REMEZAN AÝYNDA

TARAWA NAMAZY

Makalalar>>Tarawa namazy

“Alla Remezan aýynda agzyňy beklemegi parz kyldy (etdi). Menem gije ybadatyny (tarawa namazyny) sünnet kyldym. Kim fazylatyna ynanyp we aljak garşylygyny Alladan umydygär bolup orazasyny tutsa, gije ybadadyny ýerine ýetirse, eneden doglan gündäki bolşy ýaly günälerinden halas bolar.” (Nesai)

“Remezanyň birinji gijesinde gök we jennet gapylary açylar. Bu gapylar Remezan aýynyň soňky gijesine çenli açyk bolar; ýapylmaz. Isle zenan bolsun, isle erkek bolsun Remezan aýynyň gijelerinden birinde okan namazynyň (tarawa) her sejdesi üçin müň ýedi ýüz sogap ýazylar. Onuň üçin jennetde bir köşk gurular; ol köşk gyzyl ýakutdandyr, her gapynyňam gyzyl ýakut bilen bezelen iki ganady bardyr…” (Gunýetüt-Talibin)

Resululla we Hezreti Ebu Bekir döwründe tarawa namazyny herkim aýratyn kylýardy. Hezreti Omar döwründe tarawa namazy jemagat bilen kylynmaga başlandy. Şol sebäpden hem tarawa namazynyň jemagat bilen kylynmagyna “Hezreti Omaryň sünneti” diýilýär. (Kütübü sitte)

Tarawa namazynyň her gününiň fazyleti aýradyr. Ymamy Gazaly hezretleri tarawa namazynyň fazyleti barada şeýle diýýär: “ Hezreti Alydan rowaýat edilşine görä:

1-nji gije tarawa namazyny kylanyň hemme günäleri bagyşlanar.
2-nji gije tarawa namazyny kylanyň özüniň, we eger musulman bolsalar ene-atasynyň günäleri bagyşlanar.
3-nji gün tarawa namazyny kylana perişdeler buşlap şeýle diýerler: “Ey pylany! Alla seniň amalyňy kabul etdi we umydygär bolanyňa ýetirdi diýip buşlaýarys!”.
4-nji gün tarawa namazyny kylana, Alla Töwrat, Injil, Zebur we Kurany okan ýaky edip sogap berer.
5-nji gün tarawa namazyny kylana Alla Mesjidi Haramda (Käbede) namaz kylanyň sogabyny berer.
6-njy gün tarawa namazyny kylana Alla Beýti Mamuru towap edeniň sogabyny berer.
7-nji gün tarawa namazyny kylana Alla, Musa pygamberiň ýanynda faraona we hamana garşy göreşeniň sogabyny berer.
8-nji gün tarawa namazyny kylana, Alla, Bedir söweşinde Pygamberimiziň ýanynda bile söweşeniň sogabyny berer.
9-njy gije tarawa namazyny kylana, Alla, Dawut pygamber bilen bile ybadat edeniň sogabyny berer.
10-njy gije tarawa namazyny kylana, Alla, dünýä we ahyrat esenligini berer.
11-nji gije tarawa namazyny kylana kabul edilen Umre sogaby beriler.
12-nji gije tarawa namazyny kylan Syrat köprüsini ýyldyrym ýaly çalt geçer.
13-nji gije tarawa namazyny kylana hamala Beýtullahy guran ýaly sogap beriler.
14-nji gije tarawa namazyny kylana, Alla, Gadyr gijesini ertire çenli ybadat eden ýaly sogap berer.
15-nji gije tarawa namazyny kylanyň, Alla, dileg we dogalaryny kabul eder. Ahyretde beýik derejeler yhsan eder (berer).
16-njy gije tarawa namazyny kylan, kyýamat güni gabryndan turanda “Lä ilähe illallah” diýip turar.
17-nji gije tarawa namazyny kylan dünýäden ötmäkä Jenneti Aladaky ýerini görer.
18-nji gije tarawa namazyny kylana şehitlere we gazylara berilen sogap ýaly sogap beriler.
19-njy gije tarawa namazyny kylanyň, Alla, dünýä we ahyrýetdäki kömekçisi bolar.
20-nji gije tarawa namazyny kylan, Resulullany düýşünde görmän ölmez.
21-nji gije tarawa namazyny kylana, ýerde we gökde näçe perişde bolsa hemmesi onuň üçin istigfar ederler, Alladan günäleriniň bagyşlanmagyny dilärler; we Alla ol gulundan razy bolmazdan bu dünýäden ötmez.
22-nji gije tarawa namazyny kylan, Muhammet ymmatynyň ýetimlerini we dullaryny doýuran ýaly sogap alar.
23-nji gije tarawa namazyny kylan Muhammet ymmatynyň ýesirlerini azat eden ýaly sogap alar.
24-nji gije tarawa namazyny kylan beragatyny sag elinden alar.
25-nji gije tarawa namazyny kylana ölüm perişdesi iň gowy keşpde geler, ony jennediň nygmatlary bilen buşlar.
26-nji gije tarawa namazyny kylany, Allanyň emri bilen perişdeler şeýtanyň şerinden gorarlar.
27-nji gije tarawa namazyny kylan üçin, Allanyň emri bilen jähennemiň gapylary ýapylar.
28-nji gije tarawa namazyny kylan üçin, Allanyň emri bilen jennetiň gapylary açylar, haýsy gapydan islese şol gapydan girer.
29-njy gije tarawa namazyny kylana Eýýup pygamberiň sabyr sogaby beriler we ähli günäleri bagyşlanar.
30-njy gije tarawa namazyny kylana Allanyň emri bilen arşyň aşagyndan bir münadi şeýle seslener: “Gije tarawa namazyny kylan gullar, jähennemden halas bolan gullardyr. Gorkýan jähennemlerinden halas bolup umyt eden zatlaryna we Allanyň jemalyna ýeten gullardyr”. Alla şeýle buýurdy: “Yzzat we jelalymyň haky üçin bu gullarymy bagyşladym, jähennem odyny bedenlerine haram kyldym”. Soňam Alla şeýle emreder: “O gullara (erkek ýa-da aýal bolsun) jähennem azabyndan halas bolmak we syraty aňsatlyk bilen geçmek üçin beragat ýazylar.” ”