Hadysy şerif (el-Heýsemi «Mejme’uz-zewaid», Tirmizi, Ibni Maje)

«Kimde kim agşam namazynyň farzyndan soň, alty rekagat namaz okasa, günäleri deňziň köpürjikleri-çe bolsa-da, Allah Tagala ony magfiret eder (bagyşlar)»

Nepil namazlar

Dini hökmanlyk ýokka, diňe fazylet we sogap üçin okalýan namazlara «nafile (nepil)» diýip at berilýär. Bu namazlara «tatawwu’» (borja girmeýän) hem diýilýär. Bäş wagtyň dowamynda okalýan sünnet namazlary hem nafile hasaplanýar.

Terawyh (Tarawa) namazy
Remezan aýynda 20 rekagat okalýan bu namaz erkekler üçin hem, aýallar üçin hem müekked sünnetdir. Çünki, bu namazy Pygamber Serwerimiz hem-de ondan soň Dört Çaryýarlar, ashaby kiram dowam edipdir. Terawyh namazyny jemagat bilen okamak sünnetdir. Ýeke hem okalyp bilner. Resulullah (s.a.w.) «Remezan aýynyň üçünji, bäşinji, ýedinji we ýigriminji gijelerinde bu namazy mesjitde jemagat bilen okapdyr. Soňra mü’minlere farz bolar endişesi bilen, özi ymamlyk etmändir. Pygamberimiz terawyh namazyny sekiz rekagat okadyp, galanyny öýünde okaýar eken. Jemagat hem şeýle edýärdi», (Buhary, Müslim, Tirmizi).
Terawyh witir namazyndan öň okalýar. Iň fazyletlisi her iki rekagatdan soň salam bermekdir. Her dört rekagatyň soňunda biraz oturyp dynç alynýandygy üçin, bu rekagata «terwyha» ady berlipdir. Köplügi bolsa terawyhdyr.
Terawyh namazynyň jemagat bilen 20 rekagat okalmagy hz. Omaryň halyflyk döwründe düzgüne girýär. Bu barada Ebu Hanyfe şeýle diýýär: «Terawyh güýçli sünnetdir. Hz. Omar ony özünden tapan däldir. Ol muňa hiç bir täzelik hem girizen däldir. Ol muny özüniň bilýän bir deliline daýanyp amal edipdir».
Käbir hadys alymlary Resulullahyň (s.a.w.) remezanda terawyhy jemagat bilen sekiz rekagat okamagy hem-de hz. Aişeden rowaýat edilen şu hadysa («Resulullah ne-hä remezanda, ne-de remezandan beýleki aýlarda on bir rekagatdan köp nafile namazy okamandyr») daýanyp, şeýle netijäni çykarypdyrlar: Terawyh namazynyň sekiz rekagatynyň muekked sünnet bolandygyna hiç hili şübhe ýokdur. Ibnül Humam ýaly käbir alymlar terawyhyň sekiz rekagatdan soňky rekagatlarynyň mustahapdygyny aýdypdyrlar. Bu edil ýassynyň farzyndan soňky sünneti dört rekagat okamagyň mustahap bolşy ýalydyr. Ýassynyň soňky sünnetiniň ilki iki rekagaty müekked sünnetdir, (Ibnül Humam, «Fethül Kadyr»).

Ewwabin namazy
Ewwabin, «ewwab» sözüniň köplügi bolup, toba we istigfar bilen Allah Tagala ýygy-ýygydan ýönelen kişi diýmekdir. Bu namaz agşam namazynyň sünneti bilen birlikde alty rekagat bolup agşam namazynyň farzyndan soňra iki-ikiden ýa-da agşam namazynyň sünneti bilen birikdirilip dört rekagat, soňra bolsa iki rekagat okalýar. Bu namazyň delili şu aýaty kerimedir:
«Şübhesiz, Allah ewwabini, ýagny, özüne ýygy-ýygydan ýönelenleri köp magfiret edip bagyşlaýjydyr», (Isra, 25). Şeýle hem Ammar b. Ýasirden (r.anhüma) şu hadys rowaýat edilipdir: «Kimde kim agşam namazynyň farzyndan soň, alty rekagat namaz okasa, günäleri deňziň köpürjikleri-çe bolsa-da, Allah Tagala ony magfiret eder (bagyşlar)», (el-Heýsemi «Mejme’uz-zewaid», Tirmizi, Ibni Maje).
Ibni Kesir tefsirinde Serwerimiziň: Agşam namazynyň farzyndan soň, alty rekagat namaz okanyň ewwabinden hasap ediljekdigini habar berip, yzyndan-da Isra suresiniň 25-nji aýatyny okandygyny belleýär.

Guşluk (duha) namazy
Guşluk namazy azyndan iki rekagat bolup, sahyh rowaýata görä, dört ýa-da sekiz rekagat hem okalyp bilner. Wagty – Günüň naýza boýy ýokaryk galandan başlap, tä istiwa wagtyna çenli dowam edýär. Bu barada hz. Aişeden (r.anha) şu hadys rowaýat edilýär: «Resulullah (s.a.w.) guşluk namazyny iki-ikiden dört rekagat okap, arasynda dünýä kelamyny gürlemezdi», (San’ani «Sübülüs-Selam»). Başga hadysda şeýle aýdylýar: «Pygamberimiz guşluk namazyny dört rekagat okardy we isledigiçe-de üstüne goşardy», (Müslim).
Buharynyň we Müslimiň rowaýat eden başga bir hadysynda guşluk namazynyň iki rekagatdygy bellenýär. Guşluk namazynyň sekiz rekagat okalmagy has fazyletli bolup, iň laýyk wagty hem gündiziň dörtden biri geçenden soňradyr.

Taharet (Täret) namazy
Taharet kylnandan ýa-da gusul alnandan soň, mümkinçiligiň bar bolsa, endamyňdaky çyg gurap ýetişmänkä, iki rekagat namaz okalmagy mendupdyr. Pygamberimiz (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kimde-kim tertibine laýyk taharet kylyp, soň kalby bilen niýet edinip, iki rekagat namaz okasa, şol kimsäge jennet wajyp bolar», (Buhary, Müslim, Ebu Dawud). Bu namaz taharet we gusul nygmatyna ýetmegiň bir şükrüdir.

Tahyýýatül-mesjid namazy
«Tahyýýe» – salam bermek diýmekdir. «Tahyýýatül-mesjid» diýmek bolsa, mesjide salam bermek manysyny berýär. Mesjide giren kişä mesjidiň Rabbine salam berip, tagzym etmek maksady bilen iki rekagat namaz okamak mendupdyr. Pygamberimiz bu barada şeýle ündäpdir: «Sizden biri mesjide girende, iki rekagat namaz okaman oturmasyn», (Buhary, Müslim, Tirmizi, Nesaýy).
Hanefilere görä, bir kişi mesjide girende kerahat wagty däl bolsa, bu namazy okamaly. Ýöne farz ýa-da sünnet namazy hem tahyýýatül mesjid namazynyň ýerini tutýar. Tälim, terbiýe we ş. m. sebäpler bilen bir günde birnäçe gezek mesjide girýän kişiniň bu namazy bir gezek okamagy ýeterlikdir. Şeýle hem kerahat wagty ýa-da başga bir sebäp bilen tahyýýatül-mesjid namazyny okap bilmedik kişiniň "Subhanallahi welhamdulillahi we lä ilähe illallahu wellahu ekber" diýmegi mustahapdyr.
Bir kişi mesjide girende tahyýýatül-mesjid namazyny okaman otursa, bu namaz borjy onuň egninden aýrylmaýar. Çünki, Ibni Hibbanyň sahyhynda rowaýat edilen bir hadysy şerifde şeýle buýrulýar: «Eý, Ebu Zer! Mesjidiň tahyýýe haky bardyr. Onuň tahyýýesi (salamnamasy) iki rekagat namazdyr. Tur, iki rekagat namaz kyl». Bu hadys tahyýýatül-mesjid namazynyň oturanyňdan soň hem turup okalyp bilinjekdigini, emma iň fazyletlisi oturmazdan öň okamakdygyny görkezýär. Şeýle hem, juma günleri mesjide gidilende, eger-de, ymam wagyz-nesihat berýän, ýa-da Kuran okalýan bolsa, tahyýýatül-mesjid namazyny okaman oturyp diňlemek iň ýagşysydyr. Çünki, Kurany we wagyz-nesihaty diňlemek farzdyr.

Tehejjüd (gije) namazy
Gije namazynyň wagty aýratyn hem gijäniň soňky böleginde okalýan namazdyr. Bu namaz gündiz okalýan nafile namazlaryndan has fazyletlidir. Çünki, Allah Tagala şeýle diýýär: «Olar ýatan düşeklerinden ýaltanman turup, umyt we gorky bilen Allaha doga edýär. Olara beren ryzkymyzdan Allah ýoluna harçlarlar. Muňa derek olar üçin taýýarlanýan sylag-serpaýy hiç kim bilmez. », (Sejde16, 17). Pygamberimiz hem şeýle diýýär: «Farz namazyndan soň, iň fazyletli namaz gije namazydyr», (Müslim). Müslimiň
«Sahyhyndaky» başga bir hadysda: «Gije namazyny okaň. Çünki, gije namaz okamak sizden öňki salyh gullaryň adatydyr. Bu namaz sizi Rabbiňize ýakynlaşdyrar, günäleriňize keffaret bolup, nefsiňizi günälerden saklar» diýlipdir.
Tehejjüd namazy iki rekagatdan sekiz rekagata çenli okalyp bilner. Her iki rekagatdan salam berilmegi has fazyletlidir.
Kurany Kerimiň:
«Eý, Muhammet! Gijäniň bir bölüminde oýanyp, diňe saňa mahsus bolan ybadat bilen Kuran okap, gije namazyny kyl. Şonuň üsti bilen Rabbiň seni Makamy Mahmuda ýetirjekdigine umydygär bol», (Isra 79), diýen aýatyna esaslanyp, käbir alymlar tehejjüd namazynyň Pygamberimize farzdygyny belleýär. Hezreti Dawud (a.s.) hem gijäni alta bölüp, soňky dördünji, bäşinji bölüminde turup, namaz okar eken.
Tehejjüd namazyna beýleki mü’minleri höweslendirýän ençeme aýat we hadys bardyr. Allah Tagala şeýle buýurýar:
«Eý, Muhammet! Rabbiň seniň we ýanyňdaky ashabyňdan bolan jemagatyň gijäniň üçden ikisinde, ýarysynda ýa-da üçden birinde namaz üçin turup, namaz okaýanyňyzy şübhesiz bilýändir», (Müzzemmil 20). Başga bir aýatda:
«Olar gijäniň az böleginde uklap, säher wagty bolsa istigfar ederler», (Zariýat, 17,18), diýlip beýan edilýär. Takwalyga eýerenleriň Allaha säher wagtynda istigfar eden kişilerdigini Äli Imran suresiniň 16-17-nji aýatlary habar berýär. Säher wagty gijäniň soňky altydan bir bölegidir. Säher wagty seýýidül-istigfar ady berlen şu dogany köp okamak-da mendupdyr:
«Allahym! Meniň Rabbim Sensiň. Senden başga ilah ýokdur. Meni Sen ýaratdyň. Men Seniň guluňdyryn. Güýjümiň ýetdiginden Saňa beren söz we ähdimde durýaryn. Eden işlerimiň şerinden Saňa sygynýaryn. Maňa beren nygmatlaryňy ykrar we günälerimi boýun alýaryn. Meni bagyşla, çünki, Senden başga günäleri bagyşlap, ýalkajak ýokdur», (Buhary, Tirmizi).

Istihare namazy
Istihare – bir zadyň haýyrlysyny dilemek diýmekdir. Istihare namazy mübah bolan bir işde nähili hereket etmegiň dogrudygy bilinmeýän ýagdaýda okalýar. Bu iki rekagat namazdyr. Istihare namazynyň birinji rekagatynda «Käfirun» ikinji rekagatynda bolsa «Yhlas» suresini okamak mustahapdyr. Bu namazdan soň, Resulullahdan rowaýat edilen käbir dogalary okamalydyr. Istihare dogasy hökmünde iň meşhury Jabir b. Abdullahdan (r.a.) rowaýat edilen şu hadysdyr:
«Allahym! Sen bilýänligiň üçin, senden özüm hakynda maňa haýyrlysyny bildirmegiňi dileýärin. Güýjüňe daýanyp, Senden güýç we takat dileýärin. Haýyra eýermegimi, seniň bol fazly-keremiňden nyýaz edýärin. Çünki, Seniň her bir zada güýžüň ýetýär. Men bolsa ejizdirin. Sen her bir zady bilýärsiň. Men welin bilmeýärin. Sen gaýyby älemi durşuna bilýärsiň.
Allahym! Sen bu işiň meniň dinim, ýaşaýşym, işim hem dünýä we ahyretim üçin haýyrly bolsa, muny maňa nesip we miýesser eýle. Şeýle hem mundan meniň üçin feýiz we bereket yhsan et. Eger bu iş meniň dinim, ýaşaýşym, işim hem-de dünýä we ahyretim üçin haýyrly däl bolsa, muny menden sow, meni hem ondan daşlaşdyr. Meniň üçin kalbymdaky oňa bolan meýli aýyr we meniň üçin haýyr nirede bolsa şony miýesser et, şeýle hem bu meselede menden razy bol», (Buhary, Tirmizi).
Istihareden soň kybla bakylyp ýatylýar. Eger düýşüňde ak ýa-da ýaşyl görmek haýyra we gowulyga; gara ýa-da gyrmyzy görmek bolsa şere ýorulýar. Istihare namazyny we dogasyny ýedi gezek gaýtalamak gerekdir. Ibnüs-Sünniden bu barada şeýle rowaýat edilipdir: (Zuhaýli).
Namaz okap istihare etmek mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýda, diňe ýokardaky dogany okap istihare etmek hem bolar. Ýöne bir meselede istihareden hem gowusy şol meseläni bilýän adamlar bilen maslahat etmekdir. Çünki, her kes istihare edip bilmez.

Toba namazy
Ynsan bir günä iş etse, muňa derrew toba etmelidir. Şonuň üçin taharet kylyp, çola ýerde iki rekagat namaz okap, Allahdan günäsiniň geçilmegini dilemelidir. Bu mendupdyr.

Ýolagçy namazy
Bir musulmanyň ýola çykjak wagty, ýa-da ýoldan dolanan wagty iki rekagat namaz okamagy mendupdyr. Bu namazy giden wagtyň öýüňde, gelen wagtyň-da mesjitde okamak has fazyletlidir. Buharynyň bir hadysynda: «Pygamberimiz (s.a.w.) sapardan gündiz guşluk wagty dolanardy, Mesjidi Nebewiýä gidip iki rekagat namaz okap, ol ýerde ep-esli salym oturardy» diýip rowaýat edilýär.