Ilkinji musulmanlar

Jebraýyl (a.s.) ikinji sapar geleninde, pygamberimize “Hany tur, adamlara habar ber!” manysyndaky aýaty getirdi, pygamberimiz ýerinden turdy. Onuň ýerinde turandygyny gören hezreti Hatyjanyň:

“Näme üçin, uklap dynç almadyň?” diýen soragyna pygamberimiz: “Eý Hatyja, mundan beýläk meniň üçin uky we dynç alyş wagty gutaraýdy öýdýän”- diýip, yslam dini adamlara habar berme wezipesiniň başlandygyny beýan etdi we “Eý, Hatyja, kimi çagyraýyn, meni kim tassyklap oňlar”-diýdi. Şol hezreti Hatyja:

· “Men tassyklaryn, eý Allanyň resuly! Öňi bilen sen dini maňa dü şündir!” diýdi. Pygamberimiz onuň bu sözlerinden hoşal boldy we yslam dinini öňi bilen oňa düşündirip berdi.

Pygamberimize ilkinji ynanan we onuň bilen birinji gezek namaz okan adam hormatly yslam zenanasy hezreti Hatyjadyr. Bu asylzada we abraýly zenana pygamberimizi mukaddeslik ynanjy dawasynda asla ýeke goýmandy, kyn we agyr günlerini derdini bile çekişip, teselli beripdi hem-de ýakyn hemaýatçysy bolupdy. Pygamberimiz Nur (Hira) dagyndaka, ýanyna Jebraýyl (a.s.) gelipdir we şeýle diýipdir:

“Eý, Allanyň resuly, ynha bu Hatyjadyr. Saňa tarap gelýär, ýanynda-da bir gap bar, onuň içinde-de nahar.

Hatyja seniň ýanyňa gelende, oňa Rabbyňdan we menden salam aýt we özüni-de jennetde beriljek dürden bina edilen köşgi bilen buşla…”(Buhary, Fedail, 20.)

Hezreti Hatyjadan soňra çagalardan hezreti Aly, gul wagtyndaka azatlyga çykan Zeýd b. Harise we hezreti Ebu Bekir iman edip, musulman boldular.

Hormatly pygamberimiz yslama çagyryşy üç ýyl çemesi gizlin görnüşde beýan edininden soňra şu manydaky aýatlaryň inmegi we gelip gowuşmagy bilen halky açyk görnüşde yslam dinine çagyryş etme döwri başlady:

“Sen iň ýakyn dogan-garyndaşlaryňa aýt, möminlerden saňa tabyn bolanlara rahmet we hemaýat ganatlaryňy ger. Eger saňa duşman bolup, garşy çyksalar, olara “Men siziň eden zatlaryňyzdan tutuşlykda uzakdadyryn”- diý.”(Şuara süresi, 214-216.)

“Häzir sen nähili görnüşde buýruk alan bolsaň, ony açyk görnüşde habar ber. Müşriklerden ýüz öwür.”(Hijr süresi, 94.)

Şondan soň pygamberimiz turuwbaşdan öz garyndaşlaryndan başlap, tutuş Mekge halkyny yslam dinine çagyryp başlady. Bu maksat bilen Safa depesine çykyp, bütin mekgelilere ýüzlenip:

· “Eý Kureýş halky!” diýip sesledi.

Sesini eşidenleriň bary şol tarapa eňdiler we töweregini gurşap aldylar. Pygamberimiz olara:

· “Size şu depäniň aňyrsyndan duşamynyň goşuny gelýär diýip habar bersem, siz maňa ynanarsyňyzmy?” -diýip sorady.

Şol ýerde bolanlaryň hemmesi bilelikde:

“Hawa, ynanarys, seniň ýalan sözlän ýeriňi görmedik”-diýdiler. Pygamberimiz olara şeýle diýdi:

“Şeýle bolsa, onda men size öňümizde güýçli we gazaply azap gününiň bardygyny, Allatagala ynanmaýanlaryň we oňa gulluk etmeýänleriň uly azaba uçrajakdyklaryny, ejir baryny çekjekdiklerini habar berýärin. Ant içýärin, şuňa ynanyň, Alladan başga ybadata laýyk taňry ýokdur. Mende size we bütin ynsanlara Allanyň iberen pygamberidirin.

· Eý Kureýş halky! Siz edil uka giden ýaly öljeksiňiz. Siz ukudan oýanan ýaly direljeksiňiz. Gabyrdan turup, Allanyň huzuryna barýançaňyz, hökmany suratda dünýädäki ähli eden işleriňiz üçin soraga çekiljeksiňiz. Ýagşylyklaryňyzyň öwezini aljaksyňyz, ýaramazlyklaryňyz üçinem jezasyny görjeksiňiz. Ýagşylygyňyzyň öwezi ebedi bolan jennetdir, jeza-da jähenneme girmekdir.” Gynansak-da, diňleýjileriň arasynda bolan yslam duşmany Ebu Leheb pygamberimiziň göwnüne degjek gödek sözleri sözledi we şol ýerde bolanlar dargadylar.

Ýöne pygamberimiz umytsyzlyga düşmedi, iň kyn şertlerde-de yslam dinini habar bermegi dowam etdirdi. Müşrikleriň (şärikçiler) ähli päsgelçiliklerine garamazdan, yslamyň nury ýürekleri aýdyňlatdy, musulmanlaryň sany günsaýyn köpelip başlady.