Page 16 - Kurany Kerim Meali
P. 16

102.  Olar  (ýahudylar)  Süleýmanyň
                hökümdarlyk  (döwründe)  şeýtanlaryň
                okap beren zatlaryna (jadylaryna) tabyn
                boldular.  Süleýman  (hiç  haçan  jady
                edip)  kapyr  bolmady.  Emma  şeýtanlar
                (ynsanlara) jadygöýligi hem-de Harut we
                Marut (atly iki perişdä) Babylda inderilen
                zady  öwredip,  kapyr  boldular.  Emma
                olaryň (Harut we Marut) ikisi: «Biz diňe
                synag üçin iberildik, siz (ýalňyş ynanyp)
                kapyr  bolmaň!»  diýmezden,  (jady
                ylmyny) hiç kime öwretmeýärdiler. Olar
                (jadygöýler)  olaryň  ikisinden  är-aýalyň
                arasyny  açýan  zady  öwrendiler.  Emma
                olar (jadygöýler) Alladan bidin ol (jady)
                bilen  hiç  kime  zyýan  berip  bilmezler.
                Olar  özlerine  peýdasy  bolmadyk,  diňe
                zyýany  bolan  zatlary  öwrenýärdiler.
                Kasam bolsun! Olar ony (jadyny) satyn
                alanyň ahyretden nesibesiniň ýokdugyny
                bilýärdiler. Özlerine derek satan zatlary
                nähili erbet zatdyr! Eger (olar) muňa göz
                ýetirsediler, (beýle etmezdiler)!


                Düşündiriş: Allanyň emri bilen Harut we Marut
                atly  iki  perişde  ynsan  keşbinde  jadygöýligiň
                giňden  ýaýran  ýeri  bolan  Babyl  şäherine
                iberilýärler.  Bu  perişdeler  hem  adamlara
                jadygöýligiň  erbetligi  barada  wagyz-nesihat
                edipdirler.  Emma  Allanyň  hikmeti  bilen  olara
                käbir  zatlary  hem  öwredipdirler.  Şeýle-de   ediň!»  manysynda  pygamberimize  «Ragynä»
                ýahudylar  Süleýman  pygamberi  Allanyň  ilçisi   diýýärdiler.  Bu  sözüň  ýahudylaryň  dilinde
                däl-de, bir jadygöý hasaplapdyrlar.          sögünç  manysy  bardy.  Olar  pygamberimize  öz
                                                             dillerindäki erbet manyny göz öňünde tutup, bu
                                                             söz bilen ýüzlenip başladylar. Munuň netijesinde
                103. Eger olar (ýahudylar) iman getirip,     hem  musulmanlara:  «Ragynä»  diýmäň,  oňa
                (özlerini  erbet  işlerden)  saklasalardy,   derek  şol  manyny  aňladýan  «Unzurnä»  diýiň»
                elbetde,  Alla  tarapyndan  (beriljek)       diýlip aýdyldy.
                az  sogap  hem  (olar  üçin)  has  haýyrly
                bolardy. Eger (olar) muňa göz ýetirsediler   105.  (Eý,  iman  getirenler!)  Ähli-
                (iman getirerdiler)!                         kitapdan    bolan     kapyrlaryň    we
                                                             (Alla)  şärik  goşýanlaryň  (hiç  haýsy)

                104.    Eý,    iman    getirenler!   Siz     Perwerdigäriňizden  size  bir  haýyr
                «Ragynä»  diýmäň,  «Unzurnä»  diýiň          (wahyý)  inderilmegini  islemezler.  Alla
                we  (aýdylanlara)  gulak  asyň!  (Elbetde)   Öz rahmetini islänine degişli eder (berer).
                kapyrlara jebir-jepaly azap bardyr.          Alla uly pazly-kereme eýedir.


                Düşündiriş:   Pygamberimiz   musulmanlara    Düşündiriş:  Ähli-kitap  –  özlerine  asmandan
                wagyz-nesihat  edende,  olar:  «Eý  Allanyň   kitap  iberilen  kapyrlar.  Kurany  Kerimde  ähli
                                                             kitap  diýlende  ýahudylar  we  nasranylar  göz
                ilçisi!  Biziň  gowy  düşünmegimiz  üçin  tagapyl   öňünde tutulýar.

                                                                                                   17
   11   12   13   14   15   16   17   18   19   20   21