Pygamberimiziň gaýduwsyzlygy

Pygamberimiziň aýratynlyklarynyň biri-de onuň ýokary derejedäki batyrgaýlyga, gaýduwsyzlyga eýe bolmagydyr. Onuň adamlary yslama çagyran wagtynda-da, ýoldaşy ýokdy, ýeke-täk özüdi. Ilkinji ýyllarda musulmanlygy kabul edenleriň sany-da azdy. Garşysynda yslamy ýok etmek isleýänleriň sanyda köpdi, maddy güýçleride artykdy.

Pygamberimiz mukaddes wezipesini berjaý edýärkä, gaty howply wakalara duş gelipdi. Duşmanlar ony öldürmek, yslam güneşini söndürmek üçin elhenç meýilnamalary taýýarlapdylar. Güýçli goşunlar bilen musulmanlara hüjüm etdiler. Ýöne pygamberimiz bularyň öňünde dyza çökmedi, umytsyzlyga düşmedi, öz wezipesini dowam etdirdi.

Mekge yslam goşuny tarapyndan ele geçirilipdi. Käbe butlardan arassalanypdy. Muňa gaýgylanan duşmanlar musulmanlaryň üstüne hüjüm etmek üçin “Huneýn” diýlen ýerde 20 müň adamdan ybarat bolan bir goşun ýygnadylar. Ýagdaýdan habar alan pygamberimiz 12 müňlük goşun bilen olara tarap herekete geçdi. Yslam goşuny jülgäniň dar geçidinde bukuda ýatan duşman tarapyndan üsti basyldy we hüjüme geçildi. Gijäniň alagaraňkylygynda gurnalan bu hüjümiň netijesinde musulmanlaryň goşuny dargap başlady. Bu ýagdaý yslamyň geljegi üçin gaty howpludy.

Duşmanyň gazaply hüjüminiň öňünde yza çekilmeýän ýanynda az sanly ýoldaşy bilen duşmana garşy duran ýeke-täk gahryman galypdy. Ynha, şol gürrüňi edilýän batyrgaý, gaýduwsyz gahryman bolsa hezreti Muhammetdi (s.a.s.)

Pygamberimiz “Men pygamber, munda ýalan ýok…” diýýärdi we dargan musulmanlary ýanyna çagyrýardy. Onuň sesini eşiden yslam goşuny gaýtadan jemlendi we gaýduwsyz görnüşde duşmanyň üstüne hüjüm etdi. Duşman näme bolandygyna-da düşünip bilmedi, aljyrady, soňra dargap gaçmaga başlady we ýeňlişe sezewar boldy. Söweş yslam goşunynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýdip, yslamyň geljegi uly howpdan halas edildi.

Ynha, bu söweş pygamberimiziň uly batyrgaýlygynyň, gaýduwsyzlygynyň saýasynda gazanyldy. Onuň ömür beýanynda şeýle görnüşli batyrgaýlygynyň ençeme nusgalary bardyr. Ol gerek ýerinde sabyrlylygyň, kararlylygyň, batyrgaýlygyň, gahrymanlygyň iň ajaýyp nusgasy bolupdyr.