Ensar we muhajyrlaryň arasyndaky doganlyk

Mekgeden göç edip, Medinä gelen musulmanlara “muhajyr”, Medinäniň oturymly, ýerli halkyna-da, göç edenlere kömek berendikleri sebäpli “ensar” diýilýärdi.

Mal-mülklerini taşlap gelen muhajyrlara medineliler her hili kömeklerini berdiler. Olary gujak açyp garşylap, öz bagyrlaryna basdylar, öýleriniň töründen ýer berdiler, çöreklerini olar bilen deň paýlaşdylar.

Dünýäniň taryhynda biri-birini şeýle jany-teni bilen söýen, biri-birine şeýle ysnyşykly we ylalaşykly gatnaşyk eden başga köpçülik görkezilip bilinmez. Bütin dünýä nusga bolan bu waka yslam doganlygynyň iň ajaýyp nusgasydyr.

Pygamberimiz muhajyrlardan her birini ensarlardan biri bilen dogan okaşdyrdy. Bu doganlyk ganybir doganlygyndan-da has güýçlüdi.

Yslam dininiň taryhynda atlary hemişe hormat bilen tutulýan ensar we muhajyrlar dinimizde oňat hyzmat edip, uly goşant goşdular.