Pygamberimiziň hassalanmagy we aradan çykmagy (M. 632)

Pygamberimiz hoşlaşyk hajyndan soňra Medinä gaýdyp geldi. Şondan birnäçe wagt geçeninden soňam hassalandy. Ol öz wezipesiniň gutarandygyna we bu dünýäden göçmelidigine anyk göz ýetiripdi. Keseli has agyrlaşdy. Hassa wagtynda-da azan okalanda, metjide gidip namaz okaýardy. Ýöne ölümine üç gün galanda keseli diýseň agyrlaşdy, ýagdaýy has erbetleşdi. Indi metjide-de gidip bilmeýärdi. Şonuň üçin hezreti Ebu Bekire köpçülige ymamlyk etmegi we namaz okatmagy tabşyrdy.

Keseliniň has agyrlaşan günleriniň birinde öz egindeşlerine şu zatlary nesihat etdi: “…Şuny bilip goýuň, ýagny siz ýene-de maňa gowuşjaksyňyz. Duşuşjak ýerimiz Köwser howzunyň kenarydyr. Her kim şol ýerde men bilen duşuşmak islese, onda ol elini ýaramaz işlerden, dilini gödek we gybat sözlerden, aýratynam töhmetden gorap saklasyn. Bu dünýäden göçme wagtynyň gelendigi barada maňa habar berildi. Allahyma gowuşjakdygyma begenýärin, ymmatymdan aýrylýandygyma welin gaty gynanýaryn. Men öz habarymy aldym. Allatagala tarap ýola düşýärin.”

Ölüminden iki gün öň käbir egindeşleriň kömek bermegi bilen metjide geldi. Ýuwaşlyk bilen münbere çykdy, ýüzüni adamlara tarap öwrüp şeýle diýdi:

· “Eý, musulmanlar! Eger kimdir biriňize ýamanlyk eden bolsam, onda onuň öwezini, gaýtargysyny kabul etmäge men taýýar.

· Kimi uran bolsam, ynha, arkam, gelsin-de ursun, şol haky alsyn.

· Kimiň mende algysy bar bolsa, hanha malym, gelsin-de, öz algy syny alsyn.”

Iýun aýynyň 8-inde, hepdäniň duşenbe gününiň ertiri ir bilen pygamberimiziň keseli biraz ganymatlaşandygy üçin, ol metjide gitdi. Oturan ýerinde hezreti Ebu Bekire uýup, ertir namazyny köpçülik bolup okady. Metjitden öýe gelen dessine ýagdaýy has agyrlaşdy. Şol gün guşluk wagty bolanda: “Eý Rabby! Ölüm ýowuzlygyna garşy mańa bir ańsatlyk ýagdayyny döret. Janymy horlaman, ynjytman al” diýip doga etdi. Onuň ýanynda bir gapda sowuk suw bardy. Ol suwa elini batyryp, öz ýüzüni salkynladýardy.

Ahyr soňunda öýle wagtynda elini galdyrdy. Süýem barmagyny ýokaryk galdyrdy-da: “Refik-i Ala – Beýik dosta!” diýdi. Bu onuň iň soňky sözi bolupdy.

Allanyň ilçisi 63 ýaşynda mübärek ruhuny möwlasyna tabşyrdy (Dörtirkeşikleriň birinji aýy, 12-nji güni, hepdäniň duşenbe güni, M. 8-nji iýun, 632-nji ýyl).

Pygamberimiz (s.a.s.) aradan çykan ýerinde jaýlanyldy. Medinede onuň mazarynyň bolan ýerine “Rawzaýy Mutahhare” diýilýär. Mähriban pygamberimiziň 23 ýyllyk pygamberlik ömrüniň 13 ýyly Mekgede, 10 ýyly-da Medinede geçipdi. Ol adamzat nesliniň eşretliligi üçin işläpdi. Soňraky pygamberlik wezipesini ak ýürekden berjaý edipdi we şeydibem bu dünýäden ötüpdi.