Hezreti Hamzanyň musulman bolmagy

Pygamberimiz (s.a.s.) yslamy ýaýratmaga synanyşan wagtynda köp sanly kynçylyklar bilen gabatlaşdy. Muňa garamazdan, wezipesini dowam etdirýärdi, musulmanlaryň sanyda gün-günden has artýardy.

Pygamberligine alty ýyl bolupdy. Bir gün Safa depesinde otyrka, şol ýerden geçip barýan Ebu Jehil pygamberimize gaty erbet sögüpdir. Onuň bu edepsizligine pygamberimiz sesini hem çykarmandyr, jogabam bermändir. Bu gynançly ýagdaýy gören bir zenana bolup geçen wakany pygamberimiziň doganoglany Hamza aýdyp beripdir. Hamza heniz musulman bolmandy. Ýöne doganynyň ogluna edilen bu gödek herekede gaty gahary gelipdir. Derrew kureýş müşrikleriniň (şärikçiler) ýygnanýan ýerine gidip, Ebu Jehile ýüzlenip:

“Meniň doganymyň ogluna sögüp, onuň göwnüne degen senmiň?”- diýipdirde, elindäki ýaýy bilen onuň kellesine urupdyr.

Ondan soňra hezreti Hamza musulmanlygy kabul edip, pygamberimiziň ýanyndan ýer aldy.