Pygamberimiziň dilegçiligi ýigrenmegi

Pygamberimiz gaty jomart hem bolsa, dilegçiligi hiç halamazdy. Bu barada şeýle diýipdir: “Siziň biriňiz bir ýüp alyp, bir gujak odun ýygyp, ony getirip satmagy we şonuň netijesinde-de Allatagalanyň şol gulunyň abraýyny oňa-muňa ýüz etmekde gorap saklamagy, elbetde, dilegçilikden haýyrlydyr.”(Buhary, Zekat, 50.)

Pygamberimiziň uzak wagtlap gullugynda bolan Enes Ibn Mälik (r.a.) şeýle gürrüň berýär:
“Ensarlardan biri pygamberimize gelip, özüne sadaka bermegini soraýar. Pygamberimiz ondan:
“Öýüňizde nämäňiz bar?” diýip soraýar. Onda şol adam:
“Bir kilimim bar, ýarsyny aşagyma düşeýärin, ýarsynam üstüme örtünýärin. Ondan başga-da suw içýän gabym bar” diýýär. Pygamberimiz:
“Derrew git-de, olaryň ikisinem şu ýere getir” diýýär. Ol adam gidip, diýen zatlaryny alyp gelýär. Pygamberimiz olary eline alyp:
“Şu zatlary satyn aljagyňyz ýokmy?” diýip soraýar. Bir adam:
“Men bir dirheme berse, alyp bilerin” diýýär. Pygamberimiz iki-üç gezek:
“Biraz ýokary bahadan aljak ýokmy?” diýýär. Şol ýerdäkileriň biri: “Iki dirheme berse, alaryn” diýýär. Ur-tut oňa satýar. Alan iki dirhemini zatlaryň eýesine berýär we şeýle diýýär:
“Bir dirheme çagalaryňa oduk-buduk al. Bir dirheme-de bir ýüp satyn al, soňra odun ýygyp, şol ýüp bilen daşap bazarda sat, on bäş günläp-de gözüme görünme”. Bu adam pygamberimiziň aýdyşy ýaly edýär we on bäş günüň içinde on dirhem gazanýar. Gelip pygamberimize aýdýar we gazanan pulunyň bir bölegine egin-eşik alandygyny, bir bölegine azyk alandygyny gürrüň berýär. Şonda pygamberimiz: “Şeýle (maňlaý deriňi döküp) ýaşamakmy oňat, bolmasa kyýamat güni maňlaýyňa dilegçi tagmasyny urduryp, Allatagalanyň huzuryna çykmakmy oňat?” diýipdir. (Ebu Dawut, Zekat, 26.)

Ebu Seýit el-Hudry (r.a.) şeýle gürrüň berýär:
“Ensardan käbir adamlar pygamberimizden sadaka sorapdyrlar. Pygamberimizde bulara beripdir. Soňra bular ýene gelipdirler. Pygamberimiz ýene beripdir. Olar üçünji sapar isläpdirler. Şol gezegem beripdir. Ýanynda zat galmandyr. Soňundan-da şeýle diýipdir: “Sadaka malyndan ýanymdakylaryň hemmesini berdim. Başgalaryna bermek üçin sizden hiç zat alyp galmadym. Kim dilegçilikden saklansa, Allatagala hem ony arassa we tämiz eder. Kimiň adamlardan göwni dok bolsa, Alla-da oňa baýlyk berer. Kim sabyr etmek islese, Allatagala oňada sabyr berer. Sabyrdan başga has haýyrly we peýdaly nygmat hiç kime berlen däldir.”(Buhary, Zekat, 50.)

Pygamberimiz özi we ýakynlary üçin asla sadaka kabul etmezdi. Bir gezek agtygy hezreti Hasan çagaka, sadaka hökmünde berlen hurmalaryň birini agzyna salypdyr. Muny gören pygamberimiz:
“Tüýkür, derrew tüýkür, biziň sadaka iýmeýändigimizi bileňokmy, eýsem?” diýipdir, hezreti Hasan-da şol hurmany taşlapdyr.(Buhary, Zekat, 60.)