Page 127 - Kurany Kerim Meali
P. 127

Ynsanlara:  «Meni  we  ejemi  Alladan
                                                       gaýry  özüňize  hudaý  ediniň»  diýen
                                                       senmi?»  diýdi.  Ol  (Isa):  «Seni  tesbih
                                                       edýärin    (Sen   ähli   kemçiliklerden
                                                       päksiň)! Hakym (ygtyýarym) bolmadyk
                                                       zady aýtmak maňa gelişmez. Eger men
                                                       ony  diýen  bolsam,  Sen  ony  (hökman)
                                                       bilerdiň.  (Çünki)  Sen  meniň  içimdäkini
                                                       hem  bilýärsiň.  (Emma)  men  Seniň
                                                       barlygyňdakyny bilmeýärin. Takyk, Sen
                                                       gaýypdakylary doly bilýänsiň!

                                                       117.    Men     olara   diňe:   «Meniň
                                                       Perwerdigärim we siziň Perwerdigäriňiz
                                                       bolan  Alla  ybadat  ediň!»  diýip,  Seniň
                                                       maňa (aýtmagymy) emir eden zadyňdan
                                                       başga  (hiç)  zat  aýtmadym.  Men  olaryň
                                                       arasynda bolan (ýaşan) wagtym olara (ters
                                                       sözleri  aýtmazlary  ýaly)  şaýat  boldum.
                                                       Sen  meni  (asmana)  galdyranyňdan  soň
                                                       bolsa,  olara  Sen  gözegçilik  etdiň.  Sen
                                                       hemme zada (doly) şaýatsyň!


          114.  (Olaryň  bu  haýyşyna)  Merýem         118.  Eger  olara  azap  berseň,  takyk,
          ogly  Isa  (dileg  edip):  «Eý,  Allam!      olar  Seniň  bendeleriňdir.  Eger  olary
          Eý,  Perwerdigärimiz!  Bize,  biziň          bagyşlasaň,    takyk,    Sen    Gudraty
          öňkülerimize we biziň soňkularymyza          güýçlüsiň, hikmet eýesisiň!» diýdi.
          bir  baýram  we  Seniň  (gudratyňa)
          bir alamat bolar ýaly, bize asmandan         119. Alla: «Ine, bu (gün) dogruçyllaryň
          bir  supra  inder!  Bize  rysgal  ber.       dogruçyllyklarynyň     peýda     berýän
          (Çünki)  Sen  rysgal  berýänleriň  iň        günüdir.  Olar  üçin  aşagyndan  derýalar
          haýyrlysysyň» diýdi.                         akýan  jennetler  bardyr.  Olar  ol  ýerde
                                                       ebedi galarlar. (Çünki) Alla olardan razy
          115.  (Şonda)  Alla:  «Takyk,  Men           bolandyr,  olar  hem  Ondan  (Alladan)
          size  ony  (suprany)  indererin.  Emma       razy bolandyrlar. Ine, bu uly üstünlikdir»
          (ondan)  soň  sizden  kim  (Meniň  ähli      diýdi.
          zada  güýjümiň  ýetýändigini)  inkär
          etse, Men oňa älem-jahanda hiç kime          120.    Asmanlardaky,     ýerdäki    we
          bermedik azabym bilen azap bererin»          olaryň  içindäki  (ähli)  zadyň  mülki
          diýdi.                                       (hökmürowanlygy) Allanyňkydyr. Onuň
                                                       (Allanyň) ähli zada güýji ýetýändir.
          116.  Alla:  «Eý,  Merýem  ogly  Isa!


                                                                                        128
   122   123   124   125   126   127   128   129   130   131   132