Hormatly pygamberimiziň döwlet ýolbaşçylaryna ýollan yslam çakylyknamalary

Hezreti Muhammet (s.a.s.) bütin adamzada pygamber hökmünde iberilipdi. Ol ilki ýakynyndaky daş-töweregini we öz ýaşaýan jemgyýetini ysalam dinine girmeklige çagyrdy. Ondan soňra-da yslam dinini tutuş dünýä habar berme wezipesine başlady. Şeýle maksat bilen Wizantiýa imperatorlygyna, Eýran, Müsür, Hebeşistan (Efiopiýa), Amman we Bahreýin döwletleriniň ýolbaşçylaryna ilçileri iberdi. Yslam dinine girmek üçin ýazan çagyryşnamasyny ýollady.

Pygamberimiz kümüşden bir möhür ýasadypdy, onuň ýüzüne-de “Muhammedür-Resulüllah” diýen sözlemi ýazdyrypdy. Namalaryň aşagyna bu möhüri basardy.

Hebeşistan döwletiniň hökümdary pygamberimiziň çagyryşnamasyny alan badyna musulmanlygy kabul etdi.

Wizantiýa imperatorlygyna iberilen çagyryşnamada şeýle diýilýärdi:

“Bismillahirrahmanrahim. Allanyň guly we resuly Muhammetden rumlaryň ulusy Gerakla, hidaýet ýoluna uýanlara salam bolsun!

Salamdan soňra men seni yslama çagyrýaryn. Musulman bol, salamata gowuşarsyň. Alla-da saňa onuň öwezini iki esse berer, eger kabul etmeseň, onda halkyň borjy seniň boýnuňdadyr.

Eý kitaba ynananlar! Biz bilen siz özaramyzda umumy ylalaşdyryjy bir söze geleliň; Diňe Allatagala gulluk edeliň. Oňa hiç bir zady şärik goşmalyň. Allany unudyp, bir bölegiňiz beýleki bir bölegiňizi hudaý diýip uýmasyn. Eger ýüz öwürse, şaýat boluň, olara biz musulman diýiň.”

Wizantiýa imperatory Gerakl pygamberimiziň iberen ilçisine:

“Men bu pygamberiň ýüze çykjagyny bilýärdim, ýöne Arabystandan çykjagyna garaşmaýardym.” diýdi. Soňra sözüni şeýle dowam etdirdi:

“Eger onuň bilen duşuşyp biljekdigime gözüm ýetsedi, onda her hili kynçylyklara döz gelerdim, ýanynda bolsa, onuň aýaklaryny ýuwardym, hyzmatyny ederdim.”

Imperator musulmanlygy kabul etmedi, ýöne pygamberiň ilçisini oňat garşy aldy we oňa sowgat-serpaý berip, yzyna ugratdy.

Eýran hökümdaryna iberilen çagyryşnama şeýledi:

“Bismillahirrahmanrahim. Allanyň guly we resuly Muhammetden parslaryň ulusy Kisra, hidaýet ýoluna uýanlara, Allatagala we onuň pygamberine iman edenlere, Alladan başga hiç bir taňrynyň bolmadygyna we Muhammediň onuň pygamberidigine güwä geçip, şaýatlyk edenlere salam bolsun!

Eý, Kisra! Men seni yslama çagyrýaryn. Men bütin adamzat nesline iberilen bir hak pygamberidirin. Ýaşaýan adamlaryň baryna (Allanyň azaby bilen) habar berýärin. Musulman bol, salamata gowuşarsyň. Eger kabul etmeseň, onda halkyň borjy seniň boýnuňdadyr.”

Eýranyň hökümdary Hysrow Perwiz pygamberimiziň çagyryşnamasyna bolmajasyny bolup gaharlandy. Olaryň adatlaryna görä, hökümdarlara iberilen namalar olaryň ady bilen başlardy.

Pygamberimiziň iberen namasy bolsa Allanyň ady bilen başlanýardy, pygamberimiziň ady-da hökümdaryň adyndan öň gelýärdi. Ynha, hökümdaryň gazap atyna atlanmagynyň sebäbi-de şonuň üçindi. “Meniň gulum eýsem maňa şeýle görnüşde ýüzlenýärmi?” diýip, pygamberimiziň iberen namasyny ýyrtyp taşlapdy. Ýöne ol öz adyny-da ýyrtyp taşlandygyny bilmeýärdi. Hökümdaryň bu gödek hereketleri pygamberimize habar berenlerinde, ol “özlerem bölek-bölek bolsunlar-da hernä!” diýipdir. Köp wagt geçmezden Hysrow Perwiz öz ogly Şyrweýh tarapyndan garny ýarylyp öldürilýär. Eýran soltanaty hezreti Omaryň halife döwründe ýykylýar.

Başga bir tarapdan bu nama gaharlanan hökümdar öz golastynda bolan Ýemen häkimi Bazena bir hat ýazyp “Hijaz etrabynda pygamber bolandygyny aýdýan adamy maňa ýolla!” diýip buýruk beripdi. Häkim-de pygamberimize “Derrew Eýran hökümdarynyň ýanyna bargyn” diýip hat ýazypdy we ony bermek üçin iki sany gullukçysy Medinä iberipdi. Gullukçylar Medinä gelip, pygamberimiziň huzuryna bardylar we öz ellerindäki haty oňa gowşurdylar we “derrew hökümdaryň ýanyna barmasaň, ol seni ýok eder”-diýdiler. Pygamberimiz “ertir jogap bererin” diýip, olary ugratdy.

Munuň yzysüre Allatagala tarapyndan “Eýran hökümdary şol gije öz ogly tarapyndan öldürilendigi” barada habar gelip gowuşdy.

Pygamberimiz haty getiren gullukçylary çagyryp, bolup geçen wakanyň ýagdaýyny bolşy aýdyp, olara: “Yslam dini ýakyn wagtda Eýran ülkesine eýe boljakdyr. Häkim Bazena aýdyň, goý, ol iman etsin!” diýip anyk jogap berdi.

Gullukçylar Ýemene baryp, ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly gürrüň berdiler, hökümdaryň öldürilendigi baradaky habary alan häkim we onuň ýanyndakylar musulmanlygy kabul etdiler.