Hezreti Omaryň musulman bolmagy

Şol döwrüň Mekge halky butlara çokunýardylar. Hezreti Hamzanyň musulman bolmagy we musulmanlaryň gün-günden güýçlenmegi butlara çokunýanlaryň aladasyny artdyrdy. Bu ýagdaýa çäre tapmak üçin “Darun-Nedwe” diýlen ýerde ýygnandylar. Ýagdaýy gözden geçirenlerinden soňra, Ebu Jehiliň teklibi boýunça hezreti Muhammedi öldürmeklige karar aldylar. Şeýle gorkunç karary berjaý etmek üçin aralaryndan iň batyrgaý bolan Omary saýladylar. Şol wagt 33 ýaşynda bolan Omar gylyjyny guşandy we hezreti Muhammedi öldürmek üçin ýola düşdi.

Musulmanlar Erkamyň öýünde ýygnanyşypdylar. Pygamberimizem şol ýerde eken. Omar ýolda Nuaýma duşdy. Nuaým “Eý, Omar, ugur haýyrly? Nirä ugradyň?”-diýip sorady. Şonda Omar:

“Milleti biri-birine küşgüren, bozgak Muhammediň soňuna sogan ekmäge barýan!”-diýip jogap berdi. Nuaým Omara:

“Öz-ä gaty kyn işe baş goşupsyň”- diýdi. Onda Omar:

“Näme senem Muhammediň tarapdarymyň?” diýip, onuň üstüne herrelmäge başlady. Nuaým:

“Eý, Omar, sen meniň bilen işiň bolmasyn, oňarýan bolsaň, bar öz maşgalaňa seret, giýewiň Seýit bilen uýaň Patma musulman boldular” diýen badyna Omar:

“Onda, ilki olaryň işini göreýin”-diýip, ýoluny üýtgetdi-de, uýasynyň gapysyny kakdy. Şol wagt uýasy bilen giýewi pygamberimize täzelikde inen “Ta-ha” süresiniň birinji aýatyny okaýardylar. Omaryň ýaragly gelendigini görüp, gaty gorkdular we Gurhanyň sahypalaryny derrew gizlediler.

Omar içerik girip, olardan näme okaýandygyny sorady. Olar-da “üýtgeşik zat ýok” diýdiler, Omar gazap atyna münüp, gygyrmaga başlady. “Diýmek, eşidenlerim dogry eken” diýip, giýewisiniň ýakasyndan tutup, aýlap ýere urdy we ýençmäge başlady. Adamsyny halas etmek üçin gaýrat edýän uýasy Patmanyň ýüzüne-de bir şarpyk çaldy. Biçäre aýal agzy-burnundan gan gelip, ýere ýazyldy. Patma imanyň beren güýjüne daýanyp, Omara şu sözleri aýtdy:

“Alladan gork. Bir biçäre zenana edenleriňe seret. Men adamym bilen musulman boldum. Kellämizi keseňsem, biz ondan dönmeris.

Omar:
“Okan zadyňyzy maňa getirip beriň”-diýdi. Uýasy gizlän aýatlary çykaryp berdi. Omar üns berip okamaga başlady, okadygyça ýüregi ýumşady. Mukaddes Gurhanyň ajaýyp äheňi, manysyndaky agraslyk, okalyşyndaky labyzlylyk Omaryň ýüregini bendi etdi. Indi Omaryň ýüregi yslama açykdy. Hezreti pygamberiň ýanyna gitdi. Öňünde dyza çökdi we “kelime-ýi şehadaty” aýdyp, musulman boldy. Şol ýerdäkiler muňa gaty begendiler. Hemmesi birlikde “kelime-ýi şehadaty” aýtdylar.

Omaryň yslama girmegi bilen musulmanlyk hasda güýçlendi. Omar: “Ýaranlarymyz näçe adam?”-diýip sorady.

“Sen bilen kyrk adam bolduk”-diýip jogap berdiler.

Omaryň haýyşy boýunça pygamberimiziň yzyna düşüp, hemmesi Käbä gitdiler, baryp şol ýerde we açyk görnüşde köpçülik bolup namaz okadylar. Müşrikler bu ýagdaýa geň galdylar. Pygamberi öldürmäge giden Omary musulmanlaryň ýanynda gören müşrikler muňa haýran galdylar.

Pygamberi öldürmek üçin ýola çykan Omaryň rehimsiz we daşdan gaty ýüregini uýasynyň öýünde okan Gurhanyň aýatlary ýumşadypdyr, garaňky göwnüni bolsa nur bilen doldurypdyr, pygambere bolan duşmanlyk duýgularyny çepbesine çöwrüp, dostluga öwrüpdir.