Sowgat görünişli para

Makalalar>> Sowgat görünişli para

Para (wzýatka) bir adamyň nähak ýere bir işi ýerine ýetirip gazanan zadydyr. Para dinimizde uly günädir we alanadam, berenedem lagnat (gargynç) edilendir (Ebu Dawud, Akdiýe 4). Sahabalardan Abdullah ibni Mesud paranyň nä dereje uly günädigini düşündirmek üçin Pygamberimizden (sallallahu aleýhi we sellem) şu hadysy rowaýat edipdir: “Kazynyň para almasy kapyrlykdyr.” (Taberani, Müjemil Kebir, 9/226)

Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem), Abdullah ibni Rewahany Haýbar ýahudlaryndan (ýewreý) salgyt almasy üçin ugratdy. Ýahudlar para hödürlediler, Abdullah ibni Rewaha hem gaharlanyp “edýän zadyňyz üçin sizi ýigrenýän” diýdi. Ýahudlar onuň bu jogabyny halap “Asmanlar we ýer seniň şu hereketiň hormaty üçin entegem durlar” diýdiler.

Sowgat görünişli paralar barada hem Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär: “Bu ymmat sowgat ady bilen berilen bir zady haram bolsadam halal görmäge başlanda, bu olaryň helägi bolar” (Ahmed ibni Hanbel, Müsned). Ýagny adamy kapyrlyga tarap süýräp akitjek uly günadir.

Başga bir hadysy şerifde hem şeýle diýilýär:
“Kim başga biri üçin araçy bolsa, garşydaky bu iş üçin sowgat berse, olam bu sowgady kabul etse, faýyz (süýthorlyk, prosent) gapylaryndan uly bir gapa girdigi bolar” (Ebu Dawud, Büýu 84)

Bir adamyň işini çözmek üçin araçy bolmak, kömek etmek gowy zat emma bu iş üçin sowgat ýa pul almak faýyz hasap edilýär. Bärde aýdyljak bolunýan araçylyk döwlet ýa-da firmada araçy bolmakdyr. Ýagny tanyş bolany üçin, pul ýa-da sowgat alyp beýleki adamlar bilen deň şertlerden çykaryp nähak ýere işi çözüp bermek günädir.

Käwagt edaralarda sowgat ady bilen para talap edýänler çykyp bilýär. Hakyň bolan işi hem bir zatlar bermeseň etmeýän ýa-da böwet bolýan adamlar bolup biler. Para berseň Pygamberimiziň gargynjy bar, bermeseňem işiň edilenok; bu ýagdaýda näme etmeli?

Bu kesel jemgyýeti gurşap alan bir keseldir. Jemgyýetdäki her bir adam bu erbet endik bilen göreşmelidir. Hemme ýurtlarda bolşy ýaly biziň ýurdumyzdadam kanun tarapyndan gadagan edilendir. Bize düşýän wezipe çagalarymyzy namysly, ahlakly we dinini bilýän adamlar edip ýetişdirmek we jemgyýetimiziň bu keselden gutulmasy üçin doga-dileg etmekdir. Şeýdip doga-dileg etmek parany halamaýşymyzyň alamatydyr. Elimiz ýa-da dilimiz bilen päsgel berip bilmeýän meselämizde iň azyndan kalbymyzdaky ýigrenç, we doga-dileg bilen Alla görkezmeli.

Soraga dolanyp gaýdaly: bir adam, din tarapyndan özüne berilen haky alyp bilmeýän bolsa, almak üçin sowgat görünişli para talap edilýän bolsa, talap edilýän zady kalbyndaky ýigrençlik bilen nälaç berip hakyny alyp biler (Beýhaki, Sünen, 10/139). Ýeri gelende şuny hem aýdyp geçeli: Beýle bir zady etmäge mejbur bolan adam, ilki bilen başga çäreleri barlap görmeli; çäre tapylmadyk ýagdaýynda ýokarky rugsady ulanyp biler. Islenen wagty parany bermek we edilen zada razy bolan ýaly görünmäli däldir. “Din tarapyndan berilen hak” meselesi hem möhüm meseledir. Sebäbi dinimiziň bize bermedik hakyny, özümizçe “hakym” diýip her islänini aljak bolmak we her giden ýerinde para paýlamak günädir.

Başga bir mesele hem: Diňe bir gezek edilýän ýa-da etdirilýän işlerde, sagbolsun üçin beriljek sowgat işiň soňunda berilmelidir. “Şu sowgadymy al, emma şu işimäm çözüp ber” diýip ýa-da şol pikir bilen berilýän sowgat para hasap edilýär. Emma işiň dynandan soň, mundan soňam ol adama işiň düşmejek bolsa sowgat berip bolar. Emma ol adama ýygy-ýygydan işimiz düşýän bolsa, ýa-da ýene işimiz düşjek bolsa, sowgat bermek dogry däldir. Sebäbi işiň başynda berilen sowgat şol işiň parasy bolar. Işiň soňunda berilen sowgadam indiki işiň parasy bolar.

Indi bolsa döwlet edaralarynda ýa-da firmalarda işleýänleriň jogapkärçilikleri barada käbir zatlary aýdyp geçeliň. Döwletiň bize beren wezipesini ýerine ýetiremizde adamlardan sowgat garaşmaly däl we talabam etmeli däl. Pygamberimiziň durmuşyndan bir pursada syn salalyň:

Bir gün Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) sahabalardan birini adamlaryň zekatlaryny ýygnamak üçin ugradýar. Bu sahaba giden ýerlerinde käbir sowgatlar berildi. Sahaba yzyna dolanyp: “Bular zekat diýip berilenler, bularam maňa sowgat berilenler” diýende, Pygamberimiz haýbat bilen minbere çykdy. Alla hamd edenden soň şeýle diýdi: “Men araňyzdan birini Allanyň buýran işi üçin wezipelendiremde ol “bular zekat, bularam maňa berilen sowgatlar” diýýär. Bu adam ene-atasynyň öýünde oturan wagty sowgatlar aýagynyň düýbüne çenli gelerdimi? Allanyň adyna kasam edýärin, kim nähak ýere bir zat alsa, şol zat boýnundan asylgy ýagdaýda direldiler. Alan zady düýe ýa-da sygyr bolsa möläp, goýun bolsa mäläp Allanyň huzuryna barar.” Soňam Pygamberimiz ellerini galdyrda üç gezek “Eý Allam, olara aýtdymmy?” diýip üç gezek gaýtalady (Ebu Dawud, Haraç, 11). Hadysdan hem düşünşimiz ýaly döwletde ýa-da firmada etmeli işimiz üçin sowgat alsak nähak gazanç bolýar.