Hadysy şerif (Müslim-Mesajid 146)

"Her namazdan soň 33 gezek "Subhanallah", 33 gezek "Elhamdulillah", 33 gezek "Allahu ekber" diýseňiz, jemi 99 bolýar; ýüze tamamlap "Lä ilähe illallah wahdehu lä şerike leh, lehül-mülkü we lehül-hamdu we huwe alä külli şeý'in kadir" diýseňiz günäleriňiz deňiziň köpürjegi ýaly köp bolsadam bagyşlanar."

Namazdan soň okalýan tesbihler we dogalanyň adaby

Tesbihler

Namazdan soň ymamyň we jemagatyň üç gezek:
"Estagfirullahel-azym, el-kerim ellezi lä ilähe illähu el-haýýul kaýýumu we etubu ileýh" diýmekleri sünnetdir.
(Manysy: Azym we Kerim bolan Allaha istigfar edýärin. Çünki, Ondan başga ilah ýokdur. Ol Haýý we Kaýýumdyr. Oňa toba edýärin).

Jemagat bilen ýa-da ýeke özi bolsun tapawudy ýok, istigfardan soň:
"Allahümme entesselamü we minkes-selam. Tebärakte ýa zeljelali wel ikram"
diýilýär. (Manysy: Allahym! Sen ähli nogsanlardan amansyň, salamatlyk Sendendir. Eý, azamat we kerem eýesi Seniň ynaýetiň we bereketiň soňsuzdyr)

Şundan soň:
"Subhanallahi welhamdulillähi welä ilähe illallahu wallahu ekber. Welä hawle welä kuwwete illä billähil aliýýil azym" diýilýär.
(Manysy: Allahy tesbih edýärin. Allaha hamd edýärin. Allahdan başga ilah ýokdur. Allah iň beýikdir. Güýç we kuwwat diňe Belent we Azym bolan Allaha mahsusdyr)
Her kim e’uzi-besmele aýdyp, Aýatel-Kursini okaýar.



"Allahu lä ilähe illä huwel haýýul kaýýum, lä te’huzühu sinetün welä newm, lehu mä fissemäwäti we mä fil’ard. Men zellezi ýeşfeu indehu illä bi’iznih, ýa’lemü mä beýne eýdihim wemä halfehüm welä ýuhitune bi’şeý’in min ilmihi illä bimä şäe wesia kürsiýýühüssemäwäti wel ard, welä ýeudühu hyfzuhümä we hüwel aliýýül aziým"
Hadysy şerifde: «Her kim bäş wagt namazdan soň Aýatel-Kursini okasa, ony jennete girmekden diňe ölüm saklar» diýlipdir.
Soňra, islän kişi Yhlas, Felak we Nas surelerini hem okap biler.

Mundan soň 33 gezek Subhanallah, 33 gezek Elhamdülillah, 33 gezek Allahu Ekber diýer.
Tesbihleri barmaklar bilen sanamak sünnetdir. Pygamberimiz barmaklary bilen sanapdyr. Ýöne tesbih ulanmak hem jaýyzdyr. Sahabalardan daş sanap tesbih edenler hem bolupdyr. Ebu Hureýre hezretleriniň hem düwünli ýüplügi bar eken. Ýöne barmaklar bilen sanamak tesbih bilen sanamakdan afzaldyr.

Mundan soň: "Lä ilähe illallahu wahdehu lä şerike leh, lehül mülkü we lehül hamdu we hüwe a’la külli şeý-in kadiýr. Subhane rabbiýel a’lel wehhab" diýilýär. (Manysy: Allahdan başga ilah ýokdur. Ol ýeke-täkdir, şärigi hem ýokdur. Mülk Onuňkydyr. Hamd diňe Oňa laýykdyr. Ol her bir zada Kadyrdyr)

Soňra eller döşüň deňine galdyrylyp, doga edilýär. Dogada umuman özi we musulman doganlary üçin dünýä we ahyret haýyrlary dileg edilýär. Dogalaryň iň fazyletlisi Pygamberimiziň eden dogalarydyr. Bulardan birini Sa’d b. Ebi Wakgas şeýle rowaýat edýär:
«Resullullah her namazyň yzyndan şu dogalar bilen Allaha sygnardy:
«Allahym! Bahyllykdan sakla diýip, Saňa sygynýaryn. Gorkaklykdan daş et diýip, Saňa sygynýaryn. Garrylykda mätäç etme diýip, Saňa sygynýaryn. Dünýä pitnesinden gora diýip, Saňa sygynýaryn. Gabyr azabyndan hem goramagyňy diläp, Saňa sygynýaryn».

Doga edilenden soň eliň bilen ýüz mesh edilýär. Bu sünnetdir. Eger el galdyrylman doga edilse, ýüz mesh edilmeýär. Ýüzi mesh etmegiň hikmeti: bereketiň özüňe gelmegi, belanyň dep bolmagyny tama etmekdir.

Doganyň adaby

Doga Allaha hamd we Resulyna salatu-salam bilen başlanýar we soňy ýene «Elhamdulillah» diýip tamamlanýar. Çünki, Allah Tagala şeýle buýurýar:
«Jennetde mü’minleriň dogalarynyň soňy «Elhamdulillähi Rabbil älemin» sözüdir, (Ýunus, 10).
Şonuň üçin dogalarymyzyň soňunda şu aýaty Kerime okalýar:
«Seniň yzzatly bolan Rabbiň olaryň ýöňkeýänlerinden münezzehdir – daşdadyr. Ähli pygamberlere salam bolsun. Älemleriň Rabbi bolan Allaha hamd bolsun», (Saffat, 180-182).
Namaz tesbihatynyň ähmiýetine degişli Ebu Hureýreden rowaýat edilen bir hadysa görä Pygamberimiz şeýle ündäpdir:
«Kim her namazyň yzyndan 33 gezek Allahy tesbih etse, 33 gezek Allaha hamd etse, 33 gezek Allahy tekbir etse bularyň sany togsan dokuz bolar. Ondan soň bolsa: «Lä ilähe illallahu wahdehu lä şerike leh. Lehül-mülkü we lehül-hamdu we huwe ala kulli şeý-in kadiýr» diýse, günäleri deňziň köpügiçe bolsa-da bagyşlanar», (Müslim).
Ebu Said el-Hudriden rowaýat edilen başga bir hadysda bolsa şeýle aýdylýar. Pygamberimiz:
– Allah Tagalanyň razylygyny gazanmaga wesile boljak amallary köp ediň – diýdi. Ashaby Kiram:
– Bu amallar haýsylardyr? – diýip soranda, Serwerimiz:
– «Allahu Ekber», «Lä ilähe illallah», «Subhanalllah», «Elhamdulilläh», «Lä hawle we lä kuwwete illä billäh» sözleri aýtmakdyr – diýip jogap beripdir, (Hakim «Mustadrek»).