Pygamberimiziň Medinede garşylanyşy

Ýanyndaky musulmanlar bilen bilelikde hormatly pygamberimiz hepdäniň juma (anna) güni Kubadan Medinä hereket etdi. Salymogullarynyň ýaşaýan ýurduna gelen wagtlarynda öýle bolupdy. Pygamberimiz şol ýerde juma namazynyň parz bolandygyny köpçülige habar berdi we şol ýerde ilkinji gezek juma namazyny okadylar. Pygamberimiziň okadan ilkinji juma namazy şudur. Birinji gezek juma namazynyň hutbasyny-da şu ýerde okapdyr. Pygamberimiz ilkinji juma namazynyň hutbasynda Allatagala hamd we sena edeninden soňra şeýle diýipdir:

“Eý adamlar! Saglygyňyzda ahyret üçin taýýarlyk görüň. Şuny hakykat biliň, hemmäňiz öljeksiňiz we süriňizi çopansyz galdyrjaksyňyz. Soňra jenaby Hak ondan sorajak, özem şeýle bir soramak sorajak… Onuň dilmajy ýok, gönüden-göni özi sorajak we şeýle diýjekdir: “Saňa meniň pygamberim baryp, habar bermedimi? Men saňa mal berdim, saňa nygmat eçildim, seni bagyşladym, goldadym, sen özüň üçin näme taýýarladyň?

Ol adam-da sagyna-soluna seretjekdir, görse, hiç zady ýok, öňüne garajak, jähennemden başga zat görünmejek. Şeýle bolýan bolsa onda her kim özüni ýarym hurma bilen bolsa-da ataşdan halas edip biljek bolsa, onda derrew şol haýyrly işi etsin. Eger ony tapyp bilmese, onda hoş söz bilen özüni halas etsin. Çünki, bir ýagşylyga on essesinden ýedi ýüz essesine çenli sogap beriljekdir. Allanyň salamy, rehneti we bereketleri sizden kem bolmasyn.”

Pygamberimiz namazdan soňra Medinä tarap ýoluny dowam etdirdi. Medineliler edil baýramçylyk begenji bilen mähriban we abraýly myhmanyny garşylamak üçin ýoluň iki tarapyna düzülipdiler. Pygamberimiz geçende, “Baş üstüne, geliň, eý Resulla!” diýýärdiler, körpeler bolsa “Allanyň ilçisi geldi!” diýip gygyryp ylgaşýardylar. Öýleriniň üstüne çykan zenanalar-da “Hoş geldiňiz!” diýýärdiler. Pygamberimiz öýleriň öňünden geçen wagty ähli öý eýeleri “Baş üstüne, geliň, eý Resulla!” diýýärdiler we düýesiniň burunlyk ýüpünden tutup, ony özüniň abraýly myhmany etmek isleýärdiler.

Pygamberimiz hiç kimi gynandyrmak islemeýärdi we şonuň üçin şeýle diýýärdi:
“Düýäni öz erkine goýberiň, onuň nirä gitjekdigi oňa buýruk berlendir. Ol şol buýruk berlen ýere gitjekdir.”

Ýoluna dowam eden düýe boş ýerde çökdi. Ýöne köp eglenmän ýene ýerinden turdy. Esli salym ýöräninden soňra, ýene çökdi we gaýdyp turmady. Hormatly pygamberimiz:

“Enşalla, gonalgamyz bu ýeridir” diýip, düýesinden düşdi. Bu ýere iň ýakyn öý bolsa Halyt b. Zeýdiň, ýagny Ebu Eýýup Ensaryň öýüdi. Hezreti Pygamber onuň myhmany boldy. Ebu Eýýup Ensaryň öýi iki gatlydy. Ol pygamberimizi üst gatynda myhman almak isledi. Ýöne hormatly pygamberimiz özüne görme-görşe geljek adamlaryň öý eýesini rahatsyz etmezligi üçin aşaky gatda galmagy gowy gördi. Hormatly pygamberimiz “Mesjid-i Şerifiň” ýanynda özleri üçin otaglar salnana deňiç ýedi aýlap şol öýde ýaşady.

Hormatly pygamberimizi öýünde myhman alma abraýyna eýe bolan Ebu Eýýup Ensary hezretleri 675-nji ýylda Ystambuly gaban yslam goşunyna gatnaşypdyr we gala diňlerinden daşarda şehit bolupdyr. Pygamberi öýünde myhman eden we halkymyz tarapyndan “Eýýup Soltan” diýlip ýatlanylýan pygamberiň dosty Ystambul şäheriniň “Eýýup” etrabyndaky kümmetindedir.

Medine halky pygamberimizi Ebu Eýýup Ensaryň öýünde akyn-akyn bolup görme-görşe geldiler. Şol wagt ýahudy alymlaryndan Abylla b. Selam geldi. Pygamberimiziň mübärek ýüzüni görenden soňra, “Bu ýüz asla ýalançy ýüzi däldir” diýip, musulmanlygy kabul etdi.

Hormatly pygamberimiz düýesiniň birinji gezek çöken ýerindäki meýdançany eýelerinden satyn aldy we şol ýerde bir metjit saldyrdy. Medinede “Mesjid-i Nebi” diýilýän we musulmanlar tarapyndan zyýarat edilen metjit hormatly pygamberimiziň saldyran metjididir.

Bu metjit gurlanda pygamberimiz edil bir işçi ýaly işläpdir, arkasy bilen kerpiç daşapdyr. Metjidiň düýbi daşdan, diwarlary bolsa kerpiçden bolupdyr. Metjidiň gurluşygy gutaranyndan soňra oňa ýanaşyk birnäçe oda gurlupdyr we hormatly pygamberimiz myhman bolan öýünden şol ýere göçüp barypdyr. Metjidiň birinji görnüşi şeýle ýönekeý we kaşaňja eken.

Pygamberimiziň azançysy diýen hormatly ada eýe bolan hezreti Bilal Hebeşiň labyzly sesi bilen Medinäniň giňişliginde ýaňlanan azany eşiden musulmanlar bu çakylygyň çykan tarapyna eňýär, iki jahan serweri hezreti pygamberiň yzynda jemagat bolup namaz okamagyň şatlygyny we bagtyýarlygyny özaralarynda paýlaşýardylar.

Metjitde öňler münber ýokdy. Hormatly pygamberimiz bir hurma agajynyň töňňesine ýaplanyp, jemagata ýüzlenerdi. Ondan soňra üç basgançakly münber ýasaldy we pygamberimiz hutbalaryny şol münbere çykyp aýdardy. Şol wagt geň-taň görüljek bir täsinlik ýüze çykdy. Hormatly pygamberimiz her juma güni hutbasyny şol münberden aýtmaga başlandygy üçin öňki hurma agajynyň töňňesinden köşeginden aýrylan düýäniň bozlaýan sesine meňzeş ses gelmäge başlapdyr. Şonda pygamberimiz baryp şol töňňäni gujaklap, sypalapdyr welin onuň sesi kesilipdir. Bu wakadan soňra pygamberimiz: “Eger men ony gujaklamadyk bolsamdym, ol kyýamat gününe çenli mydama bozlar durardy”( Ibn-i Maje, j.I, 454) diýipdir.