Page 228 - Kurany Kerim Meali
P. 228

54, 55. Ýöne biz: «Saňa hudaýlarymyzyň
                biri musallat bolupdyr diýip hasaplaýarys»
                diýdiler.  (Hud):  «Elbetde,  men  (bu
                barada) Allany şaýat tutunýaryn we (siz
                hem  maňa)  şaýat  boluň.  Takyk,  men
                siziň Alladan gaýry (Oňa) şärik goşýan
                zatlaryňyzdan  daşdyryn.  Indi  bolsa  (siz
                we  medet  gözleýän  hudaýlaryňyz)  jem
                bolup,  maňa  (garşy)  duzak  guruň!  Soň
                hem maňa garaşyk etmäň!

                56.  Şübhesiz,  men  diňe  meniň  hem,
                siziň hem Perwerdigäriňiz bolan Alla bil
                bagladym. Hereket edýän zatlardan alyn
                saçy (jylawy, ygtyýary, eýeçiligi) Onuň
                elinde bolmadyk hiç zat ýokdur. Takyk,
                meniň  Perwerdigärim  (diňe)  dogry
                (zatlary ündär).

                57.  Eger  ýüz  öwürseňiz  (bilip  goýuň),
                men  size  (ýetirmek  maksady  bilen)
                iberilen  zadymy  size  anyk  ýetirdim.
                Perwerdigärim     (sizi   heläk   edip)
                deregiňize başga kowumy getirer hem-de
                siz Oňa hiç bir zyýan ýetirip bilmersiňiz.
                Takyk,  meniň  Perwerdigärim  her  bir
                zada gözegçilik edýändir» diýdi.

                58.  Buýrugymyz  (azap)  gelende,  Hudy
                we  onuň  bilen  bile  iman  getirenleri
                Bizden  (gelen)  rehimdarlyk  saýasynda      dogany Salyhy (pygamber edip iberdik.
                halas etdik. Biz olary agyr azapdan halas    Salyh):  «Eý,  kowumym!  Siziň  üçin
                etdik.                                       Özünden  başga  (ybadata  laýyk)  hudaý
                                                             bolmadyk  Alla  ybadat  ediň!  Ol  sizi
                59. Ine, şu ad kowumy öz Perwerdigäriniň     toprakdan ýaratdy hem-de ol ýerde size
                aýatlaryny  inkär  etdiler  we  Onuň         ömür  sürdürdi.  Ondan  (günäleriňiziň)
                (Allanyň)  ilçilerine  (garşy  gelip)  asy   geçilmegini  soraň,  soň  Oňa  toba  ediň!
                (günäkär) boldular. Olar her bir özdiýenli   Takyk,  meniň  Perwerdigärim  ýakyn
                sütemkärlere eýerdiler.                      (hossardyr) we (dilegleri) kabul edijidir»
                                                             diýdi.
                60.  (Olar)  hem  bu  dünýäde,  hem
                kyýamat  gününde  nälet  aldylar.  Bilip     62.  Olar:  «Eý,  Salyh!  Mundan  ozal
                goýuň!  Takyk,  ad  (kowumy)  özleriniň      sen  biziň  aramyzda  (baş  bolar  diýlip)
                Perwerdigärini  inkär  etdiler.  Ýene-de     tama  edilýän  adamdyň.  Sen  bize  ata-
                bilip  goýuň!  Huduň  kowumy  ad  hem        babalarymyzyň  ybadat  eden  zatlaryna
                (Allanyň rahmetinden) daş düşdi.             ybadat etmegimizi gadagan edýärsiňmi?
                                                             Takyk,  biz  özüne  çagyrýan  zadyňdan
                61.  (Biz)  semud  kowumyna  olaryň          örän şübhelenýäris» diýdiler.


                                                                                                 229
   223   224   225   226   227   228   229   230   231   232   233