Pygamberimiziň sypaýyçylygy we geçirimliligi

Pygamberimiz güler ýüzlüdi, özüni alyp barşy şeýle ýumşakdy, üstesine-da örän sypaýydy. Gödeklikden, göwne degijilikden namnyşan ýokdy. Agzyndan gödek söz çykmandy. Ol ömründe hiç kimiň göwnüne degmändi, gaty-gaýrym söz diýmändi, hiç kime käýemändi.

On ýyllap pygamberimiziň gullugynda durup, hyzmat eden Enes (r.a.) şeýle gürrüň berýär: “Pygamberimiz maňa asla gödek söz diýmedi, hatda “owf” sözünem aýdan ýeri ýokdy. Eden işime näme üçin beýtdiň, näme üçin şeýtdiňem diýmezdi. Etmedik işime-de näme etmediň diýibem käýemezdi.”(Buhary, Edeb, 39.)

Gören kemçiliklerini adamyň ýüzüne urmazdy. Halanmaýan ýalňyş hereketi gören wagty “Käbir adam şeýle edýär, şeýle diýýär, aslynda ol dogry däldir” ýaly umumy sözler bilen aýlawly maslahat bererdi we hiç kimi utandyrman ýalňyşy düzetmegiň ugruny tapardy. Özüne bir zat hödür kerem edilse, az hem bolsa, şony azyrganmazdy, sarpa goýardy. Edilen ýagşylyga ýagşylyk bilen jogap bererdi, ýagşylyk edenleri hormat goýup ýatlardy.

Pygamberimiz gaty wepalydy. Özüne ýagyşylyk eden adamlary asla unutmazdy. Zenanalardan yslamy ilkinji bolup kabul eden hormatly ýanýoldaşy hezreti Hatyjady. Hatyja pygamberimizi mukaddes wezipesinde hiç ýalňyz galdyrmandy. Ony hemişe goldapdy, kynçylykly wagtlarda oňa teselli beripdi, özem ruhubelent zenanady. Pygamberimizi ony aradan çykandan soňra-da hiç unutmandy. Ony hemişe sarpa goýup ýatlardy, haçan-da bolsa, goýun soýan wagtynda, onuň etinden hezreti Hatyjanyň ýakynlaryna ibererdi.

Pygamberimiz süýt emdiren enekesini we süýtdeş doganlaryny hormat goýup ýatlardy. Süýt enekesi Halyma özüne görme-görşe gelen wagty ony “enekejanym, enekejanym!” diýip, garşy alardy, aşagyna halyça ýerine öz donuny ýazyp oturdardy, oňa örän uly hormat goýardy.

Ol gaty geçirimlidi. Uhud söweşinde duşmanlar pygamberimize ok atypdylar, oňa daş ýagdyrypdyrlar we onuň mübärek dişini döwüpdiler, ýüzüni ýaralapdylar. Olaryň bu hereketlerine gaýtargy hökmünde gödek söz aýtmandy, bet niýetli doga okamandy. Ol ýüzündäki ganlary süpürip, şeýle diýipdir:

“Allahym! Milletimi bagyşla! Olar näme edýänlerini bilenoklar.”(Mejmuauz-Zewaid, j.6, s. 117.)

Pygamberimiz özüne edilen ýaramaz hereketleri bagyşlapdyr, eline pursat geçse-de, geçirimlilik edip, olardan ar almandyr. Ýöne başga adamlaryň zyýan görmegine razy bolmandyr, hakykatyň we adalatyň öz ýerini tapmagyny ýola goýmaga çalşypdyr. Elbetde, özümize garşy edilen ýaramazlyklara geçirimlilik etmek, başgaça aýdylanda, “…ýamanlyga ýagşylyk etmek är kişiniň işidir”, belent mertebeli adamyň nusga görkezýän duýgusydyr.

Mekgeli müşrikler wagtyň geçmegi bilen pygamberimizi öldürmek isleýärler. Yslamyň nuruny söndürmek üçin hem pygamberimize hem-de musulmanlygy kabul edenlere ellerinden gelen ýamanlygy gaýgyrmandylar. Munuň netijesi hökmünde musulmanlar önüp-ösen ýerini taşlap, Mekgeden Medinä göç etmäge mejbur bolupdyrlar. Pygamberimiz-de Medinä göç edipdi.

Aradan birnäçe ýyl geçeninden soňra pygamberimiz on müň adamdan ybarat bir goşun bilen Mekgäni gan dökmezden ele geçirdi. Öň pygamberimizi öldürmekçi bolan we musulmanlara ýamanlyk baryny görkezen adamlar pygamberimiň öňünde baş egip, dyza çöküpdiler. Özlerem näme karar berlerkä diýip sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Pygamberimiz bu ýerde-de adamzadyň iň ýokary geçirimliligini görkezip, olaryň barynyň günäsini bagyşlap, belent mertebeliligiň, ýokary derejedäki adamkärçiligiň oňat nusgalarynyň dersini beripdi.