Kelimeýi şahadat Yslamyň iň esasy şygarydyr.

Makalalar>>Kelimeýi şahadadyň fazyleti

Kelimeýi şahadat

Kelimeýi şahadaty aýtmak Yslamyň 5 şertinden ilkinjisidir. Kelimeýi şahadat Yslamyň iň esasy şygarydyr. Beýleki hemme ybadatlar şul esasyň üstüne gurulýandyr. Şahadady dil bilen aýtmak we kalbyň bilen tassyklamak her bir musulman üçin borçdyr.

Kelimeýi şahadat: “Eşhedü en lä ilähe illallah we eşhedü enne muhammeden abduhu we resuluhu” diýmekdir.

اَشْهَدُ اَنْ لاَ اِلهَ اِلاَّ اللهُ وَاَشْهَدُ اَنَّ مُحَمَّدًا عَبْدُهُ وَرَسُولُهُ

Manysy: “Men, Alladan başga hudaýyň ýokdygyna we Muhammediň (S.A.W) onuň pygamberi we ilçisidigine şaýatlyk edýärin”.

Ebu Hureýre (r.a) rowaýat edýär:
Resulullahyň (sallallahu aleýhi wesellem) daşynda, bir topar adam bolup otyrdyk. Hezreti Ebu Bekir we Hezreti Omaram bardy. Bir wagtdan soň Resulullah aramyzdan turup gitdi. Uzyn wagtlap gelmändigi üçin, bir erbetlik bolandyr öýdüp gorkdyk we howsalalyk bilen ýerimizden turduk. Ilki bilen howsalalyk duýan mendim. Allanyň Resulyny gözläp ýörkäm Ensardan Nejjarogullarynyň biriniň bagyna geldim. Giriş gapysyny tapmak üçin bagyň daşyndan aýlandym; emma, gapyny tapyp bilmedim. Bagyň daşyndaky guýudan baga suw eltýän geçelgäni gördüm we egilip Alla Resulynyň ýanyna girdim.
“-Ebu Hureýre! Senmi?” diýip sorady.
“-Hawa, eý Allanyň Resuly” diýdim.
“-Eýgilikmi?” diýip sorady.
“-Aramyzda otyrkaňyz turup gitdiňiz; yzyňyza gelmäniňizi görüp size bir erbetlik ediler diýip gorkduk. Ilki bilen howsalanan men boldum. Şul baga geldim, tilki ýaly bükülip bagyň içine girdim. Beýlekilerem arkamdan gelýärler.” diýdim.
Pygamberimiz:
“-Ebu Hureýre!” diýip seslendi-de köwşüni çykaryp berdi we:
“-Şu köwüşleri al-da yzyňa dolan! Şu diwaryň arkasynda, köňülden ynanyp “Lä ilähe illallah” diýen kime duşsaň, ony Jennet bilen buşdla” diýdi.
Birinji duşanym Omar (r.a) boldy. Maňa:
“-Ebu Hureýre! Eliňdäki köwüşler näme?” diýip sorady. Menem:
“-Bular Allanyň Resulynyň köwüşleri. Bulary maňa, sözlerimiň dogrulygyna alamat bolsun diýip berdi we köňülden ynanyp “Lä ilähe illallah” diýen kime duşsam Jennet bilen buşdulamagymy emir etdi” diýdim.
Muny eşiden Omar eli bilen göwsüme urdy, menem ýere ýykyldym. Maňa:
“-Yzyňa git Ebu Hureýre” diýdi.
Menem wagyt ýitirmän Resulullanyň ýanyna geldim. Tas aglaýadym. Omar yzymdan gelipdir.
Allanyň Resuly maňa seredip:
“-Saňa näme boldy Ebu Hureýre?” diýip sorady. Menem:
“-Ýolda Omara gabat geldim. Maňa aýdaň habaryňyzy eşidende göwsüme şeýle bir gaty urdy welin ýere ýykyldym. Meni yzyma öwürdi” diýdim.
Resulullah Omara dönüp:
“-Omar, näme üçin beýtdiň” diýip sorady. Olam:
“-Eý Resulullah! Enem-atam size gurban bolsun! Ebu Hureýrä aýakgaplaryňyzy berip ýürekden “lä ilähe illallah” diýenleri Jennet bilen buşdulamasyny aýtdyňyzmy?” diýip sorady.
Resuly Ekrem hem:
“-Hawa” diýip meni dogrulady. Omar (r.a):
“-Beýtmäň eý Allanyň Resuly. Halkyň bu buşdlyk bilen arkaýyn bolup ýaltalaşmagyndan gorkýan. Goýuň ybadat etsinler!” diýdi.
Resulullah (sallallahu aleýhi wesellem):
“-Bolýar, goý olary” diýip buýurdy. (Muslim, Iman 52)

“Lä ilähe illallah muhammedun resulullah” Jennetiň açarydyr. Emma açaryň gulpy aňsatlyk bilen açmasy üçin dişleri gerekdir. Jennet açaryň dişleri hem ybadatlar we gowy amallardyr. Aslynda Pygamberimiziň diýmek isleýän zady hem şuldy. Hezreti Omar bolsa adamlaryň muny ýalňyş düşünip ybadatlary terk etmelerinden gorkdy.