"Özbaşdak namaz okaýan kişiniň öýle we ikindi namazlarynda hafi (içinden) okamagy wajypdyr. "

Namazyň wajyplary

Namazyň wajyplary farzlaryň üstüni ýetirýändir. Wajyplary amal etmek bilen nogsanlar aradan aýrylýar. Wajyplardan birini, ýa-da birnäçesini unudyp, terk edeniň üçin, namaz – sahyhdyr – bozulmaz. Ýöne sogaby nogsanly bolar. Bu nogsany aýyrmak üçin namazyň soňunda sehiw sejdesi edilýär. Netijede namaz tamam bolýar, sogaby hem egsilmeýär. Eger wajyplar bilgeşleýin terk edilse, bu tahrimen mekruhdyr. Şeýle namazy täzeden okanyň gowudyr. Bu ýagdaýda sehiw sejdesi namazy tamamlamaga ýeterlik däldir.
Namazyň wajyplary şulardyr:
1. Namaza Allahu Ekber sözi bilen başlamak. Iftitah tekbiri üçin Allah diýmek ýeterlikdir.
2. Namazlarda Fatihaýy şerifäni okamak. Beýleki üç mezhepde Fatiha okamak farzdyr.
3. Fatihadan soň gysga bir sure, ýa-da şoňa deňeçer üç sany gysga aýat, ýa-da uzyn bir aýat okamak. Muňa zammy sure diýilýär. Zammy sure farz namazlarynyň diňe ilkinji iki rekagatynda okalýar. Witir we nafile namazlarynda bolsa, ähli rekagatlarda Fatihadan soň zammy sure okamak wajypdyr. Çünki, nafile namazlarynyň her iki rekagaty öz başyna bir namaz saýylýar. Pygamberimiz: «Fatihasyz we suresiz okalan hiç bir farz ýa-da nafile namazy kanagatlanarlyk däldir» buýrupdyr, (Tirmizi, Ahmet b. Hanbel).
Beýleki mezheplerde zammy sure sünnetdir.
4. Fatihany zammy sureden öň okamak.
5. Namazyň rükünlerini tertibe laýyklykda berjaý etmek, az ýa-da artyk etmezlik.
6. Sejdede maňlaýyň bilen birlikde burnuňy ýere degirmek.
7. Üç ýa-da dört rekagatly namazlarda birinji oturyşy etmek.
8. Üç ýa-da dört rekagatly farz namazlary bilen witir we öýle namazynyň ilkinji sünnetinde ikinji rekagatdan soň tahyýýaty okap, göni üçünji rekagata turmak wajypdyr. Tahyýýatdan soň bir rükün eda etjek pursat ara beren kişä sehiw sejdesini etmek gerekdir. Çünki, teşehhüdi uzaltmak bilen farz gijikdirilýär. Bir rükün eda etjek pursat bolsa «Allahümme salli ala Muhammet» diýmäge ýeterlik pursatdyr.
9. Namazlaryň ilkinji we soňky oturyşlarynda tahyýýaty okamak.
10. Namazyň wajyplaryndan her birini ýerli-erinde doly berjaý etmek. Olar terk edilmeli ýa-da gijikdirilmeli däldir. Farzlary-da gijikdirmezlik wajypdyr. Meselem, kyýamda Kuran okap bolanyňdan soň eglenmän göni ruku’a egilmelidir. Eglenilse farz bolan ruku’ gijikdirildigi bolar. Şonuň üçin farzlar gijikdirilse, wajyp terk edilse, ýa-da gijikdirilse, sehiw sejdesini etmek gerekdir.
11. Özbaşdak namaz okaýan kişiniň öýle we ikindi namazlarynda hafi (içinden) okamagy wajypdyr. Gündiz okaljak nafile namazlarda hem kyraet hafi okalýar.
Ertir, agşam, ýassy we gije okalýan nafile namazlary bolsa jehri (sesli) okalsa-da bolýar.
12. Jemagat bilen okalan namazlardan ertir, baýram, juma, terawyh we witir namazlarynyň her rekagatynda, agşam we ýassy namazlarynyň ilkinji iki rekagatynda ymamyň jehri, beýlekilerde bolsa hafi kyraet etmegi wajypdyr.
13. Ymama uýan kişiniň Fatiha we sure okaman durmagy, ymamy diňlemegi wajypdyr. Ol diňe ruku’ aralaryndaky tesbih we dogalary öz başyna içinden okamalydyr.
14. Ymamyň iftitah tekbirini sesli aýtmagy wajypdyr. Özbaşdak okaýanlar ýa-da ymama uýanlar içinden aýtmalydyr.
15. Witir namazlarynda kunut dogasyny okamak we kunut tekbirini aýtmak. Jemagat bilen okalanda kunut dogalaryny hem ymam, hem jemagat içinden okamaly.
16. Namazyň içiňden okalýan sejde aýatyndan soň, tilawet sejdesine barmak.
17. Namazda ta’dili erkana riaýet etmek Ymamy Agzam we Ymam Muhammede görä wajypdyr.
18. Baýram namazlarynda üç gezek zyýada tekbirlerini aýtmak wajypdyr. Baýram namazlarynyň ikinji rekagatyndaky ruku’ tekbiri hem wajypdyr.
19. Namazlaryň soňunda ilki saga, soň sol tarapa öwrülip: «Es-selam» diýmek wajypdyr. Çünki, bu salam bilen namaz gutarýar. «Esselamu aleýkum we rahmetullah» diýmek sünnetdir.
Başga bir görşe görä, diňe sag tarapa salam bermek wajypdyr, sol tarapa salam bermek sünnetdir. Çünki, namazdan çykmak üçin diňe bir tarapyňa salam bermek ýeterlikdir. Şonuň üçin bir tarapyňa salam bereniňden soň, ymama-da uýulmaýar.
20. Ýalňyşyp, ýa-da unudyp terk edilen wajyplardan soň, sehiw sejdesini etmek wajypdyr.