Hezreti Bilaliň okan

IŇ SOŇKY AZANY

Makalalar>>Iň soňky azan

Hezreti Bilal Yslam dininiň ilkinji azançysydyr. Söýgüli Pygamberimiz ilkinji azany Bilale okatdy.

“Ol ýok bolsa menem ýok!”

Älemleriň Serweri, Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) bu dünýä gözlerini ýumup ahyrýete göçenden soň, Hezreti Bilal Pygamberimizden aýralyga çydap bilmän Medineden göçýär. Ol Pygamberimiziň ölüminden soň Medinede bir-näçe gezek azan okajak bolupdyr, emma her gezeginde “Muhammedurresulullah” sözüne ýetende azany dowam edip bilmän, dyzlarynyň bagy çözülip aglar eken. Şam (Damask) töweregine göçen Hezreti Bilal hijri 16-njy ýylda Siriýa we Palestina taraplaryna gelen Hezreti Omary garşy alyp onuň bilen duşuşdy. Hezreti Omar, Bilala ýene bir gezek azan okap bermegini haýyş etdi. Olam dosty Omaryň ýüzünden geçip bilmän öňki döwürlerde bolşy ýaly azan okady. Hezreti Bilal azan okamaga başlanda Hezreti Omar we beýleki sahabalar Pygamberimiziň döwrüni ýatlap uzyn watlap aglapdyrlar.

“Munça aýralyk ýetmezmi eý Bilal?!”

Hezreti Bilal bir gije düýşünde Resulullahy görüpdir. Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) Hezreti Bilale ýüzlenip : “Munça aýralyk ýetmedimi eý Bilal? Meň gabrymy zyýarat etjek dälmi?” diýipdir. Hezreti Bilaliň ýüregi duraýjak ýagdaýa gelipdir. Wagt ýitirmän ýolagçylyk taýýarlygyna başlapdyr-da, daň bilen düýesine münip Medinä ýola düşüpdir.

Medinä baranda özüni tanaýanlaryň hemmesi onuň bilen salamlaşýardy. Bilýänler bilmeýänlere: “Ynha bu Bilal – Pygamberimiziň azançysy” diýip ony taryp edýärdiler. Emma ol bu sözleriň iç birini eşidenokdy. Ýeke-täk maksady bardy, olam Pygamberiniň mazaryna ýetmekdi. Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) mazaryna ýetende ilki bilen salam berdi- de soňam Kurany Kerim okady. Hezreti Bilal söýgüli Pygamberiniň mazarynyň ýanynda aglap, mundan beter çydap bilmän şol ýerde çaşypdyr. Özüne gelende baş ujunda söýgüli Pygamberimiziň agtyklary Hezreti Hasan we Hezreti Hüseýn onuň saçlaryny sypalap duran eken. Gat begendi. Gujaklaşdylar we uzyn wagtlap aglaşdylar. Hezreti Bilal: “Balalarym, eddil ataňyzdan gelýän ys ýaly ys gelýär sizden. Ataňyza nähili meňzeýäňiz...” diýdi. Hezreti Hasan: “Atamyz sizi, sizem atamyzy gowy görýädiňiz. Sizden bir zat haýyş etsek edermisiňiz?” diýip sorady. Olam: “Bu nähili söz? Näme buýursaňyz ýerine ýetirerin” diýip jogap berdi. Hezreti Hasan şul islegi dile getirdi: “Senden ýene bir gezek azany eşitmek isleýäris!”

Hezreti Bilal Mesjidi Nebewä geldi-de “Allahu ekber, Allahu ekber...” diýip azany okamaga başlady. Birden Medine halky irkildi, eşitýän zatlaryna ynanyp bilenokdylar. Bu Söýgüli Pygamberleri Hezreti Muhammet Mustafanyň azançysyň sesidi. “Eşhedü enne Muhammederrasulullah” sözüne ýetende ähli halk ýollara döküldi we Mesjidi Nebewä tarap ygladylar. Şeýle bir tolgundylar welin, “Pygamberimiz direläýdimika?” diýip begendiler, we köne günleri ýatlap agladylar. Hemme kişi özünden geçip aglaýardy. Medine Pygamberimiziň ölüminden soň iň köp şol gün aglapdy. Hiç şübhesiz, iň köp aglanam Hezreti Omardy. Şol gün okan azany Hezreti Bilaliň ömründe okan iň soňky azany eken.

Meniň üçin kim doga-dileg eder-kä?

Hezreti Bilaliň hiç perzendi bolmandyr. Bir gün Bilal Pygamberimize: “Meň çagamam ýok, meň arkamdan kim meniň üçin Fatiha okarka?” diýip sorady. Pygamberimizem (sallallahu aleýhi we sellem) : “Meniň ymmatym her azandan soň seniň üçin Fatiha okar” diýip ony köşeşdirdi.