Page 226 - Kurany Kerim Meali
P. 226

38.    Ol   (Nuh)    gämi    ýasaýardy.
                Kowumynyň  ekabyrlary  her  geçende
                ony  masgaralaýardylar.  (Nuh):  «Eger
                bizi  masgaralasaňyz,  biz  hem  hökman
                siziň  masgaralaýşyňyz  ýaly  (sizi)
                masgaralarys.


                39. Tiz wagtda ryswa ediji azabyň kime
                geljegini  we  (kimiň)  üstüne  hemişelik
                azabyň injegini bilersiňiz» diýdi.

                40.  Ahyryn,  emrimiz  gelip  gazan
                gaýnanda  (suw  çogup  ugranda,  Nuha):
                «Oňa (gämä) her (janlydan) iki (sanydan)
                jübüt (edip) ýükle we (gark boljakdygy
                barada)  höküm  çykan  kişilerden  başga
                galan maşgalaňy we iman getiren kişileri
                (gämä mündür» diýdik. Onuň bilen iman        buýrugyndan aman galjak ýokdur. Diňe
                getiren (adam) örän azdy.                    (Onuň) rehim edeni (aman galar)» diýdi.
                                                             Ikisiniň arasyna tolkun girdi we (Nuhuň
                41.  (Nuh):  «Oňa  (gämä)  münüň!  Onuň      ogly hem) gark edilenlerden boldy.
                ýüzmegi-de,     durmagy-da      Allanyň
                ady  bilendir.  Takyk,  Perwerdigärim        44.  (Soň):  «Eý,  ýer,  suwuňy  ýuwut!
                Bagyşlaýjydyr,     Rehim-şepagatlydyr»       Eý, asman, (ýagyşyňy) bes et!» diýildi.
                diýdi.                                       Emir berjaý edildi we suw azaldy. (Gämi
                                                             bolsa)  Judy  (dagynyň)  üstüne  oturdy.
                42. Ol (gämi) olary daglar ýaly tolkunlaryň   (Şonda):  «Zalym  kowum  ýok  bolsun!»
                arasy bilen alyp barýarka, Nuh bir çetde     diýildi.
                galan ogluna: «Eý, oguljygym! Biz bilen
                (sen  hem  gämä)  mün,  kapyrlar  bilen      45. Nuh Perwerdigärine ýalbaryp: «Eý,
                bolma!» diýip ýüzlendi.                      Perwerdigärim!  Elbetde,  oglum  meniň

                                                             maşgalamdandyr      hem-de,   şübhesiz,
                43. Ol (Nuhuň ogly): «(Ýok, men) meni        Seniň  wadaň  hakdyr.  Sen  iň  haýyrly
                suwdan  gorap  saklajak  daga  sygnaryn»     Höküm ýöredýänsiň!» diýdi.
                diýdi.  (Nuh):  «Bu  gün  Allanyň

                                                                                                 227
   221   222   223   224   225   226   227   228   229   230   231