Page 132 - Kurany Kerim Meali
P. 132

36. Diňe (kabul etmek üçin) gulak asanlar
               (bu  çakylyga)  jogap  bererler.  Ölüler
               (ýaly  hiç  zat  eşitmeýän  kapyrlary  bolsa)
               Alla  (soň)  direlder.  Soň  olar  Oňa  gaýdyp
               getiriler.

               37.  (Kapyrlar):  «Oňa  (Muhammede)
               Perwerdigärinden bir mugjyza inderilsedi!»
               diýdiler.  Sen  (olara):  «Takyk,  Allanyň
               (olaryň isleýişleri ýaly) mugjyza indermäge
               güýji  ýetýändir»  diýip  aýt.  Emma  olaryň
               köpüsi  (mugjyza  inensoň,  inkär  etseler,
               başlaryna geljek belany) bilmeýärler.

               38. Ýer ýüzünde (ýöreýän) her bir jandar,
               asmanda  iki  ganatyny  kakyp  uçýan  her
               bir guş hem edil siziň ýaly bir ymmatdyr
               (öz  dünýäleri  bardyr).  Biz  ol  kitapda
               (Lowhy-mahfuzda) ýazylman galan hiç zat
               goýmadyk. Soň (hemmeler) Perwerdigäriň
               huzuryna jemlenerler.
               Düşündiriş:  Lowhy-mahfuz  –  «Goralýan  tagta»
               manysynda  bolup,  Alla  tarapyndan  ähli  zatlaryň
               ýazgydy ýazylan Arşdaky mukaddes kitapdyr.

               39.  Biziň  aýatlarymyzy  ýalan  hasaplanlar
               tümlük  içinde  (galan)  kerler  we  lallardyr.
               Alla  islänini  azaşdyrar,  islänini-de  dogry
               ýola salar.
                                                             horluklar (mätäçlik) we (hassalyk ýaly)
               40.  (Eý,  Muhammet!)  Sen  (olara)  aýt:     kynçylyklar bilen jezalandyrdyk.
               «Hany maňa aýdyň! Eger-de size Allanyň
               azaby gelse ýa-da (kyýamat) sagady gelip      43.  Olar  hiç  bolmanda  Biziň  belamyz
               ýetse,  Alladan  özgäni  çagyrarsyňyzmy?!     (azabymyz) gelende ýalbarsadylar. (Olar
               Eger (butlaryňyz size kömek berýändigini      şony  hem  etmediler).  Sebäbi  olaryň
               aýtmakda)  dogruçyl  bolsaňyz  (çagyryň       ýürekleri  gatapdyr.  Şeýtan  hem  olaryň
               olary)!                                       edýän (erbet) işlerini özlerine gözel edip
                                                             görkezdi.
               41. Ýok! (Tersine), siz (butlara däl-de), diňe
               Oňa  (Alla)  ýalbararsyňyz.  Ol  hem  islese   44.  Olar  özlerine  berlen  öwütleri
               (halas  bolmak  üçin)  çagyran  zadyňyzy      unudansoňlar,        (olara      iberen
               (belany)  dep  eder  we  siz  (Alla)  goşan   kynçylyklarymyzy  aýryp)  öňlerinde
               şärikleriňizi unudarsyňyz.                    hemme  zadyň  (zowky-sapanyň  we
                                                             nygmatlaryň)  gapylaryny  açdyk.  Olar

               42.  Kasam  bolsun!  Biz  sizden  öňki        özlerine  berlen  zatlar  (ol  nygmatlar)
               ymmatlara      hem     ilçiler   iberipdik.   bilen şat bolan wagtlary, olary duýdansyz
               (Ilçilerimizi  inkär  edendikleri  sebäpli,   tutduk.  Olar  (hem  ähli  haýyrlardan)
               Bize)  ýalbaryp  ýakarmaklary  üçin  olary    umytlaryny ýitirdiler.


                                                                                                 133
   127   128   129   130   131   132   133   134   135   136   137