Page 230 - Kurany Kerim Meali
P. 230

72.  Ol:  «Eý  waý,  men-ä  bir  kempir,
                ärim  bolsa  garran,  (indiden  soň  çaga)
                dograrynmy? Dogrusy, bu juda geň zat!»
                diýdi.


                73.  (Perişdeler):  «Allanyň  işine  geň
                galýarsyňmy?  Eý,  öý  eýeleri!  Size
                Allanyň  rahmeti  we  bereketi  bolsun!
                Elbetde,  Ol  öwgä  mynasypdyr,  şan-
                şöhraty beýikdir» diýdiler.

                74. Ybraýymdan gorky gidip, oňa buşluk
                gelende, (ol) biziň (perişdelerimiz) bilen
                Lut kowumy barada jedelleşip (gürleşip)
                başlady.


                75.  Çünki  Ybraýym  örän  ýumşak
                häsiýetli, (Alladan gorkup, iliň agysyna
                ýüregi awap) ah çekýän, (Alla) ýönelýän
                (ybadathon bendedi).

                76.  (Perişdeler):  «Eý,  Ybraýym!  Bu
                (jedeli)  goý!  Çünki  Perwerdigäriň
                permany  geldi.  Takyk,  olara  yzyna
                gaýtaryp bolmaýan azap geler» diýdiler.
                                                             isleýänimizi  örän  gowy  bilýärsiň!»
                77.  Ilçilerimiz  Luta  gelenlerinde,  (Lut)   diýdiler.
                olaryň  (gelmegi)  bilen  gaýga  düşdi,
                ýüregi darykdy hem-de: «Bu örän agyr         80.  (Şonda  Lut):  «Käşgä,  meniň  size
                gündür» diýdi.                               güýjüm  ýetýän  bolsady  ýa-da  mäkäm
                                                             bir  sütüne  (adama  ýa-da  bir  topara)
                78.  (Lutuň)  kowumy  onuň  ýanyna           sygynsadym» diýdi.
                ylgaşyp  geldiler.  Olar  öňden  bäri  günä
                (beçebazlyk)  edýärdiler.  (Lut):  «Eý,      81. (Perişdeler): «Eý, Lut! Şübhesiz, biz
                kowumym!  Ine,  şular  meniň  gyzlarym.      seniň  Perwerdigäriň  ilçileridiris.  Olar
                (Beçebazlyk  etmäň,  gyzlarymy  nikalap      hiç haçan saňa (zyýan ýetirip) bilmezler.
                alyň) olar siziň üçin has päkdir. Alladan    (Şu)  gijäniň  bir  böleginde  maşgalaň
                gorkuň! Myhmanlarymyň ýanynda meni           bilen derrew ýola çyk. Aýalyňdan başga
                masgara  etmäň!  Araňyzda  birjigem          siziň araňyzdan hiç kim yza dolanmasyn.
                akylly-başly adam ýokmudyr?!» diýdi.         Şübhesiz, olaryň başyna injek zat (azap),
                                                             onuň  (aýalyň)  başyna  hem  iner.  Olara
                79. Olar: «(Eý, Lut!) Takyk, biziň seniň     wada berlen wagt säher wagtydyr. Säher
                gyzlaryňda  hakymyzyň  (gözümiziň)           wagty ýakyn dälmidir eýsem?!» diýdiler.
                ýokdugyny  bilýärsiň.  Sen  biziň  näme

                                                                                                 231
   225   226   227   228   229   230   231   232   233   234   235