Ebu Hureýreden rowaýat edilen hadysy şerif:

«Ymam «Ämin» diýen wagty siz hem «Ämin» diýiň. Çünki, kimiň diýen «Ämini» melekleriň diýjek «Äminine» gabat gelse, onuň eden günäleri bagyşlanar»

Namazyň sünnetleri

Namazyň sünnetlerini berjaý eden kişi iň kämil manyda namaz okar we has köp sogap gazanyp, Pygamberimiziň şefagatyna ýeter. Çünki, sünnetler Pygambere bolan söýginiň bir alamatydyr. Namazyň wajyplary nähili farzlaryň üstüni ýetirýän bolsa, sünnetler hem wajyplaryň üstüni ýetirýär.

Namazyň sünnetlerini bilgeşleýin ýa-da unudyp terk etmek namazy bozmaz, beýle ýagdaýda sehiw sejdesi hem gerek bolmaz. Ýöne magnewi mahrumlyga sebäp bolar. Allah gorasyn! Sünnetleri äsgermezlik we inkär etmek, kişini imansyzlyga eltip biler. Çünki, sünnet diniň hökümlerinden we esaslaryndan biridir.

Namazdan öňki we namazyň içindäki sünnetler şulardyr:
1. Bäş wagt namaz we juma namazy üçin azan aýtmak we kamat getirmek.
Jemagat bolup okaljak kaza namazy üçin hem azan we kamat getirmek sünnetdir. Öýünde ýeke özi namaz okaýan erkek kişiler üçin azan we kamat mustahapdyr. Aýallara azan we kamat getirmek gerekmez.
2. Namazda niýeti iftitah tekbirine ýakyn almak. Kalp bilen edilen niýeti dil bilen gaýtalamak.
3. Iftitah tekbirini aýdanyňda elleriňi ýokaryk galdyrmak. Erkek kişiler elleriniň başam barmagyny gulaklarynyň ýumşak ýerine, aýallar bolsa barmaklarynyň ujuny omuzlarynyň deňine çenli ýetirip, barmaklaryny açyp, aýalaryny kybla öwrüp: «Allahu Ekber» diýýärler.
Bu hereketi käbir alymlar towhyda yşarat diýip düşündirse, käbirleri dünýä işlerini arkada goýdum, bütin ruhum we bedenim bilen Allaha ýöneldim diýen yşaratyň bardygyny aýdýarlar.
Hezreti Omaryň gürrüň beren bir hadysynda Pygamberimiz: «Namaza başlanyňda elleriňi götermek namazyň zynatydyr. Her götereniňde on sogap bardyr, ýagny, her barmaga bir sogap düşer» diýipdir. Bu hadysa esaslanyp, şafygylar we hanbeliler her ruku’a eglenlerinde we dikelenlerinde ellerini ýokaryk göterýärler.
4. Iftitah tekbirinden soň elleriňi gowşurmak. Erkek kişiler göbekleriniň, aýallar bolsa, göwüsleriniň üstünde ellerini gowşurýarlar. Erkek kişiler çep eliniň goşarynyň daşyndan sag eliniň başam barmagy bilen külbikesini aýlap, galan üç barmagyny hem üstünde goýup, ellerini gowşurýarlar. Aýallar bolsa halka etmän, sag ellerini çep elleriniň üstünde goýýarlar.
5. Eller gowşurylandan soň, Subhanekäni okamak, soň Fatihany başlamankaň e’uzü-besmele aýtmak. Beýleki rekagatlaryň başynda diňe besmele aýtmak sünnetdir.
6. Subhanekäni we e’uzü-besmeläni hafi okamak.
Zammy suräniň başynda besmele aýdylmaýar. Diňe Ymamy Muhammet hafi kyraet bilen okalan namazlarda Fatihadan soň, okaljak süräniň başynda besmele aýtmagy jaýyz görýär.
7. Fatiha okalandan soň, içiňden «Ämin» diýmek sünnetdir.Ebu Hureýräniň gürrüň bermegine görä, Resulullah (s.a.w.): «Ymam «Ämin» diýen wagty siz hem «Ämin» diýiň. Çünki, kimiň diýen «Ämini» melekleriň diýjek «Äminine» gabat gelse, onuň eden günäleri bagyşlanar» diýipdir.
8. Ruku’a eglen wagtyň «Allahu Ekber» diýmek.
9. Ruku’da üç gezek Subhane rabbiýel-azym» diýmek. Bu bäş ýa-da ýedi gezek hem diýilýär.
10. Ruku’dan dikeleniňde Semi’allahu limen hamideh» diýmek.
11. Munuň yzyndan «Rabbenä lekel-hamd» diýmek.
12. Kyýamda uzury ýok bolsa, aýaklarynyň arasyny dört barmak açmak. Çünki, bu ýagdaý huşu’a has ýakyndyr. Şafygylara görä, iki aýak arasy bir garyş çemesi açylýar.
13. Ruku’da dyzlary tutanyňda barmaklaryň arasyny açmak. Aýallar ellerini dyzlaryna ýetirmeli däldir.
14. Ruku’da dyzlary epmezlik, arkaňy, başyňy göni tutmak. Aýallar ruku’da dyzlaryny epip, çala egilmelidir.
15. Sejdä baranyňda ýere ilki dyzyňy, soňra elleriňi, soňra ýüzüňi goýmak. Sejdeden galanyňda ilki ýüzüňi, soňra elleriňi, soňra dyzyňy ýerden götermek.
16. Sejdä baranyňda we turanyňda «Allahu Ekber» diýmek. Ruku’a we sejdä barlanda we dikelinende getirilýän bu tekbirlere intikal (geçiş) tekbirleri diýilýär. Bulary öz ýerinde we wagtynda etmelidir. Meselem: sejdä baranyňdan soň, tekbir aýtmak dogry däldir.
17. Sejdede ýüzüňi iki eliň arasynda goýmak. Eller ýüzden öňde ýa-da yzda bolmaly däldir. Eliň aýasy ýere doly degmelidir we barmaklaryň arasy bitişik bolmalydyr.
18. Sejdede üç gezek«Subhane rabbiýel-a’la» diýmek. Muny bäş ýa-da ýedi gezek hem aýtmak bolýar.
19. Sejdedekäň garnyňy uýlukdan, elleriňi göwräňden, goşaryňy ýerden daş saklamak.
Aýallar bolsa sejdede goşarlaryny ýere degirýärler we tirseklerini göwrelerine ýakyn tutýarlar, garynlaryny hem uýluklaryna degirýärler.
20. Birinji we soňky oturyşlarda sejde arasynda oturanyňda elleri kybla bakdyryp, uýluklaryň üstüne goýmak.
21. Oturanlarynda sol aýagyňy ýatyryp, üstünde oturmak, sag aýagyňy barmaklaryny Kybla bakdyryp, dik saklamak. Aýallar iki aýagyny hem saga ýatyryp oturýarlar.
22. Tahyýýaty içiňden okamak.
23. Soňky oturyşda tahyýýatdan soň, salawatlary, Allahümmagfirli we Rabbenä ätinä dogalaryny okmak.
24. Gaýry muekked sünnetleriň (ikindi we ýassynyň ilkinji sünnetleri ) birinji oturylyşynda tahyýýatdan soň salawatlary okamak. Terawyhda her oturyşda tahhyýat bilen salawatlar okalýar.
25. Namazdan soň ýüzüňi ilki sag soňra sol egniňe öwrüp salam bermek.
Ýeke özi namaz okaýan kişi salam berende, kiramen kätibin meleklerini göz öňünde tutýar. Jemagat bilen okaýanlar bolsa, melekleri, jemagaty we ymamy göz öňünde tutup, salam berýärler.
26. Ymama soň ýetişen kişiniň okamadyk rekagatlaryny tamamlamak üçin ymamyň soluna salam bermegine garaşmagy.
27. Öňi açyk meýidanda namaz okalanda sütre edinmek.

Namazda sütre edinmek
Sütre – öňi açyk ýerde namaz okaýan kişiniň öňünden geçenden penalanmak üçin goýýan bir zadydyr. Sütre iň azyndan bir arşyn (68-70 sm.) beýiklikde bolmalydyr. Sütre agaç, sütün, taýak, oturgyç we ş.m. zatlar bolup biler. Hadysy şerifde bir ok hem bolsa, sütre goýulmagyny emr edilipdir. Eger-de taýagy ýere dikmek mümkin bolmadyk ýagdaýynda uzynlygyna ýatyrmak hem bolýar. Eger sütre edere zat tapylmasa, namaz okaýan kişi öňüne uzynlygyna ýa-da ýaý görnüşinde bir çyzyk çekse-de bolýar. Eger ýere namazlyk ýazylsa, onda sütre goýulmasa-da bolýar. Çünki, ol ýere çyzylan çyzygyň ornuny tutup bilýär. Erkek kişiler öňünden geçýäni habardar etmek üçin sesini gataldyp bilýär, ýa-da «Subhanallah» diýse-de bolýar. Namaz okaýanyň öňünden geçilmegi onuň namazyna zyýan bermez, emma geçen kişi günäkär bolar. Namaz jemagat bilen okalan ýagdaýynda diňe ymamyň öňüne sütre goýmak ýeterlikdir.