Oraza (agyz bekelemäge) haçan we nähili niýet etmeli?

Makalalar>>Oraza nähili niýet etmeli

Bu soragyň jogabyna geçmezden öň imsak bilen guşlugyň nämedigini öwreneli.

Kalendarlardaky “imsak wagty”, agzyny beklemek isleýän adamyň iýip-içgisini bes etmeli wagty, ertir namazyňam kylynyp bolýan wagtydyr.

Guşluk, gün dogandan takmyny 45 minut soň başlap, öýle namazyna 20 minut galanda gutarýar.

Orazaň möhüm şertleriniň biri hem niýetdir. Niýetsiz oraza sahyh däldir, kabul bolanok. Şol sebäpli hem; niýeti haçan we nähili etmelidigini bilmeli.
Niýet wagtyna görä oraza ikä aýrylýar:
1- Agşamdan başlap gündiz guşluk wagtyna çenli niýet edip bolýan oraza;
Bular, Remezan orazasy we nepil orazalardyr. Bu orazalar üçin gije imsak wagtyndan öň niýet edip bolşy ýaly, gündiz guşluk wagtyna çenli hem niýet edip bolýar. Gije niýet etmek has fazylatlydyr. Gündiz edilen niýetiň sahyh bolmasy üçin, imsak wagtyndan soň hiç zat iýilip-içilmeli däl, ýa-da orazany bozýan başga zat edilmeli däl. Eger orazany bozýan bir zat edilse, onda gündiz edilen niýet sahyhlygyny ýitirýär.

2- Imsak wagtyndan öň, gije niýet edilmeli oraza:
Bular hem; Remezan aýynda tutup bolmadyk we başga wagtda kaza edilýän orazalar bilen her hili kefaret orazalary, başlanyp bozulan nepil orazalaryň kazalary.
Bu orazalar üçin bellenen bir wagt bolmanlygy sebäpli, bular üçin imsak wagtyndan öň gije niýet edilmeli. Bu orazalar üçin daň agarandan soň, yagny imsak wagty geçenden soň niýet edilenok. Remezan orazasyna agşam wagtyndan başlap guşluk wagtyna çenli niýet edip bolýar.
Aslynda oraza seläligi iýeňden soň niýet edilýär. Emma selälige turup bilmedik, imsak wagtyndan soň turan biri, gün doganam bolsa guşluk wagtyna çenli şol günüň orazasy üçin niýet edip bilýär. Imsak wagtyndan soň orazany bozýan hiç zat etmedik bolsa bolýar. Selälige turasy gelmeýän agşamdan soň ertesi güniň orazasy üçin niýet edip bilýär. Gije gaýtadan turup niýet etmek hökman däl.
Niýet esasy ýürek bilen edilýär. Ýagny gije, ertesi günki orazany tutjagyny bilýän biri şol niýetini bilse ýetýär. Oraza tutmak üçin selälige turan adam, dili bilen aýtmasadam niýet eden bolýar. Emma, ýürekden edilen bu niýet dil bilen hem etmek has fazyletlidir. Her güniň orazasy üçin aýratyn niýet edilmelidir.