Page 18 - Kurany Kerim Meali
P. 18
113. Ýahudylar: «Nasranylar (dogry
bolan) hiç zatda (dinde) däldir» diýdiler.
Nasranylar bolsa: «Ýahudylar (dogry
bolan) hiç zatda (dinde) däldir» diýdiler.
(Ýogsa) olar kitap (Töwrat we Injil)
okaýarlar. (Kitaby okap) bilmeýänler
hem (özaralarynda) olaryň sözlerini
aýdýarlar. Bes, Alla olaryň çaprazlyga
düşen bu ýagdaýlary hakda kyýamat
gününde höküm berer.
114. Allanyň metjitlerinde Onuň
(Allanyň) adynyň agzalmagyna päsgel
bolýan we olary ýykmak üçin tagalla
edýän (kişiden) has zalym kim bolup
biler? Olar ol ýerlere (metjitlere) diňe
gorky bilen girip bilerler. Olara bu
dünýäde ryswalyk, ahyretde bolsa uly
azap bardyr.
117. (Ol) asmanlaryň we ýeriň ýokdan
115. Gündogar-da Allanyňkydyr, bar edijisidir. Ol bir işiň amala aşmagyny
Günbatar-da. Siz haýsy tarapa öwrülseňiz islese, oňa «Bol!» diýer. Ol (hem) dessine
hem Allanyň ýüzi (razylygy) şol ýerdedir. (peýda) bolar.
Takyk, Allanyň (rahmeti) giňdir we (ähli
zady) bilýändir. 118. (Hakykaty) bilmeýänler: «Alla
biziň bilen gepleşsedi ýa-da bize (seniň
116. Olar: «Alla perzent edindi» diýdiler. pygamberligiňi tassyklaýan) bir aýat
(Alla) Özüni ähli kemçiliklerden päk (mugjyza) gelsedi» diýdiler. Bulardan
edendir. Elbetde, asmanlardaky we öňküler hem bularyňky ýaly sözleri
ýerdäki ähli zat Onuňkydyr. Ähli zat Oňa aýtdylar. Olaryň (kejirlikde) kalplary
tabyndyr. (düşünjeleri) biri-birine meňzeşdir.
Elbetde, Biz anyk ynanmak isleýänler
Düşündiriş: Ýahudylar «Uzeýr pygamber üçin aýatlary doly beýan etdik.
Allanyň ogludyr», nasranylar bolsa «Isa
pygamber Allanyň ogludyr», butparazlar hem 119. Takyk, Biz seni Hak (Kuran) bilen
«Perişdeler Allanyň gyzlarydyr» diýdiler. Bu
aýatda bular inkär edilýär. buşlaýjy we duýduryjy edip iberdik.
Dowzahylar (näme) üçin (ynanmady
diýlip) senden (hasap) soralmaz.
19