Nisa süresi, 27-nji aýat:

"Alla siziň towalaryňyzy kabul etmek isleýär; nebislerine uýanlar bolsa, siziň ýoldan çykmagyňyzy isleýärler"

Sehiw sejdesi

Sehiw sejdesi namazda farzlaryň gijikdirilmegi, wajyplardan biriniň undulyp terk edilmegi ýa-da gijikdirilmegi sebäpli, şol ýalňyşy düzetmek maksady bilen namazyň soňunda edilýän sejdedir. Sehiw sejdesi wajypdyr.
Sehiw sejdesi iň soňky oturyşda, tahyýýat okalandan soň, ymam diňe sag tarapyna, özbaşdak ýeke özi okaýan kişi bolsa, iki tarapyna-da salam berip, «Allahu Ekber» diýip, soňra iki gezek sejde etmeli. Sejdeden soň täzeden tahyýýat, salawat we beýleki dogalary okap, iki egniňe salam berilýär. Netijede, sehiw sejdesi berjaý bolýar.
Namaz okaýan kişi salam berenden soň ýalňyşandygyny bilse, ýüzüni kybladan öwürmedik, gürlemedik bolsa, sehiw sejdesini etmelidir. Ýöne ýerinden turup, ýüzüni kybladan öwren ýa gürlän bolsa, sehiw sejdesi edilmez. Namaz sahyhdyr, diňe sehiw sejdesi edilmändigi üçin sogaby azalar.

Şu ýagdaýlarda sehiw sejdesi gerekdir:
1. Fatihadan soň zammy süräni okaman ruku’a gitmek. Eger-de ruku’da ýadyna düşse dikelip, zammy süräni okap, soň gaýtadan ruku’a gitmeli, namazyň soňunda sehiw sejdesini etmelidir.

2. Unudyp Fatihany iki gezek okamak;

3. Witir namazynda tekbiri we kunut dogasyny unutmak; Ruku’daka ýadyňa düşse, dikelip kunut dogasyny okamak gerek däl, diňe soňunda sehiw sejdesini etmek ýeterlikdir.

4. Dört rekagatly namazda iki rekagaty okanyňdan soň, oturman göni üçünji rekagata başlamak, ýagny, birinji oturyşy terk etmek. Bu ýagdaýda: eger namaz okaýan kişi doly ýerinden turan bolsa, ýa-da turmaga ýakyn bolsa, oturmaz. Namazy gutarandan soň, sehiw sejdesini eder. Eger oturmaga ýakyn ýagdaýda bolsa oturar, soňunda sehiw sejdesini etmez. Doly turanyňdan soň, täzeden oturmak namazy bozýar.

5. Birinji oturyşda tahyýýaty okanyňdan soň, «Allahümme salli ala Muhammet» diýseň sehiw sejdesi gerekdir. Käbirlerine görä bolsa munuň üstüne «we ala äli Muhammet» sözi aýdylmasa sehiw seždesi gerek däl. Ymam Agzama görä bolsa birinji oturyşda tahyýaty okanyňdan soň bir harp hem artyk aýdylsa sehiw seždesi edilmelidir. Käbirleri bolsa bir rükün eda etjek wagt aralygy gijikdirmeseň sehiw seždesi gerek däldir, dürs bolany hem şudur diýip belläpdirler.

6. Dört rekagatly farz namazlarda soňky rekagatda oturman bäşinji rekagata turulsa, bäşinji rekagatyň kyýam, kyraet we ruku’sy tamalanyp sejde edilmedik bolsa täzeden oturylýar. Tahyýýatdan soň salam berlip sehiw sejdesi edilýär. Çünki bu ýagdaýda farz bolan soňky oturylyş gijikdirilen hasaplanýar.
Ýöne bäşinji rekagatda sejde edilen bolsa, bu namaz nafilä öwrülýär, üstüne ýene bir rekagat goşup, alty rekagatlyk nafile namazy okaldygy bolýar. Soňunda sehiw sejdesi edilmeýär. Bu Ebu Ýusuf we Ymamy Agzama görä şeýledir. Ymam Muhammede görä bolsa, bäşinji rekagatyň sejdesinden başyňy galdyran ýagdaýyňda namaz batyl bolýar.

7. Dört rekagatly farz namazynyň soňky oturyşynda teşehhütden soň ýerinden turan kişi, göni oturyp iki egnine salam berýär. Täzeden tahyýýat okamagy gerekmez. Çünki, ol farz bolan oturyşy ýerine ýetirendir. Emma wajyp bolan salam gijikdirileni üçin sehiw sejdesi gerekdir.

8. Dört rekagatly farz namazynyň soňky oturyşynda salam bermän ýalňyşyp ýeriňden tursaň, derrew oturylyp salam berilýär we sehiw sejdesi edilýär. Ýöne bäşinji rekagat üçin sejdä gidilen bolsa, ýene bir rekagat goşulýar. Bu ýagdaýda öňki dört rekagat bilen farz tamam bolýar. Beýleki iki rekagat bolsa nafile saýylýar. Çünki, farz bolan soňky oturyş ýerinde berjaý edilendir.
Agşam namazynda ikinji oturyşdan soň, dördünji rekagata, ertir namazynda bolsa, üçünji rekagata turlanda hem höküm edil ýokardaky ýalydyr.

9. Ymama soňundan ýetişen kişi özbaşdak okan rekagatlarynda hata etse, şol hatalary üçin sehiw sejdesini etmelidir.

10. Ymam daşyndan okamagy wajyp bolan ýerde içinden, içinden okamagy wajyp bolan ýerde-de daşyndan okasa, mysal üçin, öýle namazynda Fatiha we zammy süräni daşyndan, agşam namazynda-da içinden okasa sehiw sejdesi gerekdir.

11. Içiňden okamaly ýerinde Fatihanyň köpüsi ýalňyşylyp daşyňdan okalsa, galany içiňden okalýar. Tersine, daşyňdan okamaly bir namazda Fatihanyň bir bölegi içiňden okalsa, soň daşyňdan okamalydygy ýatlanylsa, Fatiha täzeden başlanyp, daşyňdan okalýar. Ýöne käbir garaýyşa görä, Fatiha täzeden okalmaz-da, diňe galany daşyňdan okalýar.
Ymam ertir namazynda Fatiha suresini ýalňyşyp içinden okasa, soň ýalňyşandygyny bilse, zammy süräni daşyndan okaýar, ýöne Fatihany täzeden okamaýar.

12. Namazy üçmi ýa-da dört rekagat okandygyňa şübhelenseň, ýa-da Fatiha okanyňdan soň haýsy aýat ýa-da suräni okajakdygyň barada bir rükün eda etjek möhlet oýlansaň, sehiw sejdesini etmek gerekdir. Çünki, wajyp gijikdirilen bolýar.

13. Ta’dili erkan terk edilse, sehiw sejdesi gerekdir.

14. Namazda sehiw sejdesi gerek bolan birnäçe hata edilse-de, bir sehiw sejdesi edilýär.

15. Bir namazyň rekagatlarynyň sanyna şübhe etmek, eger-de namaz okaýan kişi was-wasly adam däl bolsa, okalan namazy bozýar we namaz täzeden okalýar. Şeýle hem, wagt barka namazy okap-okamandygy barada şübhe eden hem şol namazyny täzeden okamaly. Namazy okap tamamlanyňdan soň, rekagat sanynda şübhe etmek ýerliksizdir, muňa ähmiýet berilmeýär. Ýöne kem okandygyňy anyk bilýän bolsaň, namazy täzeden okamalydyr.