Page 187 - Kurany Kerim Meali
P. 187
2. (Eý, Alla şärik goşýanlar) Siz şu günden
başlap‚ dört aýyň dowamynda ýeriň
ýüzünde isleýşiňiz ýaly gezip bilersiňiz.
Şuny welin bilip goýuň! Siz Alladan hiç
haçan gaçyp gutulyp bilmersiňiz we Alla
kapyrlary ryswa (masgara) eder.
3. Beýik haj güni Allanyň we Onuň
ilçisiniň (adyndan) ynsanlara şuny yglan
ediň: «Alla we Onuň ilçisi (Alla) şärik
goşýanlardan daşdyr. Elbetde‚ (Alla şärik
goşmakdan) toba edip‚ Allanyň birligine
ymtylsaňyz‚ bu siziň üçin has haýyrlydyr.
Siz Allanyň elinden gutulmajakdygyňyzy
gowy biliň! Kapyrlara elhenç bir azap
beriljekdigini habar ber!
4. Emma özleri bilen şertnama
baglaşanyňyzdan soň‚ şertleri doly
ýerine ýetiren we siziň garşyňyza
duşmanlaryňyza kömek bermedik
(Alla şärik goşanlar) bu hökümiň
daşyndadyrlar. Bular bilen şertnamanyň
wagty gutarýança‚ onuň şertlerini doly
berjaý ediň! Alla Özüne garşy gitmekden
9-njy süre: Toba (ähti-peýmanyny bozmakdan) saklanan
takwa kişileri söýýändir.
«Toba» süresi Medinede inen sürelerden bolup,
ol 129 aýatdan ybaratdyr. Süräniň 104-nji aýaty 5. Haram (söweş etmeklik gadagan)
toba bilen baglanyşykly bolandygy üçin sürä aýlar geçensoň‚ (Alla) şärik goşanlary
bu at berlipdir. «Toba» süresi Kurany Kerimde
«Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- nirede görseňiz (tutsaňyz) öldüriň! Olary
şepagatly) Allanyň ady bilen» diýip başlanmaýan tutup ýesir alyň‚ olaryň geçip biljek ähli
ýeke-täk süredir. Pygamberimiziň bu süräniň geçelgelerini saklaň! Eger toba edip‚
başyna «Bismilläniň» ýazdyrmazlygynyň sebäbi namaz okap‚ zekat berseler, olary erkine
hem bu süräniň Allanyň duşmanlara duýduryş goýberiň! Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr,
berip başlaýandygy bilen baglanyşdyrypdyr. Bu
süre okalyp başlanda, diňe şeýtanyň şerinden Rehim-şepagatlydyr.
Alla sygnylyp başlanylýar.
6. Eger (Alla) şärik goşanlaryň biri
(Daşlanylyp kowlan şeýtanyň şerinden senden aman, hemaýat (pena) sorasa,
Alla sygynýaryn) sen onuň haýyşyny kabul et! Goý‚ ol
Allanyň kelamyny (Kurany) diňlesin
1. (Bu) Alladan we Onuň ilçisinden (pikirlensin)! (Soň gelşi ýaly) ony
özleri bilen şertnama baglaşan (Alla) howpsuz ýere ugrat! Çünki olar bilmeýän
şärik goşanlara (iň soňky) duýduryşdyr! kowumdyr.
188