Page 248 - Kurany Kerim Meali
P. 248
104. Sen muňa (Kurandan okaýan
öwüt-nesihatyňa derek) olardan hak
soramaýarsyň. Ol (Kuran) älemler üçin
öwüt-ündewden başga (zat) däldir.
105. Asmanlarda we ýerde (Allanyň
barlygyny) görkezýän ençe aýatlar
(alamatlar) bardyr. (Ynsanlar) olaryň
ýanyndan ýüz öwrüp, (gapyllykda)
geçerler.
106. Olaryň köpüsi iman getirmezler,
diňe Alla şärik goşan halda iman
getirerler. (Allanyň Ýaradyjy, Rysgal
beriji we özlerini Goraýjydygyny ykrar
etseler-de, ybadatlarynda Ondan gaýryny
şärik goşarlar).
107. Olar Allanyň gurşap alyjy
azabynyň geljeginden ýa-da duýman
durkalar birdenkä kyýamatyň
geljeginden (howatyrlanman) arkaýyn
(hatyrjemmikäler)?
108. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Ine, meniň 110. Pygamberler (Allanyň adamlary
ýolum budur. Men we maňa eýerýänler, dogry ýola saljagyndan) umytlaryny üzüp,
biz aýdyň (kesgitli deliller, Allanyň özleriniň ýalan hasaplanjakdyklaryny
inderen ylmy, hikmeti hem parasatlylygy) bilenlerinde, olara Biziň kömegimiz
bilen Alla (Allanyň ýoluna) çagyrýarys. gelip ýetdi. Biz islän kişimizi halas
Alla ähli kemçiliklerden päkdir. Men ederis. (Ýöne) günäkär kowumdan Biziň
Alla şärik goşanlardan däldirin». azabymyz hergiz yzyna gaýtarylmaz.
109. (Eý, Muhammet! Biz) senden 111. Takyk, olaryň (pygamberleriň)
öň hem şäher (oba) ilatyndan kyssalarynda akyl eýeleri üçin ybrat
bolan adamlara wahyý iberdik. bardyr. (Bu Kuran) toslanan bir söz
Olar ýer ýüzünde aýlananlarynda, däldir. Tersine, özünden öňküleri
özlerinden öňki kişileriň soňunyň (Töwraty, Zebury, Injili) tassyklaýjy, ähli
nähili bolanyny görmeýärlermikä? zady düşündiriji, iman getiren kowum
Elbetde, (Alladan) gorkýan kişiler üçin üçin dogry ýoly görkeziji we rahmet
ahyret ýurdy haýyrlydyr. Akylyňyzy bolan (kitapdyr).
ulanmaýarsyňyzmy?
249