Musulmanlara edilen zulumlar

Müşrikler (Allatagala şärik goşanlar) köplenç hossarsyz musulmanlara azar berip, ezýet çekdirdiler, olary musulmanlykdan döndermek üçin her hili ýaramazlyklar edýärdiler, gaty gynaýardylar.

Musulman bolandygy üçin gaty gynalyp azar berlenleriň biri-de hezreti Bilal-i Hebeşidir. Ol yslamyň iň ganym duşmanlarynyň biri bolan Ümeýýe b.Halefiň guludy. Ümeýýe biçäre we goragsyz bolan Bilaly gyzgyn çägäniň üstünde ýatyryp, göwsüne agyr daşlary üýşürip goýardy-da oňa:

“Musulmanlykdan dönmeseň, seni şeýdip öldürerin”-diýerdi. Ýöne yslam ynanjy onuň ýüreginiň töründe orun alan we imanyň lezzetini aňryýany bilen duýan hakyky musulman oňa: “Alla birdir, ol Biribardyr” diýip jogap bererdi. Bilalyň yslamdan dönmejegine gözi ýeten zalym Ümeýýe Bilalyň boýnuna bir ýüp dakyp, ony Mekgäniň o çetinden bu çetine süýredipdi. Muňa-da döz gelen Bilal ýene “Alla birdir, ol Biribardyr” diýip jogap bermegini dowam etdirýärdi.

Ahyrsoňy hezreti Ebu Bekir Bilaly satyn alyp azatlyga çykarypdy we Bilal şol zalymyň elinden halas bolupdy. Onuň örän labyzly we gulaga ýakymly sesi bardy, şonuň üçin hezreti Bilal soňralary pygamberimiziň azançysy bolupdyr.

Azap bary görkezilenleriň biri-de Ammar b. Ýasyrdyr. Müşrikler Ammary-da çägä ýatyryp, özünden gidýänçä ýenjerdiler. Ammaryň kakasy Ýasyr bilen ejesi Sümeýýe-de gynap horluk çekdirilipdi. Yslamyň iň uly we ganym duşmany Ebu Jehil Sümeýýä topulyp, ganyny sarkdyryp ýere ýazypdy we soňra-da naýza bilen naçary galmaz-gopmaz edip öldüripdi.

Ammaryň kakasy Ýasyr hem gynalyp öldürilipdi.

Habbab b. Eredi hem gyzyl köz bolan kömrüň üstünde arkan ýatyrypdylar, üstüne-de bir adamy çykarypdylar. Biçäre gyzgyn kömrüň üstünde iki tarapa urunýardy. Şonda oňa Muhammedi inkär et diýýärdiler. Ol bolsa:

“Näme etseňizem ony asla inkär edip bilmerin, kyýamat gününde hem onuň bilen bile boljakdyryn” –diýip jogap gaýtarypdyr.

Hezreti Hamza bilen hezreti Omaryň musulman bolmagy yslamyň gün-günden ýaýrap, müşrikleri has gorkuzdy. Şonuň üçin olar özaralarynda ýörite ýygnak geçirip, şol ýygnakda-da şeýle görnüşli gatnaşygy kesme we närazylyk karara geldiler:

“Mundan beýläk musulmanlar bilen we olara hemaýat edenler bilen hem-de Muhammediň garyndaşy bolan Haşymogullary bilen bütin gatnaşyklar kesiljekdir, olar bilen hiç kim duşuşmaly däldir, olar bilen söwda-satlyk işleri düýbünden togtadyljakdyr, olar bilen guda- çylyk hem ediljek däldir.”

Bu karary müşriklerden bolan Mansur b. Irkime ýazdy we bilelikde gidip, Käbäniň diwaryndan asdylar.

Gatnaşygy kesme hakyndaky karar üç ýyllap dowam etdi. Ençeme wagtlap musulman gaty köp kynçylyk çekdiler. Müşrikler musulmanlaryň köpçülikleýin ýaşaýan ýerlerine azyk önümlerini girizmezlik üçin ellerinde baryny edip olary aç goýmaklyga çalyşdylar. Musulmanlar yslam dini ugrunda her hili kynçylyga, açlyga, suwsuzlyga döz geldiler. Agajyň ýapraklaryny iýip ýaşamaga hem mejbur boldular. Açlykdan ýaňa perýat edýän çagalaryň agyr ýagdaýy bolsa ýürekleri daglaýardy.

Bu wagşylarça hereketlerinde-de müşrikler garaşýan netijelerini alyp bilmediler, yslamyň ýaýramagyna pägselçilik döretmäge güýçleri ýetmedi. Şol wagtlarda bir güýe Käbäniň diwaryna asylan ýazgynyň “Alla” diýlen ýazgydan başga ýerlerini iýipdir. Soňra şol karary ýazan Mansuryň eli gurapdyr we ysmaz bolupdyr. Şol wagtlar “Besmele” ýerine “Bismikellahümme” sözi ulanylýardy.

Ahyrynda müşriklerden birnäçe adam ynsap edip, şol ýazgylary ýyrtdylar. Şeýlelik bilen, gatnaşygy kesme karary aradan aýryldy we uly kynçylykdan halas boldular. Musulmanlar edilen gatnaşygy kesme pygamberigiň ýedinji ýylyndan başlap tä onunjy ýylyna çenli dowam edipdi.