Hadysy şerif (Müslim)

«Allah Tagala namazy Pygamberiňiziň dili bilen hazarda dört, saparda iki rekagat, howply ýagdaýda bir rekagat edip, farz kylandyr»

Saparda namaz

Ýaşaýan ýerinden pyýada üç günlük uzaklykdaky ýolda bolan kişi saparda saýylýar. Sapardaky kişä – mysapyr, saparda däl kişä bolsa, mukym diýilýär.
Hanefi mezhebiniň alymlaryna görä sapar müddeti 18 fersahlyk uzaklykdan ybaratdyr. Bir fersah 3 mile, bir mil bolsa deňiz ýoly bilen ortaça 1852 metr, 3 mil=5556 m. 18 fersah =100 km. bolýar. Gury ýerde bir mil ortaça 1609 metr, 3 mil=4827 metre deňdir. 18 fersah=ortaça 87 km.bolýar Bir günlük pyýada ýoly alty fersah hasaplanýar. Ýolagçy bir fersahlyk ýoly takmynan bir sagatda geçýär. Bu bolsa ortaça bäş km. hasaplanýar. Üç günde bolsa, ol togsan km. töweregi ýol aşar. Häzirki döwürde-de, mysapyr saýylmak üçin, ulagyňa garamazdan, ýaşaýan ýeriň çäginden başlap, togsan km. ýoly geçmek gerekdigi kabul edilýär. Ýolagçy saparda dürli kynçylyklar çekýär. Şonuň üçin dinimiz ýolagça käbir ýeňillikler beripdir. Meselem, remezanda ýola çykan kişi orazasyny kaza goýup biler. Ýolagçy saparda wagty mesisini üç gije-gündiz möhlet bilen geýip biler. Iň möhüm ýeňillik we rugsat bolsa namaz üçin berlipdir. Mysapyr dört rekagatly farz namazlaryny iki rekagat okap bilýär. Muňa «kasry salat» diýilýär.
Saparda dört rekagatly namazlaryň gysgaldylyp okalmagy Kuran, Sünnet we Ijma bilen jaýyzdyr. Kurany Kerimde:
«Eger käfirleriň araňyzda pitne döretmeginden gorksaňyz, sapara çykan wagtyňyz namazyňyzy gysgaldyp okamagyňyzyň zeleli ýokdur», (Nisa, 101). Bu aýatda gysgaltmanyň gorky şerti bilen baglanyşykly bolmagy, şol wagtky ýagdaýy görkezmek üçindir. Ashaby Kiramdan Ýagla b. Umýýe bir gün hz. Omara şeýle diýýär: «Biz näme üçin namazlary gysgaldýarys? Häzirki gün üstümize abanýan howp ýok ahyryn?» Hezreti Omar şeýle jogap beripdir: «Men hem edil şu beren sowalyň bilen Pygamberimize ýüzlenipdim.
Ol maňa şeýle jogap berdi: «Bu Allahyň size beren yhsanydyr. Allahyň sadakasyny kabul ediň», (Müslim, Tirmizi, Nesaýy).
Pygamberimiziň umre, haj ýa-da söweş üçin eden saparlarynda namazlary gysgaldandygy bilen baglanyşykly habarlar tewatur derejesindedir. Abdullah Ibni Omar şeýle aýdýar: «Men Resulullah bilen ýoldaş boldum. Ol saparda iki rekagatdan artyk okamazdy. Hz. Ebu Bekr, hz. Omar, hz. Osman hem şeýle ederdi», (Ibni Maje).
Yslamyň emr we gadaganlyklarynda illet (sebäp) aýry, hikmet aýrydyr. Bularyň hökman biri-birinden aýratyn göz öňünde tutulmagy şertdir. Ýogsa, öňüni alyp bolmajak pikir bulaşyklygy döräp biler. Şonuň üçin namaz okamakda illet Allah Tagalanyň emridir. Hikmet bolsa, Onuň bize gazandyrýan dünýewi we uhrewi peýdasydyr. Pygamberimiz bir hadysynda: «Ýolagçylyk – azapdan bir bölekdir» (Buhary) diýýär. Ýolagçylykda adam kynçylyk görmese-de, namazlaryny kasr eder. Çünki, bu taýda illet ýolagçylykdyr. Bu meselede häzirki zaman alymlary şeýle diýýär: «Saparda dört rekagatly namaz gysgaldylyp, iki rekagat okalýar. Diniň bu rugsadynyň illeti sapardyr, hikmeti bolsa muşakgatdyr. Saparda kynçylyk çekilmese-de, namaz gysgaldylýar. Çünki, illet bar, ýöne saparda däl wagtyň ýüz muşakgat görülse-de, namaz gysgaldylmaýar».

Saparda namazy gysgaltmagyň hökümi
Saparda bolan kişiniň namazyny gysgaldyp okamagy wajypdyr we şol bir wagtda azymetdir. Dört rekagatly her namazdan sapardaky kişä farz bolany iki rekagatdyr. Mysapyryň bilgeşleýin iki rekagatdan artyk okamagy jaýyz däldir. Eger ýalňyşyp iki rekagatdan artyk okasa, sehiw sejdesini etmelidir. Eger-de ikinji rekagatda teşehhüt mukdary oturyp, ýalňyşyp tursa we dört rekagat okasa, ilkinji ikisi farz soňky iki rekagaty nafile bolar. Eger ikinji rekagatda teşehhüt mukdary oturman tursa, namazy batyl bolar. Çünki, bu namaz tamamlanmanka, oňa nafile garyşýar. Hanefiler bu meselede şu hadyslary delil edinýärler: Hezreti Aişeden gürrüň berlen bir hadysda: «Namaz iki rekagat bolup, farz edilendir. Saparda iki rekagat ykrar edilen, hazarda (saparda däl wagty) bolsa, namaza goşmaça edilendir», (Buhary, Müslim). Ibni Abbasyň gürrüň beren şu hadysynda bolsa: «Allah Tagala namazy Pygamberiňiziň dili bilen hazarda dört, saparda iki rekagat, howply ýagdaýda bir rekagat edip, farz kylandyr», (Müslim).

Ybadat nukdaýnazaryndan Watan
Ynsan mukym ýa-da mysapyr bolan ýagdaýynda, ybadatlaryny öz Watanynyň aýratynlygyna görä berjaý etmelidir. Ýaşaýyş taýyndan Watanyň üç görnüşi bardyr.

1. Watany asly – Bir ynsanyň önüp-ösen ýa-da eklenjini gazanýan hemişelik ýaşaýan ýeridir. Watany asly birden köp bolup biler. Meselem, bir kişiniň eklenjini gazanyp ýaşaýan ýeri Aşgabat bolsa, maşgalasy Maryda ýaşap biler. Beýle kişi üçin Aşgabat hem, Mary hem Watany aslydyr. Bu iki şäher arasyndaky uzaklyk hökümi üýtgetmeýär. Watany aslynyň bozulmagy kişiniň işleýän ýa-da ýaşaýan ýerinden doly göçüp giden ýagdaýynda mümkindir. Kişiniň iş ýeri nirä üýtgese, baran ýeri onuň Watany aslysy bolar. Göçüp giden ýeri onuň ene-atasynyň ýaşaýan ýa-da özüniň önüp-ösen ýeri bolsa-da, şol ýere on bäş günden az möhletleýin gelen wagty mysapyr saýylýar. Munuň delili Pygamberimiz hijretden soňra öz doglan ýeri Mekgä gelende, namazlaryny gysgaldyp okanlygydyr.

2. Watany ikame – Bir ýerde on bäş gün, ýa-da ondan-da köp bolmaga niýet edilen ýerdir. Watany ikame Watany asly, ýa-da başga bir Watany ikame bilen üýtgäp biler. Ýagny, kişi asyl Watanyna, ýa-da başga bir ýere iň azyndan on bäş gün ýaşamak niýeti bilen giden ýagdaýynda, öňki ýaşan ýeri Watany ikame hökmünden aýrylýar. Hatda bir ynsan iş sebäpli şäher-şäher aýlansa, on bäş gün bolmak niýeti bilen bir ýerde ýaşap başlansoň, bu ýerden sapar aralygy başga bir ýere bir iş üçin gitse, soňra göçen ýerine dolanyp gelse, bu ikinji gelşinde bu ýerde on bäş günden köp bolmaga niýet etmese, şol ýer onuň Watany ikamesi bolmaz. Çünki, ýokarda belleýşimiz ýaly, Watany ikame Watany asly, ýa-da başga bir Watany ikame, ýa-da sapar aralygy ýolagçylyk bilen üýtgäp biler.

3. Watany sükna – on bäş günden az ýaşamaga niýet edilen ýerdir. Watany süknanyň üýtgemegi Watany asly, ýa-da Watany ikamede ýaşamak, ýa-da başga bir Watany süknaga gitmek bilen mümkindir. Meselem, Aşgabatda talyp bolup ýaşaýan biri üçin Aşgabat Watany ikame hökmündedir. Hemme taraplaýyn ene-atasyna bagly ýaşaýandygy üçin, olaryň ýurdy talyp üçin Watany aslydyr. Şol sebäpli bu talyp dostlary bilen ene-atasynyň ýurduna baran wagty mysapyr däl-de mukymdyr.

Hassanyň namazy

Dinimiz hassalyk, uzur sebäpli ybadatlaryny düzgüne laýyk berjaý edip bilmeýän kişilere käbir ýeňillik berýär. Hassa güýji ýetdigiçe, dini ybadatlary berjaý etmelidir. Hassalar bilen baglanyşykly ýeňillikleriň käbiri şulardyr:
Aýakda durmaga ýagdaýy bolmadyk, ýa-da turanda hassalygy artýan kişi namazyny oturyp okamaga rugsat edilýär. Muňa-da güýji ýetmedik kişi ýaplanyp, ýa-da arkan ýatyp ima (yşarat) bilen okamaly.
Bir ýere daýanyp, aýak üstünde durup biljekler namazlaryny dik durup okamalydyr.
Sähel salym aýakda durmaga güýji ýetýänler iftitah tekbirini dik durup getirmeli, soň namazlaryny oturyp tamamlasalar hem bolar.
Oturyp okalan namazda bir zada ýassanmaly däldir. Eger hassa ýassanman oturyp bilmese, onda jaýyzdyr. Ima bilen hem namaz okamaga güýji ýetmeýän kişi namazlaryny kaza goýýar.