Mekir şeýtanyň oýuny

WAS-WASY BOLMAK

Makalalar>>Was-wasy bolmak barada

Sorag: Täret ýa-da gusul alamda, namaz okaýan wagtym hemişe was-wasy bolýan. Şol sebäpli şol bir zatlary bir-näçe gezek täzeden etmeli bolýan. Men näme etmeli?

Siz was-wasa keseline duçar bolupsyňyz. Bir zadyň was-wasadygyny bilmek, şol zady çözmek üçin gowy bir başlangyçdyr. Was-wasa şeýtandandyr. Kurany Kerimiň Nas süresinde şeýtan “was-wasa berýançi” diýip sypatlandyrylýar. Ýagny ol örän mekir we was-wasa berijidir. Ilki bilen şeýtan barada bu maglumaty bilmeli. Duşmanyň taktikasyny bilmek ony ýeňmegiň iň uly ýoludyr. Şeýtanyň taktikasy hem adamy şübhä düşürip was-wasy etmek, aljyratmak we adamyň aňsatlyk bilen ýerine ýetiräýjek ybadatlaryndan bizar etmekdir. Şeýtanyň bu oýununa garşy siziň etmeli zadyňyz: üns bermezlik. “Eý şeýtan, sen Allanyň we meniň iň uly duşmanym we meni Allatagalladan daşlaşdyrjak bolýaň” diýip üns bermän edýän işiňe dowam etmeli. Täret alaňyzda was-wasy bolsaňyz üns bermän dowam ediň we hiç zady gaýtadan etmäň. Gusulda we namazdadam şol bir zatlary ediň. Täzeden gusul almaň we namazda mälim bilýän ýalňyşyňyz bolmasa sehiw seždesini hem etmäň. Ýagny, “Ýalňyşdymmykam?” diýip waswasy bolsaňyz sehiw seždesi etmäň we namazyňyzy täzeden okamaň.

Söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär:
“Biriňiz namazy “dört rekagatmy ýa-da üç rekagatmy” kylandygy barada şübhä düşse, şübhesini taşlasyn-da we has takyk bilýän zadyna görä hereket etsin. Salamdan öňem iki sežde etsin. Eger bäş kylan bolsa bu seždeler namzyna şepagatçy bolar, eger namazy dogry kylan bolsa bu seždeler şeýtanyň daşlaşmasyna sebäp bolar.” (Buhary, Sehw 6-7)

Görşüňiz ýaly Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) “şübhesini goýsun-da kalbyna haýsy has ýakyn bolsa şony etsin” diýýär. Namazym kabul bolmady diýibem pikir etmäň. Enşalla Alla merhemedi bilen kabul eder. Köp okan bolsaňyz ol şepagatçy bolar, az okan bolsaňyzam Alla ony tamamlar. Ähli zat Allanyň elinde.

Içiňizde şeýle bir sorag döräp biler: “Was-wasy bolanym üçin içimde şübhe bar ahyryn, onda nädip takyk bilýän zadyma görä hereket edeýin?” Was-wasy bolup bilersiňiz emma dinizimiz nämäni ündeýän bolsa şony hem etmeli. “Enşalla bolandyr. Alla kabul etsin” diýip pikir ediňde säginmän dowam ediberiň. Mysal üçin täretde aýagyňyzy ýuwduňyz. “Ikinji aýagymy ýuwdummykam, hemme ýerine suw degdimikä?” diýip pikir etmäň-de dowam ediberiň, säginmäň, içiňizde şübhe bolmasyn. “Pygamberimiň öwredişi ýaly amal etdim, Alla kabul eder” diýip dowam ediberiň.

Her was-wasy bolaňyzda şeýdiberiň. “Ýok! Namazymy doly kyldym, täretimi dogry aldym. Alla kabul eder, Ol merhemetlidir.” diýip şeýtanyň planyny pozuň. Wagtyň geçmegi bilen enşalla şeýtanyň was-wasalary hem ýok bolar. Köpräk Fatiha, Felak we Nas sürelerini, Aýatul Kürsini okaň.

Şeýtanyň was-wasasasynyň esasy maksady adamyň umydyny ýok etmek. Ýagny adam bary-bir namazymam, täretimem kabul bolmaz diýip ybadatlary terk etmegini isleýär. Bu uly howpdyr. Sebäbi Allanyň merhemetinden diňe kapyrlar umydygär bolanok. Muslman bolsa eleninden gelenini eder, soňam Allanyň merhemedinden umydygär bolar. Söýgüli Pygamberimiziň beýanlary bilen “Musulmanyň niýeti amalyndan möhümdir.”

Garaz, was-wasy bolmaň. Was-wasa näçe üns berseňiz şol möçberdedem ulalar, çişer. Üns bermeseňiz bolsa eräp gider. Alla köprak doga-dileg ediň we şeýtandan Alla sygynyň.