Page 186 - Kurany Kerim Meali
P. 186

70. Eý‚ pygamber! Elleriňizdäki ýesirlere
                aýt: «Eger Alla siziň kalplaryňyzda haýyr
                (ýagşy niýet‚ iman we yhlasa ymtylyşy)
                görse,  sizden  alnan  fidýelerden  has
                haýyrlysyny  size  berer  we  günäleriňizi
                bagyşlar.  Çünki  Alla  Bagyşlaýjydyr‚
                Rehim-şepagatlydyr».


                71.  Eger  saňa  hyýanat  etmek  isleseler‚
                berk bilsinler‚ olar öň hem Alla hyýanat
                edipdiler.  Alla  olaryň  garşysyna  saňa
                mümkinçilik we kuwwat berip‚ soňunda
                olary seniň eliňe düşürdi. Alla ähli zady
                bilýändir‚ hikmet eýesidir.

                72. Iman getirip‚ Allanyň ýolunda hijret
                (göç) edenler‚ emläkleri we janlary bilen
                söweşenler we olara arka çykan ensarlar
                (medineli musulmanlar), ine‚ olar birek-
                biregiň    dostlarydyr    (biri-birleriniň
                mirasdüşerleridir).  Iman  getirip‚  hijret
                (göç) etmeýänler bolsa‚ olar hijret (göç)
                edýänçäler, size olaryň mirasyndan paý
                ýokdur.  Eger  olar  din  barada  ýardam     dünýäde pitne gopar‚ elhenç bozgaklyk‚
                                                             bulam-bujarlyk ýüze çykar.
                isleseler‚  siziň  bilen  şertnamasy  bolan
                başga  kowumyň  garşysyna  bolmasa‚
                kömek  etmek  siziň  borjuňyzdyr.  Alla      74.  Iman  getirip‚  hijret  (göç)  edenler‚
                siziň etjekleriňizi bolşy ýaly görýändir.    Allanyň  ýolunda  söweşip‚  olara  gujak
                                                             açyp    ýardam    berenler   (ensarlar),
                Düşündiriş:  Möminleriň  622-nji  ýylda  Medinä   ine‚  hakyky  möminler  şolardyr.  Olar
                göçmekleriniň  yz  ýanynda  hezreti  pygamber   ýalkanarlar   we   rysgallaryny   hem
                aleýhissalam  göç  edenler  (muhajyrlar)  bilen   bimöçber berler.
                olara  ýardam  berenleriň  (ensarlaryň)  arasynda
                dogan okaşdyrýar. Olar biri-birlerine mirasdüşer
                bolýarlar. Emma soň inderilen bu süräniň 75-nji   75. Mundan öň iman getirip‚ hijret (göç)
                aýaty bu doganlygyň miras bilen bagly hökümini   edenler‚ siziň bilen bilelikde söweşenler‚
                ýatyryp‚  diňe  ýakyn  hossarlaryň  biri-birine   ine‚ şolar hem siziň bilen deňdir. Allanyň
                mirasdüşer bolup biljekdigini görkezýär.     hökümine  görä‚  (dogan  okaşanlar  däl-
                                                             de)  ýakyn  dogan-garyndaş  bolanlar
                73.  Dini  inkär  edenler  biri-birlerine    biri-birlerine  mirasdüşer  bolmaga  has
                dostdurlar  (arka  çykarlar).  Eger  siz     laýykdyrlar.  Takyk,  Alla  ähli  zady
                hem  biri-biriňize  goldaw  bermeseňiz‚      eşidýändir, bilýändir.


                                                                                                 187
   181   182   183   184   185   186   187   188   189   190   191