilmegi diýmekdir. Namaz barada niýet – diňe Allah ryzasy üçin namaz kylmagy islemek we okaljak namazyň haýsy namazdygyny bilmek, ýürekden duýmak diýmekdir.
Niýet kalba degişli bir işdir. Şeýle-de bolsa, dil bilen hem aýtmagy has fazyletli görlüpdir.
Nafile namazlary üçin wagt bellenmeýär. «Allahyň ryzasy üçin namaz kylmaga niýet etdim» diýmek ýa-da kalbyň bilen niýet etmek ýeterlikdir. Emma bäş wagt namazyň sünnetlerinde «Niýet etdim şu wagtyň ilki sünnetini ýa-da soňky sünnetini» diýmek bolýar. Terawyh namazy üçin bolsa «Terawyh namazyny ýa-da wagtyň sünnetini okamaga niýet etdim» diýmelidir. Yhtyýata laýygy şudur.
Farz namazlarynda bolsa onuň wagtyny anyk aýtmak şertdir. Mysal üçin: «Şu günki öýle namazynyň farzyny okamaga niýet etdim».
Juma, baýram, jynaza we witir namazlarynda hem farz namazlary ýaly anyk wagt aýtmak gerekdir. Kaza namazlarynda haýsy wagt kaza ediljek bolsa anyk aýdylmalydyr. Bilinmeýän bolsa, mysal üçin: «Iň soňky kaza galan öýle namazyna niýet etdim» diýilmelidir.
Niýetiň iftitah tekbirine ýakyn edilmegi afzaldyr (has fazyletlidir). Niýet bilen tekbiriň arasynda iýmek-içmek, gürlemek ýaly namaza gelişmejek işler etmeli däldir. Tekbir getireniňden soň, edilen niýet bilen namaz sahyh bolmaz. Kabul edilen görüş budur. Başga bir görşe görä bolsa, eger niýet tekbirden soň, subhanekeden we e’uzüden öň edilse, namaz jaýyz bolýar.
Eda niýeti bilen kaza, kaza niýeti bilenem eda jaýyzdyr. Meselem, bir kişi öýle wagty geçen däldir diýip öýle namazyny eda niýeti bilen okasa, soň wagtyň geçendigini bilse, okan namazy öýläniň kazasynyň ýerine geçer.
Jemagat bilen namaz okalan ýagdaýynda, ymama uýýanyň namaza niýet bilen birlikde ymama uýmaga-da niýet etmegi gerekdir. Meselem: «Şu günki öýle namazynyň farzyny okamaga niýet etdim, uýdum şu ymama» diýilýär.
Bir kişi ymama uýmaga niýet edip, ymam heniz namaza başlamanka, namaza başlaýsa, ol kişi ymama uýan saýylmaz, Hatda «Allahu Ekber» sözüni ymam aýdyp gutarmazyndan öň aýtsa, ýene ymama uýan hasaplanmaz. Şol ýagdaýda ol kişi täzeden tekbir getirip ymama uýmalydyr.
Jemagatyň ymama uýmak niýeti ymamyň «Allahu Ekber» diýip namaza başlamagyndan soň edilmelidir. Bu ymameýniň görşüdir. Ymamy Agzama görä, jemagatyň tekbirleri ymamyň tekbirine ýakyn bolmalydyr. Diýmek, niýet ymamyň tekbiriniň öň ýanynda edilmelidir. Şeýle hem, ymam fatihaýy şerifeýi bitirmänkä, tekbir getirip, ymama uýan kişi iftitah tekbiriniň sogabyny alar.
Ymam boljak kişiniň ymamlyga niýet etmegi hökman däldir. Emma özüne aýallar hem uýýan bolsa, onda ymamete niýet etmek gerek bolýar. Şeýle ýagdaýda ymamyň: «Ene ymamün limen tebianiý» ýagny, «Men maňa uýanlara ymamdyryn» diýmegi ýeterlikdir. Ymam Şafyga görä hem jemagatyň tekbirleri ymamyň tekbirine ýakyn bolmalydyr.