Alkogolsyz Piwo Içmek Halalmy?

Makalalar>>Alkogolsyz Piwo Içmek Halalmy?

Alkogolly içgileriň ählisi miwe we däne önümleriniň maýalanmagy, fermentasiýa geçirmegi arkaly öndürilýär. Alkogolly içgiler durşuna alkogol däldir. Içinde suw, şekerli maddalar we ş.m. zatlar bar. Bedene zyýar berýän we haram bolar olar däl-de içindäki etil alkogoldyr.

Etil alkogol her içgide üýtgeşik mukdarlarda bardyr. Mysal üçin piwoda 5-7%, şerapda 15-20%, jin ýa-da likorda 45-50%, arak we wiskide bolsa 65-70% möçberinde alkogol bardyr.

Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) bir hadysy şeriflerinde şeýle buýurýar:
“Köp mukdarda (içilende) şerhoş edýän zadyň az mukdary hem haramdyr.” (Tirmizi, Eşribe 3)

Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, piwoda 5-7% möçberinde alkogol bardyr. Alkogolsyz piwo bolsa alkogoly azaldylan piwodyr. Ýagny içinde 0,5-1,5% möçberinde alkogol bardyr. Alkogolsyz piwo hem adaty piwo yaly öndürilýär, diňe iň soňky tapgyrynda alkogol gyzdyrmak ýa-da howa boşlugy usuly bilen azaldylýar. Agzalan hadysdan ugur alsak, onda “alkogolsyz piwo” diýilýän içgi hem haramdyr.

Alkogolyň adamy nä dereje şerhoş edýändigini hemmämiz bilýäris. Bir içgide alkogolyň azlygy ony halallaşdyranok.