Pygamberimiziň çaga söýgüsi

Pygamberimiz çagalary gaty gowy görerdi. Olary gujagyna alardy, başyny sypalardy, mähir bilen ogşardy. Pygamberimiz agtyklary hezreti Hasan bilen hezreti Hüseýi ogşardy. Şonda muny gören bir adam:
“Meniň on çagam bar, olaryň hiç birini ogşamadym” diýen. Pygamberimiz oňa:
“Merhemet etmeýäne, merhemet edilmez” diýipdir.

Pygamberimiz namaz okaýarka, eýjejik agtyklary onuň egnine çykardy. Ybadatdakada çagalaryň bu hereketini hoşamaý garşylardy, olara päsgel bermezdi.

Bir ýerde otyrka, gyzy hezreti Fatyma geläýse, ör turardy, onuň maňlaýyndan ogşardy, ony öz ýerinde oturdardy. Ol diňe öz çagasyny, agtygyny däl, eýsem kimiň çagasy bolsa-da şol hereketlerinin gaýtalardy, çagajyklara süýji-köke berip, olary begendirerdi. Ol musulman bolmaýan adamlaryň çagalaryna hem şeýle ederdi.

Pygamberimiz çagalar bilen ýörite meşgullanardy. Bir gezek çagalaryň arasynda ýaryş geçirilipdi. Özem ýaryşyň soňky çyzygynda (finiş) durupdy. Ylgap ýanyna gelen çagalary ogşady we sowgatlaryny berdi.(Ahmed b. Hanbel, Müsned, j. 1, s. 214.)

Pygamberimiz çagalar bilen baglanyşykly şeýle öwüt-nesihatlar edipdir:
“Alladan gorkuň, çagalaryň arasynda adalatly hereket ediň.”(Buhary, Hibe, 8 / 26.)

“Çagalary ogşanyňyzda-da deňligi saklasaňyz, muny Allatagalanyň hem halajakdygyna şübhe ýokdur.”(El-Jamius-Sagyr.)

Jemläp aýdanymyzda, pygamberimiz arassa ýürekli, ýokary adamkärçilikli, oňat ahlakly, sypaýy, ömrüni adamzadyň halas bolmagyna bagyşlan halkahalar şahsyýet bolupdyr.

Goý, onuň görkezen aýdyňlyk ýolundan gidenler bagtyýar bolsun!

Goý, onuň ýaşaýşyny, ömürbeýanyny, ahlak hereketlerini berjaý edenler hemişe bagtyýar bolsun!