Pygamberimiziň myhmansöýerligi

Pygamberimiziň nusga hökmündäki ajaýyp häsiýetleriniň biri-de onuň myhmanparazlygydyr. Uzakdan-ýakyndan özüne görme-görşe gelenleriň sany hemişe köp bolardy. Ol myhmanlaryny iň oňat görnüşde hormatlardy, olara hut özi serederdi, özi gözegçilik ederdi. Pygamberimiz musulman bolmaýan myhmanlaryna-da şeýle görnüşde garardy.

Köp sanly myhmanlar gelip, özleriniň iýjek zatlaryny-da olara berip, öz çagalary bilen aç ýatan gijeleri bolardy.

Ol myhmanlar bilen baglanyşykly şeýle diýipdir:
“Alla we ahyret gününe ynanan adam öz myhmanyna hödür-kerem etsin.”(Buhary, Edeb, 31.)