Hadysy şerif:

"Allah Tagala size bir namazy zyýada edendir, ol hem witirdir. "

Namazyň wagtlary we namazda wagtyň ähmiýeti

Wagt namazyň syhhatynyň (dürslüginiň) iň esasy şertidir. Namazy wagtynda okamagyň sogaby uludyr. Ibni Mesud (r.a.) Resuly Ekremden (s.a.w.):
– Allahy iň razy eden amal haýsydyr?– diýip soraýar. Resulullah (s.a.w.):
– Wagtynda okalan namaz – diýip jogap berýär, (Tirmizi).
Wagtynda okalan namazyň hem iň fazyletlisi we sogaplysy wagty bolan badyna okalan namazdyr. Hadysy şerifde bu barada:
«Nirede namaz wagty bolsa, derrew namazyňy oka. Çünki, fazylet wagtyň başlangyjyndadyr» (Tirmizi) diýilýär. Başga bir hadysy şerifde bolsa:
«Namazyň ilki wagty Allahyň ryzasyna, orta wagty rahmetine wesiledir, ahyrky wagty bolsa afuwyna (bagyşlamagyna) wabesdedir», (Tirmizi) diýilýär.
Wagtynda okalmadyk namaz kaza galar. Kaza namazlary guly borjundan halas etse-de, wagtynda okalan namazyň berýän feýzini we kemalyny, uhrewi bähbidi we peýdany bermez. Şeýle hem, namazyň kazasynyň okalmagy ynsandan ybadat wezipesinde goýberen ahmallygynyň we gulluk borjuny wagtynda berjaý etmezliginiň günäsini aýyrmaz. Şol sebäpli namazy wagtynda okamak üçin, namazyň wagtlaryny bilmek zerurdyr.

Ertir namazynyň wagty

Ertir namazynyň wagty – ikinji fejriň düşmeginden Günüň dogmagyna çenli aralykdyr. Fejr – daň agarmagy diýmekdir. Fejriň iki görnüşi bardyr. Ýalançy fejir (fejri kazip) – gündogar tarapda göz’etimiň aňry çäginde dikligine döreýän agarmakdyr. Munuň sähelçe wagt yzyndan ýene garaňky düşer. Şonuň üçin muňa ýalançy fejir diýilýär. Bu ertir namazynyň wagty däldir. Oraza tutýanlar bu wagt aralygynda nahar iýip bilerler. Hakyky fejir (fejri sadyk) – gündogar tarapdan daş-töwerege ýaýrap gidýän agarmakdyr. Munda ertir namazynyň wagty başlaýar. Bu wagt aralygynda selällik edilmeýär. Pygamberimiz ertir namazynyň wagty bilen baglanyşykly şeýle aýdypdyr:
«Ertir namazynyň wagty ikinji fejriň başlamagyndan Günüň dogmagyna çenlidir», (Buhary, Ebu Dawud, Ibni Maje, Nesaýy).

Öýle namazynyň wagty

Öýle namazynyň wagty Günüň zewal wagtyndan başlaýar, ýagny, Ýeriň üstündäki islendik jisimiň kölegesi gündogara tarap uzamaga başlanda, öýle namazynyň wagty gelýär. Gün dik asmandaka herki zadyň kölegesiniň gysgalmasynyň togtaýan wagtyna «istiwa wagty» diýilýär. Jisimleriň şol wagtky kölegesine «feý-i zewal» diýilýär. Öýlän wagtynyň tamamlanmagy barada iki sany garaýyş bardyr: Ymamy Agzama görä, öýlän wagty zewal wagtyndan başlap, her bir zadyň kölegesi özünden iki esse uzaýança dowam edýär. Bu wagta «asry sani» diýilýär. Ebu Hanifäniň delili Pygamberimiziň şu hadysydyr:
«Öýle namazyny howa salkynlanda okaň, çünki, öýle wagtyndaky yssynyň howry dowzahyň howruny ýatladar», (Buhary, Müslim, Ebu Dawud).
Arabystan ýaly yssy ýurtlarda howanyň temperaturasynyň iň ýokary kaddyna ýetýän wagty kölegäniň bir esse uzaýan wagtydyr. Şol sebäpli, tomsuň güni öýle namazyny biraz salkyn düşensoň okamak mustahap saýylypdyr. (Mewsili, «Yhtyýar», Zuhaýli).
Ymam Muhammede, Ymam Ýuusufa we beýleki üç mezhebe görä, öýle namazynyň wagty feý-i zewaldan, jisimleriň kölegesiniň bir esse uzaýan wagtyna çenlidir. Muňa-da «asry ewwel» diýilýär.
Juma namazynyň wagty hem öýle namazynyň wagtydyr.

Ikindi namazynyň wagty

Ikindi namazynyň wagty ýokarda geçen iki garaýşa laýyklykda, öýle wagtynyň gutarmagyndan başlap, Gün batýança dowam eder. Öýle wagtynyň gutarýan mütdeti bilen baglanyşykly tapawutly garaýyşlar sebäpli, ikindi namazyny kölegäniň iki esse uzaýan wagtynda okamak iň laýygydyr.
Müžtehidleriň aglabasyna görä, ikindi namazyny Gün şöhlesiniň kütelip saralmagyna (ysfyrar) çenli gijikdirmek mekruhdyr. Çünki, Pygamberimiz şeýle buýrupdyr:
«Bu wagtda okalan namaz münafyklaryň namazydyr. Münafyk oturyp Güne garaşar. Gün şeýtanyň iki şahynyň arasyna girende (batmagyna az wagt galanda) howlugyp, ikindini dört rekegat okar we Allahy sähelçe ýatlar», (Mälik «Muwatta»).
Yslam alymlaryna görä, Kurany Kerimde geçýän «Salaty wusta» (orta namaz) ikindi namazydyr. Munuň delili hz. Aişäniň gürrüň beren şu hadysydyr:
Resulullah (s.a.w.) «Namazlary dowam ediň, orta namazyny-da dowam ediň», (Bakara, 238) diýen aýaty okady. Soňra-da: «Orta namaz ikindi namazydyr» diýdi.

Agşam namazynyň wagty

Gün ýaşandan soň, tä şapagyň doly ýitmegine çenli wagt aralygy agşam namazynyň wagtydyr. Bu ymameýniň görşüdir. Ymamy Agzama görä bolsa, namaz wagty Gün ýaşandan soň döreýän şapagyň yzynyň agarmagynyň hem doly ýitmegine çenli aralykdyr. Ibni Omaryň «Şapak - gözýetimdäki gyzyllykdyr» rowaýatyna görä, hanefiler agşam namazynyň wagty meselesinde Ebu Ýusufyň we Ymam Muhammediň fetwasyny esas edinýärler.

Ýassy namazynyň wagty

Ýassy namazynyň wagty şapagyň ýitmeginden başlap, ikinji fejriň dogmagyna çenli dowam edýär.

Witr namazynyň wagty

«Allah Tagala size bir namazy zyýada edendir, ol hem witirdir. Ony ýassy namazyndan soň, fejir wagtyna çenli okaň», («Nasbur-Raýe») hadysy şerife görä, witir namazynyň wagty ýassynyň wagtydyr. Witr namazyny ýassynyň farzyndan öň okamak jaýyz däldir. Gije oýanyp biljekdigine ynamy bolan kişiniň bu namazy gijäniň ahyryna çenli gijikdirmegi has fazyletlidir.

Terawyh (tarawa) namazynyň wagty

Bu namazyň wagty ýassy namazyndan soň, ertir namazyna çenli dowam eder. Bu namaz witirden öň hem, soň hem, okalyp bilner. Emma ýassy namazyndan öň okamak sahyh däldir. Remezan aýynda mesjidde terawyh namazyna ýetişen kişi, ilki ýassynyň farzyny we soňky sünnetini okap, soňra ymama uýup, terawyh namazyny jemagat bilen okamalydyr.

Baýram namazlarynyň wagty

Baýram namazlary jemagat bilen okalýar. Onuň wagty Gün dogandan 45-50 minut soň, ýagny kerahat wagty geçenden soň başlanýar we Günüň istiwa wagtyna çenli dowam edýär.
Baýram we terawyh namazlarynyň kazasy ýokdur.