Pygamberimiziň Alla gorkusy

Pygamberimiz älemlere rehimdarlyk üçin iberilen iň soňky pygam- ber bolsa-da, Allatagaladan her kimden köp gorkar eken we “Kyýamat güni nähili bolarkam” diýip alada eder eken.

Musulman bolanlaryň on dördünji kişisi we Medine göç edenleriň ilkinji aradan çykany Osman ibn Mazun (r.a.) ýogalan wagty, ölüm habaryny alan dessine onuň öýüne gidipdir. Ensardan Ümmü Ala bint-i Harys Osmanyň jesedini görkezip:

“Eý, Ebu Saib, Allanyň rahmetine üstüne bolsun. Sen hakda bilen zadym we beýlekilere aýtmakçy bolýanym şudur, ýagny sen Allanyň rahmetine we keremine gowşan birisiň” –diýipdir. Şonda pygamberimiz:

“Allataglanyň bu ölüni rahmetine we keremine gowuşdyrandygyny nireden bilýärsiň?” diýip sorapdyr. Onda şol aýal:

“Eý Allanyň resuly, ene-atam saňa gurban bolsun. Allatagala şu imanly adama keremililik etmez-de, başga kime eder, ahyry” diýipdir. Şonda pygamberimiz:

“Osman ibn Mazun ölendir. Allanyň adyndan söz berýärin, men hem muňa haýyrlylyk we bagtyýarlyk dileýärin. Alla tarapyn iberilen pygamber bolsam-da, kyýamat gününde maňa nähili garajakdyklaryny bilmeýärin.” diýipdir.(Buhary, Jenaiz, 3.)

Bir gün hezreti Ebu Bekir pygamberimize:
“Eý Allanyň resuly, görýän welin saçlaryň agarypdyr” –diýipdir.

Şonda pygamberimiz-de:
“Hawa, “Hud”, “Wakia”, “Mürselat” we “Amme” süreleri meni garratdy” diýip jogap beripdir.(Tirmizi, Tefsirul-Kuran, 57.)

Bir gün pygamberimiz bir jenaza gatnaşypdyr, gabyr gazylyp gutarylmandygy üçin garaşmaga mejbur bolupdyrlar. Bu ýagdaý oňa şeýle bir täsir edipdir welin, aglapdyr, göz ýaşlaryndan gumuň üsti öl bolupdyr. Şonda şu sözleri aýdypdyr:
“Doganlarym, özüňizi şu gün üçin taýýarlaň.”(Ibn Maje, Zühd, 19.)